Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýol liniýasy 3-nji dekabrda dabara bilen açylar
Açylyşdan soň demir ýoluň Türkmenistan-Eýran bölegi ulanmaga beriler. Ägirt uly taslamanyň Gazagystan-Türkmenistan bölegi geçen ýylyň maý aýynda açylypdy.
Demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen birlikde Ýewropa, Orta we Günorta Aziýa üçin Ýakyn Gündogara ýük gatnatmakda arzan we gysga transport koridory açylar.
2007-nji ýylda Gazagystanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň arasynda gol çekişilen ylalaşyk bilen başlan demir ýol liniýasynda ýylda 3-5 million ýük gatnadylmagy maksat edinilýär. Geljekki döwürde gatnadyljak ýüküň mukdarynyň 10-12 million tonna ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.
Demir ýol liniýasynyň 82 kilometri Eýrandan, 700 kilometri Türkmenistandan, 120 kilometri bolsa Gazagystandan geçýär.
Demir ýoluň açylyş dabarasyna degişli ýurtlaryň prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.