Türkmenistanyň Ylmlar akademiýasynyň hünärmenleri ýeri peýdaly ulanmak, Türkmen kölüniň kollektorlar ulgamlaryndaky sebitinde maldarçylygy ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýarlar. Geçirilen gözlegleriň netijesi boýunça ýerli gyrymsy, ýarym gyrymsy agaçlary we köp ýyllyk otlaryň görnüşlerini ekmek arkaly çölüň öri meýdanlaryny gowlandyrmak boýunça çäreler teklip edildi.
Geljekde ylmy gözlegler bu ýerde kölüň gowşak minerallaşan kollektor-drenaž suwlaryny peýdalanmak bilen suwaryş ot-iým önümçiligini gurrmak üçin platforma bolar. Bu bolsa bu ýerde ýokary hilli iýmlik medeni ekinlerini ekmegiň hojalygyny guramaga, şorlaşan ýerlerde bolsa, galofit ot-iýmlik ösümliklerini taýýarlamaga şertleri döreder.
Gözleg işleri «Аltyn asyr» Türkmen kölüniň sebtiniň ösümlik dünýäsi we olaryň öndürijiligi ylmy temasy boýunça 2012-nji ýyldan bäri geçirilýär. Botanika institutynyň ýabany ösýän ösümlikler we Milli gerbar gaznasynyň barlaghanasynyň hünärmenleri ýaz we güýz pasyllarynda Baş kollektoryň we ýurduň oba hojalyk ekin meýdanlaryndan kollektor-drenaž suwlarynyň ýygnanýan ýeri bolen Garaşor çöketliginde gözleg işlerini geçirýärler.
Bu sebitde köp ýyllyk deňeşdirme-seljerme işleriniň geçirilmegi netijesinde bilimler toplanar, bu topragyň geljekki mümkinçilikleri has aýdyň görüner. Gözleg işleri bu ýeriniň ösümlik dünýäsiniň bar bolan görnüşlerine we möçner gatnaşykaryna, esasy ot-iýmlik öri meýdan ösümlikleriniň biologiki aýratynlyklaryna, meteorologiki şertlerine baglylykda ýylyň möwsümlerinde we dürli ýyllarda olaryň biologiki we hojalyk önümliligine, topragyň ýer we görnüş relýefine baglylykda çöl ösümlikleriniň bölünşigine degip geçýär.
Şu ýyl botanikaçylar bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-matematika institutynyň Maglumatlar tehnologiýalary barlaghanasynyň hünärmenleriniň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny we GIS-ulgamlaryny ulanmakllary bilen bilelikdäki ylmy gözlegler geçiriler. Ösümlikler örtüginiň, şeýle hem Baş kollektora, has hem köle ýakyn ýerlerdäki öri meýdanlarynyň shematik kartasy düzüler.
Aspirantlar we Botanika institutynyň baglaghanasynyň işgärleri bilelikde meýdan gözleg işlerini geçýärler. Institutyň stasionar barlaghanasy tehnikanyň iň kämil görnüşleri bilen üpjün edilendir. Alymlar Garagumyň iň uzakda ýerleşýän we barmasy kyn bolan sebitlerine ýokary geçijilige ulyply bolan awtoulaglarda barýarlar.
Türkmen kölüniň sebitleriniň ösümlikler dünýäsini tebigy toprak şertleriniň möhüm indikatoryny öwrenmek geljekde bu çäkleri özleşdirmek hem-de has netijeli peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Diňe ýowşan-şoraly meýdanyň özi 4 million gektar meýdany eýeleýär. Bu ösümlikleriň dominant görnüşleri we ýowşan, şora, selmeler maşgalasyna degişli bolan ösümlikler onlarça kilometr töwerege ýaýrandyr.
Gurulýan Altyn asyr türkmen köli Türkmenistanyň Demirgazyk-Günbatar böleginde ýerleşýär. Onuň töwereginde özleşdirilmedik 70 müň inedördül kilometr meýdan ýerleşýär. Bu sebite gury howa şertleri mahsusdyr, giň çäklerde hemişelik suw çeşmesi ýokdur we bu ýerlerde, aýratyn hem onuň demirgazyk böleginde, az sanly ilat ýaşaýandyr. Häzirki wagtlar bu ýerleriniň köp bölegi suwuň ýetmezlik edýändigi sebäpli ösümlikleriň az ösen ýerleri bolup, möwsümleýin öri meýdany hökmünde ulanylýar. Altyn asyr Türkmen kölüniň gurluşygyna başlanylmagy bilen, bu ýerlerde ekologiki taýdan arassa topragy giňden ulanmagyň gelejeginiň ulydygygy bellenildi. Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan 49,8 million gektar umumy meýdanyň AST ulgamlarynda ulanylýandygyny, öri meýdanlary üçin ulanylýan meýdanyň 41 millon gektardygyny ýatlap geçmelidiris. Bu ýerde maldarçylyk bolsa işiň esasy ugry bolup durýandyr.