Garlyk şäherçesiniň sebitlerinde syýahatçylyk üçin ýaramly we howpsuzlyk we baryp görmek babatda bildirilýän talaplara laýyk gelýän gowaklar we ajaýyp künjekler az däldir. Köýtendag etrabynyň Gowurdak gowaklary – Gapgotan, Hoşmoýuk, Gülşirin, Daş ýürek ýaly ajaýyp gowaklary we beýleki tabigy taýdan emele gelen ýerasty iri gowaklaryň onlarçasy Türkmenistanyň syýahatçylyk senagaty üçin esasy serişdeler bolup durýar.
Bu gowaklar esasan hem suw bilen eremäge ukyply mez-koznozoý ýaşly galyň terrigen-karbonat deňiz çökündilerinden emele gelipdir. Howadan düşen ygallar jaýryklar arkaly geçmek bilen, dag jynslarynda emele getiripdirler hem-de karbonat kalsiýasy bilen üpjün edipdirler, Soňra diwarlarda syrygan görnüşde gatap galypdyr. Netijede biri-biri bilen birleşip, iri karst gatlaklary döräpdir, syrlary goýnunda saklaýan owadan görnüşdäki tebigy gowaklar emele gelipdir. Bu ýagdaý Garlyk şäherçesiniň golaýyndaky Köýtendagyň günbatar gerişlerinde aýratyn mälimdir. Bu ýeriniň ähli ýeri oýlaradan we çukurlardan ybaratdyr. Dag gerişleriniň eňňitlerinde jülgeler we hanalar emele gelipdir. Mundan hem başga, dag eteklerinde içinde Köýtendag kör balygy ýaşaýan suw bilen dolan iki sany çuň şahta bar. Olaryň birinde Köýtendagyň günbatar eňňidinde Hoşmoýuk gowagy ýüze çykaryldy. Bu gowak gips bilen hek daşynyň sepleşýän ýerinde iki sany çuňlukdan başlanýar. Syýahatçy girelgeden giren badyna kert eňňitden geçýär. Bu ýer ony toýunly tekiz polly uly zala eltýär. Soňra gowak köp sanly galereýalara, geçelgelere we deşiklere bölünýär. Gümmezleriň beýikligi ýokarlanýar. Biz beýikligi 5 metre çenli bolan gips stalagmitli daş „tokaýlygyna“ düşýäris. Bu gowakdaky stalaktitleriň köp sanlysy „gaz aýakly“ görnüşlerindäki anemolitlerdir. Zallaryň birnäçesinde ak gipsler belli bir şekilde bolmadyk „aýsbergleri“ emele getiripdir, käte bolsa dinozawrlary, piller, guşlar ýaly haýwanlary ýatladýar.
Köýtendagyň köp sanly karst gatlaklaryndan uzynlygy 56 kilometr bolan Gapgotan gowagy iň irileriniň biridir. Bu dünýäniň gowak ulgamlarynyň iň uzynlarynyň biridir. Gowaklaryň syryntgylyrynyň örän owadandygyny bellemelidiris! Bu ýerde mramor oniksi dürli-dürlidir – hem ýagty, hem garaňky görnüşdedir. Aýratyn hem seýrek duş gelýän bezeg suratly garamtyl-goňur reňkdäki oniks örän owadandyr. Bu daşyň döwülen görnüşindäkisi ýumşakdan sadap öwüşginini berýär. Gowagyň ahyrynda ol tegmilli-zolakly reňke we konsentrik-zonal häsiýete eýe bolýar. Aýratyn hem seýrek duş gelýän bezeg suratly garamtyl-goňur oniks örän owadandyr. Bu oniksiň döwlen bölegi ýumşak-sadap reňkini berýär. Gowagyň ahyrynda ol tegmilli-zolakly we konsentrik zonal gurluşa eýe bolýar. Birnäçe zallaryň we galareýalaryň poly edil daşdan ýasalan güller bilen örülen ýalydyr. Gowakda arassa agyz suwy bardyr, gowak „dürlerini“ emele getiren ajaýyp syryngyly we kristal gipsinden emele gelen inçejik yzly uly bolmadyk köl bardyr. Bu gowak syýahatçylara baryp görmäge örän oňaýlydyr. Gapgotan gowagynyň demirgazygyragynda Daşýürek gowagy ýerleşýär. Bu ýeriniň girelgesi gowak görnüşindedir. Ýöne, diwaryň aşagynda, 30 metr töweregi aralykda darajyk girelge ýerleşýär. Ol köp sanly stalaktitler bilen bezelen beýikligi 5 metr bolan zala çykýar. Soňra zal birnäçe gysga geçelgelere bölünýär we uzynlygy 60 metr bolan galereýanyň üsti bilen biz has uly dürli görnüşdäki syryngyly şekilli täze zolaga düşýäris. Birnäçe stalaktitler öz daşky görnüşleri we göwrümleri boýunça ynsan ýüregini ýada salýar.
Gülşirin gowagy Köýtendagyň tebigy gowaklarynyň arasynda has owadanlygy bilen meşhurdyr. Ol bu sebitiň gowaklaryndan öz bezegi boýunça tapawutlanýar. Bu gowak Hoşmoýuk gowagyndan demirgazyk-gündogarda jülgäniň sag kenarynda ýerleşýär. Bu ýerde uly zallaryň köp sanlysy bolup, gümmezleriň beýikligi 50 metre ýetýär, diwarlary bolsa ajaýyp gips syryngyly, görnüşleri boýunça hrustal çyralaryny, hrizantemalary we beýleki şekilleri ýatladýan bezegler bilen bezelendir. Birnäçe zallaryň pollary ýokary çyglylyk netijesinde daş gülleri bilen örtülendir. Zallaryň we galereýalaryň birnäçesi gips stalaktitlerinden we stalagmitlerinden ýasalan hakyky gür tokaýlygy ýatladýar. Bu ýerde uly göwrümdäki ak reňkdäki gips kristallary agdyklyk edýär. Doňup galan daş „şaglawuklaryny“, köp ýarusly „gotiki“ sütünleri, potolokdan sallanyp duran zolakly maramor oniksinden ýasalan tutylary görmek bolýar.
Häzirki wagtda Köýtendagyň ähli gowaklary döwlet tarapyndan goralýar.Bu ýerde döredilen çäkli goraghana Köýtendag Döwlet goraghanasynyň bölegi bolup durýar. Mundan hem başga, Köýtendag geologiýa ekspedisiýasynyň geologlary bu ýerde öz gözleg işlerini dowam etdirýärler. Bu bolsa Köýtendagyň ýerasty tebigy gowaklaryny görmäge isleg bildirýänlere elýeterli bolmagyna we kristallaryň ýerasty şalygyndan ägirt uly täsirleri almaga öz oňaýly täsirini ýetirer.