8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Garlyk ýatagynda ilkinji şahtany gazmaga başladylar.

Kaliý dökünlerini öndürýän dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kärhanasynyň gurluşykçylary Garlyk ýatagynda ýerleşýän geljekki kän boljak ilkinji şahtany gazmaga başladylar. Bu ýerde tebigy kaliý duzlarynyň ýatagyny özleşdirmek boýunça giň göwrümli işler ýaýbaňlandyryldy.

Garlyk – Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän kaliý duzlarynyň iň baý ýataklarynyň biridir. Olaryň ählisi ýürdyň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Kaliý magdanynynyň ätiýçlyk goryna we ony işläp taýýarlamak boýunça Garlyk, Garabil we Tübegatan ýataklaryna uly ähmiýet berilýär. Bu ýataklaryň kaliý magdanynyň umumy ätiýçlyk gory 2,8 mlrd. tonna diýlip çaklanylýar.

Köýtendag etrabynda Kelif demir ýol bekedinden otuz kilometr demirgazygynda Türkmenistanyň dag magdanlary-himiýa pudagynyň ilkinji kärhanasy-ýylda 1,4 million tonna möçberde kaliý dökünlerini öndürmek boýunça kärhana gurulýar. «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni 2010-njy ýylyň başynda «Belgorhimprom» (Belarus Respublikasy) Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen dag magdanlaryny baýlaşdyrýan kombinatyny gurmak we ony 2015-nji ýylyň başynda ulanmaga tabşyrmak barada şertnama baglaşdy. Bu täze önümçilik geljekde diňe bir ýurdyň oba hojalygynyň zerurulyklaryny doly üpjün etmän, eýsem bu gymmat bahaly döküniň million tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Merkezi Azyýada iň iri kärhansynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen, türkmen we belarus hünärmenleri tarapyndan işleriň ep-esli möçberi ýerine ýetirildi. Garlyk ýatagynyň demirgazyk-gündogar böleginde belarus hünärmenleri geologiki kesimleri takyklamak we şahtany dikligine gazmagyň gidrologiki şertlerini, şeýle hem kaliý duzlarynyň ýokary hilli önümli gatlakalrynyň düzümini öwrenmek üçin gidrogeologiki gözleg işlerini tamamladylar. Gurluşygyň senagat meýdançasyny we beýleki desgalary topografiki taýdan düzmek işleri doly tamamlandy. Kärhananyň gurluşykçylary işleriň meýilnamasyna laýyklykda birinji şahtanyň suwly gatlaklaryny akymlaýyn sementlemek, şeýle hem şahtanyň agzyny betonlamak işlerini tamamladylar. Häzirki wagtda şahtanyň girelgesinde topragy çykarmak üçin kopra enjamyny gurnamak işleri alnyp barylýar – guýyny dikligine gazmak üçin ýük maşynlary oturdylýar. Şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda ikinji şahtany dikligine gazmak işlerine başlamak meýilleşdirilýär.

Geologiki gözlegleriň maglumatlaryna görä bu ýatakdaky çig kaliý duzlarynyň ätiýaçlyk gorlary kärhananyň durnukly işini üpjün eder. Kärhanada kaliý magdanyny flotasion usul boýunça baýlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu usulyň kömegi bilen hlorly kaliý öndürilip çykarylar. Mundan hem başga, Garlyk ýatagyndaky çig maldan mundan beýläk kaliýniň sulfatyny we kaliýniň nitraty ýaly hlorsyz kaliý dökünlerini alyp bolar.

Köýtendag geologiýa gözleg ekspediisýasynyň öz wagtynda geçiren geologiki gözlegleri senagat taýdan işläp taýýarlamaga ýaramly kaliý duzlarynyň önümli gatlaklarynyň 200 metrden 1000 metr aralyk çuňlukda ýerleşýändigini görkezdi. Duzly şahtalary köwlemek işleri burow we partladyş usullarynda amala aşyrylar. Käniň gazylýan ýerinde hakyky ýerasty şäherçe emele geler.Tabşyrylan önümçiligi üpjün etmek üçin her ýylda 7 million tonnadan gowrak magdany gazyp almak we gaýtadan işlemek wezipesi durýar. Ýataklaryň önümçilik gatlaklaryny açmaklygy iki sany dikligine gazylýan şahta arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Birinji şahta guýusy – esasy magdan guýusy (skipowoý diýlip atlandyrylýar) ol gazylyp alynan magdany ýokary bermek üçin hem-de käne arassa howany bermek üçin niýetlenendir. Ikinji şahta guýusy – kömekçi (kletýewoý), ol adamlary ýa-da dürli ýükleri aşak-ýokaryk gatanatmak, şeýle hem çykýan howany sowmak üçin niýetlenendir.

Garlyk ýatagynynyň daglyk-geologiki şertleriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, onuň ätiýaçlyk gorlaryny gaýtadan işlemek üçin işläp taýýarlamagyň kameraly ulgamy hem-de önümli gatlaklary çykarmakda mehanizimleşdirilen kombaýn usuly dolylygyna ulanylýar. Gazylyp alnan dag jisimlerini daşamak üçin konweýer usulyny peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa kaliý magdanyny ekspluatasion zaboýdan kabul ediş bunkerlerine çenli daşamagy doly mehanizimleşdirmäge şert döreder. Adamlary, enjamlary we materiallary daşamak üçin kömekçi ulag hökmünde has ykjam, çakgan , özi ýöreýän relssiz ulag peýdalanylar.

Taslama laýyklykda, soňky geçiriljek ýerasty işler üçin ýerüsti toplumlaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde flotasion kärhanasy we şahtalar üçin esasy tehnologik enjamlaryny sargamak işleri başlandy. Kärhananyň önümçilik meýdançasynda magdanlar saklanyljak ammaryň düýbüni tutmak işleri alnyp barylýar. Taslamada gazylyp alynan kaliý magdanyny baýlaşdyrmak üçin kuwwatly baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygy göz öňünde tutulan. 80 gektar gowrak meýdanda önümçilik binalary ýerleşer. Bu ýerde gazylyp alynýan kaliý duzlaryny owratmak, maýdalamak we flotasiýa etmek üçin önümçilik liniýasy hereket eder. Tehnologiki işleriň gidişine gözegçilik etmek üçin awtomatizasiýalaşdyrylan dolandyryş sistemasyny döretmeklik göz öňünde tutulýar. Maýdalanyp, guradylandan we gaplanandan soň baýlaşdyrylan kaliý hloridi ammarlardan awtoulaglaryň we demir ýol ulaglaryň üsti bilen sarp edijilere ýetiriler.

Dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň önümçilik toplumynyň gurluşygy bilen bilelikde kombinatyň işlemegi üçin zerur bolan infrastrukturasyny döretmeklik göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda belarus hünärmenleri önümçiligiň tehniki we içilýän suwy babatda zerurlyklaryny üpjün etjek suw taýýarlaýyş sehiniň gurluşygyny alyp barýarlar. Ýokary woltly elektrik geçirijiniň gurluşygy tamamlandy. Aragatnaşygyň optiki süýmli geçirijisini çekmeklik, demir ýoluň we önümçilige hyzmat edýän beýleki hojalyk binalaryň gurluşygy dowam edýär.

Dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynda administratiw hyzmat ediş binalar toplumynyň gurluşyk işleri başlandy. Söňra 1000 orunlyk şäherçesiniň bir bölegi boljak ýaşaýyş kotedžleriň gurluşygy eýýäm tamamlandy. Ýakyn wagtda öz naharhanasy we lukmançylyk otagy bolan 500 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýa göçmeklik we şol bir wagtyň özünde durmuşy taýdan hyzmat edýän we kömekçi hojalyk binalaryň gurluşygy başlanar. Bu alnyp barylýan işlere belarus gurluşykçylary bilen ýerli gurluşyk kompaniýalary hem gatnaşýarlar. 

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Daşoguz Welaýaty: Gök Ekinleriň Ekişi, Gurluşyk Materiallarynyň Önümçiligi we Agaç Oturdylyşy