Gazagystanda öňümizdäki ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen saýlawlar bir ýyl öňe alyndy. Öňe alynmagynyň esasy sebäbi bolsa ýurduň birligini, asudalygyny we durnuklylygyny has-da berkitmek üçin diýip beýan edildi.
Nur Otan partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Nursoltan Nazarbaýew iň güýçli dalaşgär hökmünde görülýär.
Prezidentlige Komunist partiýasynyň lideri Turgun Syzdykow we 2009-2011-nji ýyllar aralygynda Ulag we aragatnaşyk ministri wezipesinde işlän Abelgazi Kusainow dalaşgärdir.
Saýlawda 9 million 451 müň saýlawçy ses berer. Saýlawa 452 daşary ýurtly synçy gatnaşar.
trtturkmen