Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp Maslahat köşgünde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň uly konserti geçirildi.
Ýaş nesliň arasynda bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly umumymilli bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýär. Bu bäsleşik ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik ukyplarynyň ýüze çykarylmagyna we goldanylmagyna, höweşjeň we hünär derejeli sungatyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, milli saz medeniýetiniň däpleriniň dowamatlylygynyň kemala gelmegine ýardam berýär. Beýleki tarapdan bu bäsleşik, beýleki bäsleşikler ýaly synaglaryň we başlangyçlaryň, işjeň gözlegleriň hem-de täze çemeleşmeleriň ýüze çykarylmagyna, çagalaryň öz ukyplaryny açyp görkezmeklerine ýardam edýär.
Türkmen topragy zehinlere baýdyr, her bir maşgalada diýen ýaly öz artistleriniň – aýdymçylarynyň, sazandalarynyň ýa-da tansçylarynyň bolmagy adata öwrüldi. Olaryň döredijilik ukyby üçin mümkinçilikleri açmak, ýaş zehinleriň ýakynlarynyň, terbiýeçileriň we mugallymlaryň, medeniýet işgärleriniň wezipesi bolup durýar. Milli medeniýetimiziň okgunly ösmegi döredijilik şahslarynyň ylhamyna, döwlet tarapyndan zehinli çagalaryň ösmegi üçin döredilýän amatly şertlere daýanýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Milli Liderimiziň bäsleşige gatnaşyjalara iberen Gutlagynda beýan edilen sözler konsertiň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna aýratyn watançylyk ruhuny çaýdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän we sazçylyk mekdepleriniň, milli sungatymyzyň ýaş zehinleriniň döredijilik merkezlerinde bilim alýan zehinli çagalaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir we sazyň we aýdymyň hakyky baýramçylygyna öwrüldi, şol sebäpli hem çagalarda sungata söýgi döretmekde bu bäsleşige aýratyn orun degişlidir.
Orta mekdeplerde bilim alýan we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpe artistler – bäsleşigiň şäher, etrap we welaýat tapgyrlarynyň ýeňijileri özleriniň iň gowy çykyşlaryny tomaşaçylara görkezdiler. Şu günki uly konsertiň maksatnamasynda aýdym we tans çykyşlary, folklor eserleri hem-de häzirki zaman estrada aýdymlary bar. Ýaşlaryň milli saz sungatyna barha artýan gyzyklanmalaryny buýsanç bilen bellemek bolar, saz sungatyň aýrybaşga bir görnüşi bolman, ol halkyň kalbynda oňat pikir-hyýallaryň, arzuwlaryň, döredijilik ylhamynyň çeşmesi hökmünde mäkäm ornaşandyr.
Çagalar öz çykyşlarynda, edebi – aýdym-saz kompozisiýalarynda we Watançylyk aýdymlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz hem Bitarp Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň ýurdy gülläp ösýär.
Bu ýere ýygnanlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda bäsleşigi guraýjylar ýeňiji diýen ada mynasyp bolan zehinli ýerine ýetirijileriň atlaryny yglan etdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýeňijileriň ählisine gymmat bahaly baýraklar hem-de bäsleşigiň ýeňijileriniň diplomlary gowşuryldy. Bu döredijilik bäsleşigine gatnaşan beýleki çagalar hem ünsden düşürilmedi. Olara hormatly Prezidetimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şol sowgatlar bolsa çagalary geljekki bäsleşiklere gatnaşmaga, döredijilik ýolunda maksatlaryna ýetmäge we ýeňiş gazanmaga ruhlandyrmalydyr.
Şu gün çykyş eden çagalaryň arasynda geljekde meşhur estrada aýdymçy boljaklary hem bardyr, beýlekileriň bolsa ussat artist bolmazlygy hem mümkin, ýöne esasy zat olar özleriniň kalbynda döredijilige, gözellige hem-de hoşniýetlilige çalyşmak duýgusyny saklap galarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly täze kitabynda nygtaýşy ýaly, munuň özi biziň döredijilikli geljegimiziň girewidir. Bu kitap ildeşlerimiziň ählisi, şol sanda özüniň zehinini mähriban halkyna bagyş eden beýik sazanda Şükür bagşynyň ruhy wesýetlerini dowam etdirijiler bolan çagalar üçin zehin – joşgunyň ajaýyp çeşmesi bolup hyzmat edýär.