Garagum sährasy gyşdyr ýazyň sepgidinde üýtgeşik bir keşbe girýär. Türkmeniň göwni ýaly giň sähranyň gyşky gözelligi hakda Garagum sährasyndaky obalarda iş saparynda bolan kärdeşlerimiň beren gürrüňleri mende şol gözellikleri ýakyndan synlamak, Garaguma gidip görmek höwesini döretdi. Ol ýerleriň gözelligini, aýratyn hem «Garagum ýalkymy» diýlip atlandyrylýan künjegi görmegi arzuw edýärdim. «Arzuwlaryň ganaty bar» diýleni. Kärdeşimiz, telealypbaryjy Nowruz Güýjowyň teklibi bilen iki paslyň sepgidinde, şenbe güni, günüň ikinji ýarymynda Garaguma tarap ýola düşdük. Ýolbeledimiziň egnindäki lybasyny synlap: «Agam, siz Garagumda işleýäňizmi?! Lybasyňyzyň reňki gum reňkine meňzeş» diýip, soranymam şoldy welin, ol: «Hawa, indi on ýyldan gowrak wagt bäri «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň «Merkezi Garagum (Zäkli-Derweze) gaz-kondensat käni» şahamçasynda işleýärin» diýip, Wepa aga özi bilen tanyşdyrdy.
Ýol külterlendigiçe sähra gözellikleri artyp başlady. Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak, Ýerbent obalaryndan geçenimizden soňra, Wepa aga: «Oglanlar, men size «Garagum ýalkymyndan» öňürti başga bir täsinligi görkezeýin» diýip, barýan ýolumyzdan ulagyň ýüzüni günbatara öwürdi.
— Siziň bu görýän oýuňyza şu töweregiň ilaty «Şyhyň çukury» diýýär. Onlarça ýyl mundan ozal bu ýerde buraw işleri geçirilen. Görýän oýuňyzdaky suw hem burawlananda çykypdyr. Suwuň düzüminde gaz bar — diýip, sözüne dyngy berdi.
Ýolbeledimiz Garagumda şular ýaly oýuň ýene ikisiniň bardygyny aýtdy. Az salymdan soň, ikinji oýa tarap ýola düşdük. On minut çemesi ýol geçenimizden soň, şol ýere bardyk. Bu ýerde hem buraw işleri geçirilipdir. Onuň beýlekilerden tapawutly tarapy, onda suwuň bardygyna garamazdan tebigy gazyň netijesinde ot ýanyp dur. Teleoperator Yhlas Baýramgylyjow: «Ine, gudrat. Tebigatyň oýny kän. Gudrat görmekçi bolsaň, daglara barmalydygyny aýdýarlar. Ýöne şeýle gudratlar Garagumda hem köp eken. Garagum üsti hem asty genji-hazynaly mekan. Eýlesine-beýlesine göz ýetmeýän, baharda dürli gülli otlardan ýaşyl begres geýýän türkmen sährasynyň owadanlygyndan ganmak asla mümkin däl» diýdi.
«Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň «Merkezi Garagum (Zäkli-Derweze) gaz-kondensat käni» şahamçasynyň hünärmenleriniň ýaşaýan ýerlerine — «gazçylar obajygyna» bardyk. Ulagdan düşen badymyza bu şahamçanyň başlygy Berdi Mämmedow: «Garaguma hoş geldiňiz, ýigitler!» diýip, güler ýüz bilen garşylady. Tüweleme, bu ýerde zähmet çekýän işçiler üçin döredilen mümkinçiligi, olaryň işden aryp gelenlerinde, dynç almaklary üçin döredilen şertleri synlap göwnüň galkynýar.
Çaýdan soňra «Garagum ýalkymyna» tarap ýola düşdük. Gum depeleriniň içi bilen on kilometre golaý ýol geçenimizden soňra, Günüň gyzaryp duran şapagy ýaly ýagtylyk göründi. Kärdeşim Muhammet Bekgiýewiň: «Wepa aga, barmaly menzilimize näçe wagt galdyka?!» diýen sowalyna sürüji: «Ine, oglanlar şu täsinlige «Garagum ýalkymy» diýilýär» diýip, diýilýän ýere gelenimizi duýdurdy. Gyzan tamdyra meňzäp duran bu täsinligi görüp, onuň gazetdir žurnallardaky makalalary okanyňdaky täsirinden has üýtgeşikdigine göz ýetirdik. Ulagdan düşen badyma geň galmadan ýaňa esli wagt duran ýerimde ody synlap durupdyryn. Bu künjegiň gijeki gözelligini diýsene! Bu künjek daşary ýurtlardan gelýän myhmanlary hem özüne çekýär. Şonuň üçin ýylyň ähli paslynda bu ýere gelýän myhmanlaryň sany egsilenok.
Üç sagada golaý ot başynda söhbet gurap oturanymyzdan soň, ýekşenbe güni dogup gelýän Güni hem oduň başynda garşylamak niýeti bilen ýene «gazçylaryň obajygyna» dolandyk. Ertesi gün daň saz beren badyna ýene-de ugrumyz «Garagum ýalkymyna» tarap boldy. Baranymyzdan soň, Ilaman Günüň dogup gelýän pursadyny surata düşürip başlady. Owadan pursatlar. Işine yhlas bilen ýapyşýan adamyň gözelligi görşem, duýşam üýtgeşik bolýan bolarly.
Jahan ýagtylandan soň, sähra aýlanyp başladyk. «Garagum ýalkymynyň» ýanynda iki hatar bolup oturan ak öýleri görenimizde, milli gymmatlyklarymyzyň sarpalanmagyna döredilýän mümkinçilikleriň geriminiň artýandygyna göz ýetirdik. Bilşimiz ýaly, Gahryman
Arkadagymyz ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, olary ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň Mary hem-de Ahal welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi, häzirki wagtda beýleki welaýatlarda hem şeýle binanyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy bu hakykatyň müňden bir mysaly.
2018-nji ýylyň güýzünde ýurdumyzda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi geçirildi. Elbetde, bu awtoralli Garagum sährasynyň üstünden geçipdi. Halkara ýaryşa gatnaşyjylaryň «Garagum ýalkymynda» düşländiklerini bilýäris. Bu düşelgede bolan myhmanlar türkmen tebigatynyň bu täsinligini dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz edipdiler. Bu bolsa ýurdumyza syýahata gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagyna ýardam berýär.
Garagumda çäge gerişlerini we depelerini bezäp oturan birýyllyk otjumak ösümlikler we sazak, çerkez, gandym, borjak, sözen ýaly pürli agaçlar bu ýerde dowardarçylygyň we düýedarçylygyň giňden ýaýramagyna oňaýly şert döredýär. Şol sebäpli Garagum sährasy ýurdumyzyň esasy öri meýdany bolup hyzmat edýär we ol ýerde mallar tutuş ýylyň dowamynda bakylýar.
Garagumuň çägeleri çal, mele, ak, gara we garamtyl-sary reňklidir. Bu çägeler kwars, kremniý ýaly dürli minerallara örän baýlygy üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynda oňa örän uly ähmiýet berlip, gurluşyk we gurluşyk materiallary senagatynda giňden ulanylýar. Hormatly Prezidentimiziň iki ýyl mundan ozal ak pata bermegi bilen açylyp ulanylmaga berlen «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda hem Garagumuň çägesi giňden ulanylýar…
«Barylmadyk ýerlerde eşidilmedik gep bar» diýilýär. Garagumda haýran galdyran zatlaryň biri-de, ýerli ilatyň çöl tebigatynyň alamat-nyşanlaryny — ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenip, bu sähranyň syryny aňyp bilýändikleri boldy.
Hawa, türkmen öz ülkesiniň tebigatynyň syrlaryny okap bilen we bilýän halk. Il içinde onuň şeýledigine güwä geçýän aýtgylar, tymsallar köp. Ine, şolaryň birinde şeýle diýilýär.
Çöl bilen dag-deräniň çäkleşýän ýerinde agyr dowar sürüsi agyp-dönüp otlap ýören eken. Şonda ýaşuly çopan: «Ýagyş ýagjag-ow» diýip, sürini çöl etegine sürmegi buýran. Onuň bu sözüne beýleki çopan-çoluklary birbada pitiwa etmeselerem, «Ýaşuly çopanyň aýdany aýdan, diýeni diýen bolmaly» diýen akyldan ugur alyp, pese sürenler. Sebäbi şol pursat asman dury ekeni, ýekeje-de bulut ýok diýýär. Birdenem, bir ýerlerden bulut gelip, daş-töweregi suw-sil edip, ýagyş ýagypdyr. Ýagyş suwy baýyrlardan ýol salypdyr. Süri pese, çöl ýakasyna sürülmedik bolsa, mal-gara-da zeper ýetjek ekeni. Beýleki çopan-çoluklar ýagyş diňenden soň: «Bulut ýagmaz, buýruk ýagar» diýip, bizem eşidipdik welin, çopan aga, munuň ýene-de bir alamaty-nyşany bolaýmaly?!» diýip soranlarynda, türkmen tebigatynyň syrlaryndan habarly ýaşuly çopan: «Geçiniň guýrugy ýamzynda, alamaty şol» diýenmiş.
Hatda garynja öýjüginde gözleri eglenen gumlular pasla görä ugur kesgitläp bilipdirler: aýdyşlaryna görä, garynjalar gyşyna öýjüginiň gumuny günbatara, tomsuna günorta tarapa köp üýşürgiç bolýarmyşyn.
Atam pahyryň gürrüňlerinden ak hem-de gara sazagyň bardygyny bilýärdim. Ýöne olaryň hiç birisini-de golaýyndan görmändim. Biziň baran ýerlerimizde diňe ak sazak bar eken. Onuň sebäbini şeýle düşündirdiler: «Ak sazaklar çägesöw ýerlerde ösýär. Olaryň pürleri «çöl gämisi düýeler» üçin otdur. Gara sazak bolsa diňe şorlaşan hem-de takyr ýerlerde ösýär.
Gum içlerinde hemişe gök öwsüp oturan ösümlik bar. Boýy bir metrden hem geçýän ösümligiň gök öwsüp oturmagy haýran galdyrdy. Onuň nämedigini soran badyma Nowruz gürrüňe goşulyp: «Bu borjak. Ol ýylyň ähli paslynda gök öwüsýär. Edil arça agajy ýaly. Onsoňam muňa «ýagşylyk ýalkan ösümlik» hem diýilýär» diýip, ol barada gürrüň berdi.
Borjak ösümligi barada birnäçe gezek eşidipdim, bu barada, onuň dermanlyk häsiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabynda hem aýdylýar. Bu ösümligiň hemişe gök öwsüp durmagynyň sebäbi barada talyplyk ýoldaşym, gum obasynda ulalan Çaryberdi Rejebowyň gürrüň beren bir rowaýaty ýadyma düşdi.
Ir döwürler biri kowgudan gaçyp barşyna gizlenmäge ýer gözläpdir. Ine, birdenem, borjaga gözi düşýär. Adam boýy bilen deňeçer borjagyň içine girip oturýar. Duşmanlar ony tapman gidýärler. Aman-sag galan adam borjagyň içinden çykyp, «Sen meni ölümden halas etdiň. Ylahym, hemişe gök-öwsüp oturmagyňy Biribardan dileg edýärin» diýip, ýola rowana bolupdyr.
Çäge alaňyň üstüne çykyp, töweregi synlamak höwesi döredi. Ilaman bilen alaňa çykdyk. Gün batyp, şapak gyzaransoň, gyzgyn çägeleriň üstünden salkyn şemal öwüsýärdi. Garagum sährasynyň adaty hadysalary haýran galdyrdy. Gyrkylyk yzly çäge depesiniň üstünde çöli synlap, tä iňrik garalýança oturyp, soň «gazçylar obajygyna» tarap ýola düşdük.
(Dowamy bar).
Çeşme: metbugat.gov.tm