Watanymyz we mähriban halkymyz üçin göreşen milli gahrymanlarymyzy, edermen ata-babalarymyzy, wepat bolan ähli ildeşlerimizi hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridir. Bu däbe eýerilip, “Halk hakydasy” diýen belent ýadygärlikler toplumy bina edildi. Ol her bir türkmenistanlynyň kalbynda halkymyzyň şöhratly taryhyna, Watan goragçylarynyň deňsiz-taýsyz edermenligine we gahrymançylygyna bolan buýsanç duýgyny döretmäge gönükdirilendir.
Altynjy maýda, Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Milli Liderimiz 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer tirtemesiniň şehitleriniň “Ruhy tagzym”, soňra 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda, Gökdepe galasyny goramak ugrundaky söweşlerde, Watan üçin beýleki ýowuz uruşlarda wepat bolanlaryň “Baky şöhrat” hem-de “Milletiň ogullary” diýen ýadygärliklere gül desselerini goýmak çäresi tamamlanandan soň, neşir edilen kitaplaryndan düşen galam hakynyň hasabyna ýörite gurnalan ýerde mukaddes Käbä zyýaraty mynasybetli, sadaka berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary geçen hepdäniň örän möhüm wakasy boldy. Uly üstünliklere beslenen bu sapar däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy we iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de artdyrmaga, ählumumy bähbitlere laýyk gelýän mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.
Iki döwletiň asylly we ozaldan gelýän gatnaşyklarynyň esasynda taryhy, ruhy, dini we medeni däpler babatda umumylyklaryň bardygyny, olaryň ykdysady gatnaşyklary netijeli ösdürmek üçin oňyn binýat bolup durýandygyny bellemeli. Milli Liderimiziň Muhammet Pygamberiň mukaddes topragynda Mekgä we Medinä, yslamyň beýik ruhy gymmatlyklaryna zyýarat etmegi hem-de umra haj parzyny ýerine ýetirmegi biziň halklarymyzyň ruhy taýdan ýakyndygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Mukaddes Käbäniň içinde namaz okamak mümkinçiliginiň döredilmegi döwlet Baştutanymyza we biziň ýurdumyza tutuş musulman dünýäsinde bildirilýän ýokary hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Saud Arabystanyna bildirilen uly hormat-sarpa, döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda gelen ilkinji pursatlaryndan başlap mähirli kabul edilmegi diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýete eýedigini däl, eýsem, soňky ýyllarda ýola goýlan gatnaşyklaryň anyk we işjeň ýagdaýa mahsusdygyny alamatlandyrdy. Er-Riýad şäherinde hormatly Prezidentimiziň we Onuň Alyjenaby, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Patyşa Salman ben Abdulaziz Al Saud bilen bolan gepleşikleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, sebitara we halkara syýasatynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde häzirki zamanyň ählumumy wezipelerini çözmek babatda ýola goýulýan gatnaşyklara, şeýle hem ykdysady we ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna möhüm orun degişli bolan energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynda, senagatda, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, dokma senagatynda, şeýle hem ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Hökümetara we pudagara derejelerinde, şol sanda maliýe-ykdysady pudagynda, söwdada, senagatda, DIM-niň ugry boýunça, sportda, ylym, bilim, medeniýet pudaklarynda, howa gatnawlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn taslamalaryň bukjasyna gol çekilmegi geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny alamatlandyrdy.
Milli Liderimiz saparyň barşynda birnäçe işewür duşuşyklary geçirdi. Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak, daşary işler, saglygy goraýyş, söwda we senagat, maliýe ministrleri, şeýle hem “SABIC” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, iki ýurduň ösüşiniň mümkinçiliklerini we ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, işjeň hyzmatdaşlyga bolan çemeleşmeleri ylalaşmaga bolan gyzyklanmalar beýan edildi.
Er-Riýad şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçirilen işewürler maslahatynda çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini dürli forumlardaky, şol sanda energetika, ulag we logistika, gurluşyk senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklarda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Patyşa Abdulaziz adyndaky Ylym we tehnologiýalar şäherçesine baryp görmegi ylmy-amaly barlaglar, hemra tehnologiýalaryny ösdürmek, Gün energiýasy ulgamynda tejribe alyşmak, suw arassalamak ýaly ulgamlardaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin oňyn binýady emele getirdi. Türkmenistanyň häzirki döwürde uly üstünlik gazanan gazhimiýa senagaty boýunça alymlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak meselesi hem wajyp ähmiýete eýe boldy. Öňde özleşdirilmedik ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip, şunlukda, toplanylan oňyn tejribe alyşmak, şeýle hem Gün energiýasyny ulanmak babatda hyzmatdaşlygyň zerurdygy bellenildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz açyk asmanyň astynda ýerleşen “Ad-Diriýa” taryhy muzeýi bilen tanyşdy. Munuň özi türkmen-saud gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýe bolandygyny, medeni-gumanitar gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugruny emele getirýändigini alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz Jidda şäherinde Yslam ösüş bankynyň ştab-kwartirasyna baryp gördi. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyň barşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň, hususan-da, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmegiň çäklerinde özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi we mümkinçilikleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.
Gepleşikler tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we YÖB-niň baştutany ikitaraplaýyn resminamalara – Geljekki ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşmak boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça baha kesgitleýji toparyň netijeleri barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda Teswirnama gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar.
Şol günlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna guran saparyna dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara habarlar agentlikleriniň, ilkinji nobatda bolsa, Patyşalygyň metbugat serişdeleriniň ünsi gönükdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ýurtda bolmagy hakyndaky maglumatlara Saud Arabystanynyň merkezi gazetleri möhüm orun berdiler. Olar ýokary derejede geçirilen gepleşiklere ýokary baha berdiler. Bu ýurduň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynda möhüm bolan wakalar telewideniýäniň täzelik ýaýlymlarynda giňden beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Saud Arabystanynyň “Er-Riýad” gündelik neşiriniň wekiline interwýu berdi. Munuň özi dostlukly ýurduň Türkmenistanyň häzirki döwrüne, onuň amala aşyrýan daşary we içeri syýasatyna, has takygy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýetine okyjylar köpçüliginiň ägirt uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Geçen hepdede biz, hakykatdan-da ýene bir şanly wakanyň şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan dabaraly atly ýörişe badalga berdi. Ol Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Aziada— 2017-niň açylýan gününde tamamlanar. Şeýle hem şol gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagynyň hasabyny yzlygyna ýöretmek başlandy.
“Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda guralan dabaralaryň öňüsyrasynda Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýöriş amala aşyryldy we “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň tamamlanmagy mynasybetli medeni çäreler, onuň çäklerinde guralan bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak we “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly oýunlaryň jemlerini jemlemek dabaralary bilen utgaşdy.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny bermek baradaky çözgüdi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän asylly başlangyjynyň rowaç alýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Sagdyn we ruhubelent nesilleriň kemala getirilmegine gönükdirilen bu oňyn syýasat özüniň anyk netijelerini berýär. Milli Liderimiziň yzygiderli üns –aladasy netijesinde Türkmenistanda bedenterbiýe hereketi gün-günden giňelýär, köpçülikleýin sportuň depginleri ýokarlanýar we abraýly halkara ýaryşlary geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoly boýunça geçirilen ýörişiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, awtoulagda Köpetdag we Çandybil şaýollarynyň çatrygyna geldi. Ol ýerden milli Liderimiz welosipedde Bitarap Türkmenistan şaýoluna çenli aralygy geçdi.
Soňra dabaralar “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda dowam etdi. Gadymy galanyň diwarlarynyň ýanyndan milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagynyň hormatyna deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giň möçberli dabaralary guramak üçin Gadymy Nusaý galasynyň ýanynyň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Türkmen halkynyň ajaýyp medeni mirasynyň biri bolan taryhy-arheologiki ýadygärligiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, onda “behişdi bedewlere” möhüm ornuň degişli bolmagy aýratyn bellenilmelidir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli dabaralaryň bu ýerde guralmagy döwürleriň, geçmişiň, häzirki döwrüň we geljegiň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýola düşen atly ýörişiň ugry ýurdumyzyň ähli sebitlerini öz içine alýar. Türkmenistanyň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklaryny, şeýle hem Aziada—2017-niň alawy ýakyljak nyşany gollarynda göterýän atlylaryň 17-si ýola düşdüler. Atly ýörişe gatnaşyjylar her welaýatda 100 gün bolarlar we sebitiň taryhy-medeni ýadygärliklerine, ajaýyp ýerlerine syn ederler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tutuş ýurdumyz boýunça guralýan atly ýörişiň barşynda geçirilýän çäreler däl, eýsem, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we ruhy ýadygärlikleri wagyz ediler. Bu bolsa iň oňat milli däpleriň ösdürilmegini, biziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň, halk döredijiligimiziň çuňňurlygyny we olaryň gözelligini açyp görkezer. Bu giň möçberli çäre ähli türkmenistanlylara öňde boljak V Aziýa oýunlaryna dahylly bolmaga mümkinçilik berer.
Teswirlemäni dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Aziada—2017-niň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul edendigini bellemeli.
Sport baýramçylygy tamamlanandan soň, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde geçirilen duşuşygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz we AOG-nyň ýolbaşçysy bilelikde bu täsin sport toplumyny gözden geçirdiler hem-de bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýokary netijeler sportuny hem-de Olimpiýa hereketini mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.
Hormatly Prezidentimiziň “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja bilen bolan duşuşygynyň barşynda işewür gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýda geçirilen mejlisinde milli ykdysadyýetimizde şu ýylyň dört aýynda gazanylan ösüşiň netijeleri jemlenildi, döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 106,3 göterim üpjün edilendigi, şol sanda bu görkezijiniň senagat pudagynda 102,4 göterime, gurluşykda 105,6 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 110,1 göterime, söwdada 116,7 göterime, oba hojalygynda 106 göterime we hyzmatlar ulgamynda 109,8 göterime deň boldy. Munuň özi 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzda öndürilen önümleriň mukdarynyň 3,2 göterim ýokarlanandygyny alamatlandyrýar.
Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy 16,8 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 9,6 göterim ýokarlandy. Özleşdirilen maýa goýumlaryň mukdary 5,7 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Şeýle hem mejlisde sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşyna, orta mekdeplerde geçiriljek gutardyş synaglaryna, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerindäki giriş synaglaryna, çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerini tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyny, senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny, maýa goýum-gurluşyk toplumyny, şeýle hem medeniýet, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň ýokary depginde ösýändigini belläp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilige, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda 2016-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky” hem-de “Türkmenistanda 2016-njy ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky” kararlara gol çekdi. Bu resminamalara laýyklykda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 18 müň 300 gektar ýer şaly ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berler. Balkan we Mary welaýatlarynda 17 müň 900 gektar meýdanda gant şugundyry ösdürilip ýetişdiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynyň döredijilikli kuwwaty geçen hepdede bolan şanly wakalarda öz beýanyny tapdy. Dogrusy, ykdysady taýdan ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň nurana eýýamyna öwrülen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni milli Liderimiziň asylly ýörelgesi bilen ruhlanýar.