Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze senagat desgalary Hojambaz etrabynda gurlan gazy gaýtadan işleýän zawod we Serdarabat etrabynda bina edilen kuwwaty 149,2 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Bu wakalar Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça ykdysady strategiýany amala aşyrmagyň ýolunda täze ädimleri alamatlandyryp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini giň gerimli peýdalanmak onuň möhüm ugry bolup durýar. Gaz pudagynyň we elektrik energetikanyň eksport kuwwatyny artdyrmak, bu ugurlarda özara bähbitli sebit we dünýä möçberindäki halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bularyň hemmesi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini artdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça meýilnamalary amala aşyrmakda Lebap welaýatyna uly orun degişli bolup durýar. Ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary şonuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Hut şu ýerde, nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan Amyderýanyň sag kenarynda transmilli Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi öz gözbaşyny alýar. Müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri şol desgada öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden çekilen, uzynlygy Hytaý Halk Respublikasynyň çägine çenli 1833 kilometre deň bolan energetika ulgamy XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgalarynyň biri bolup durýar. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde bu taslama ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň, ykdysady rowaçlygyň bähbidine hoşniýetli erk-islegiň, netijeli hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Türkmenistanyň energetika syýasaty şol maksatlara hyzmat edip, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini durnukly we uzakmöhletleýin esasda dünýä bazarlaryna çykarmagyň köp ugurly ulgamyny döretmek, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek şol syýasatyň özeni bolup durýar.
Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň geçirijilik ukyby bir ýylda 40 milliard kub metr gaza deňdir. HHR-niň çäginde oňa “Günbatar-Gündogar” gazgeçirijisiniň iki şahasy goşulýar. 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda Pekin we çäkleşýän etraplara tarap ugurda “mawy ýangyjy” “Szinbýan” gaz gysyjy bekede geçirip başlaýarlar. 2011-nji ýylyň noýabrynda bolsa gaz Transaziýa ulgamyndan ýurduň günorta etraplaryna, şol sanda Şanhaýa, Guanduna we beýleki ýerlere baryp başlady. Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek maksadynda Ylalaşyga gol çekildi. Oňa laýyklykda, Türkmenistandan HHR-e her ýylda iberilýän gazyň möçberi 65 mimlliard kub metre ýetiriler.
Transaziýa gaz geçirijisi arkaly tebigy gaz birnäçe çig mal çeşmelerinden ugradylýar. Olaryň hatarynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebite girýän ýataklar bolup, olary Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasy (CNPC) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi bilen baglaşylan önümleri paýlaşmak hakynda Şertnama laýyklykda işläp taýýarlaýar.
CNPC korporasiýasynyň Hojambaz etrabynda guran “Bagtyýarlyk” gazy gaýtadan işleýän zawody Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine iberilýän harytlyk gazyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen, gurulmagy meýilleşdirilen toplumlaryň ikinjisi bolup durýar. Olaryň ilkinjisi 2009-njy ýylda Samandepe ýatagynda ulanmaga berildi.
Şu gün dabara gatnaşyjylaryň ýygnanan ýeri bolan “Bagtyýarlyk” gaz ýatagynda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Hemmeler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhyna adýyň sahypa bolup girjek wakanyň başlanmagyna tolgunmak bilen garaşýarlar.
Ýörite oturdylan diwarlykda desganyň gurluşygy babatda jikme-jik maglumatlary bilen gazy gaýtadan işleýän zawodyň çyzgysy görkezilýär.
Şanly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary “Bagtyýarlyk” gazy gaýtadan işleýän zawodyň çäginde gonýar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly joşgun bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli mübärekleýärler.
Milli Liderimiz iki tarapynda elleri baýdakly, howa şarlary we gülli nebitgaz senagatynyň işgärleriniň, ýaşlaryň hatara düzülen haly ýodasy bilen dabaranyň geçirilýän ýerine barýar.
Meýdançada Lebap welaýatynyň döredijilik toparlarynyň taýýarlan dürli öwüşgünli aýdym-sazly we tansly çykyşlary ýaýbaňlanýar.
Döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, binanyň içine girýär. Bu ýerde şu günki dabara gatnaşyjylar we myhmanlar hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän ilçihanalaryň we diplomatik wekilhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Olar ör turup, milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde söz sözläp, şu günki wakanyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, gazy gaýtadan işleýän ikinji zawodyň düýbi «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitinde 2011-nji ýylyň 13-nji dekabrynda tutuldy. Şol döwürden başlap türkmen we hytaý hünärmenleri gazy gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak üçin bilelikde, yhlas bilen zähmet çekdiler. Bu täze kärhananyň açylyş dabarasy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli alnyp barylýandygyny we üstünlikli ösýändigini aýdyň görkezýär.
Gazy gaýtadan işleýän bu zawod ýylda 8 milliard 670 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Täze kärhana, esasan, 4 sany tehnologik hatardan ybaratdyr. Bulardan başga-da, bu kärhanada gaz ýygnaýjy beket, kondensat öndürýän enjam we tebigy gazy arassalamak üçin zerur bolan beýleki tehnologik enjamlar bar. Täze zawod tebigy gaz bilen «Altyn asyr» ýataklar toplumyndan bökdençsiz üpjün ediler.
Kärhananyň ulanmaga berilmegi «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitinden Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik desgalarynyň kuwwatyny artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge hem ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Gazy gaýtadan işleýän zawodyň umumy meýdany 80 müňden gowrak inedördül metre deňdir. Dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kärhanada 600-den gowrak hünärmen işlär. Bu ýerde işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu zawody gurmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda uly möçberli maýa goýumlary özleşdirildi. Häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen desganyň umumy bahasy 600 million amerikan dollaryna golaýdyr.
Biz 2009-njy ýylyň dekabr aýynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitinde önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr bolan gazy gaýtadan işleýän 1-nji zawody, şeýle hem «Türkmenistan Özbegistan Gazagystan Hytaý» gaz geçirijisini dört ýurduň, ýagny Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň baştutanlarynyň gatnaşmagynda dabaraly açyp, ulanmaga berdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde gazy gaýtadan işleýän bu zawodyň kuwwaty ýylda 6,5 milliard kub metre çenli artdyryldy.
«Türkmenistan Hytaý» gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi biziň goňşy ýurtlarymyz bolan Özbegistan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň ykdysadyýetiniň ösmegine hem oňaýly täsirini ýetirýär. Goňşy ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam edýär diýip, milli Liderimiz belledi.
«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitinden «Türkmenistan Hytaý» gaz geçirijisi boýunça häzire çenli 21 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu taslamany üstünlikli we netijeli durmuşa geçirmek üçin häzire çenli 4 milliard amerikan dollaryna barabar maýa goýumlary özleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýişi ýaly, häzirki döwürde türkmen-hytaý gatnaşyklary nebitgaz pudagynda sazlaşykly ösýär we giňelýär. 2013-nji ýylyň 34-nji sentyabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň çäklerinde «Tebigy gazy satmak-satyn almak hakynda» Şertnama hem-de Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini ýylda 25 milliard kub metre çenli artdyrmak baradaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.
Mundan başga-da, şol resmi saparyň çäklerinde iki ýurdyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda dünýäde örän uly gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käninde zawodlar toplumy dabaraly açylyp, ulanmaga berildi. Bu bolsa, energetika howsuzlygyny üpjün etmekde iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykardy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, iki dostlykly ýurduň Hökümetleri tarapyndan «Türkmenistan Hytaý» gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny («D» ugruny) gurmak barada hem ylalaşyldy. Şeýlelikde, geljekde türkmen tebigy gazynyň eksport edilýän möçberlerini artyrmak hem-de nebitgaz pudagynda iki ýurdyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin oňaýly şertler döredildi.
Mälim bolşy ýaly, hytaýly hyzmatdaşlar «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmegiň ikinji tapgyryna hem işjeň gatnaşýarlar. Ertir, 8-nji maýda bu kände ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenen desgalar toplumynyň düýbi tutular.
Amala aşyrylýan bu iri taslamalar halkara derejesinde giňden seslenme döretdi hem-de türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädimleriň biri boldy, diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, gazy gaýtadan işleýän zawod Türkmenistanyň çäginde «CNPC» korporasiýasy tarapyndan hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň üstünlikli ýerine ýetiren 3-nji taslamasydyr diýip belledi. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda dünýäniň iň öňdebaryjy enjamlary, ylmyň täze gazananlary giňden ulanylýar. Bu taslamalar daşky gurşawa zyýansyz amala aşyrylyp, ähli halkara talaplaryna doly laýyk gelýär. Olar türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna diwesifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, şu gün ýene-de bir möhüm desgany Serdarabat etrabynda täze gurlan, kuwwaty 149,2 megawatt bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasyny hem dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip belledi. Bu elektrik stansiýasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Elektrik» kompaniýasynyň öndüren, her biriniň kuwwaty 49 megawattdan gowrak bolan 3 sany gaz turbinasy oturdyldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek ulanylýan bu gaz turbinalarynyň işe girizilmegi bilen, elektrik stansiýasynda gije-gündiziň dowamynda 3 million 600 müň kilowat/sagada golaý elektrik energiýasy öndüriler. Bu bolsa Lebap welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Täze gurlan stansiýada öndüriljek elektrik energiýasynyň özümizden artýan bölegi bolsa, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar arkaly goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna iberiler.
Täze gurlan bu elektrik stansiýasy ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmaga uly goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin örän möhüm ähmiýeti bolan iki sany täze desganyň gurluşygyna gatnaşan hünärmenlere we ähli işgärlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemläp, bu ýere ýygnananlary «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitindäki gazy gaýtadan işleýän ikinji zawodyň, şeýle hem Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärlerine bolsa, ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklary bolan nebitgaz senagatyny we energetika ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Baştutany nebitgaz pudagynda iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen hytaýly hyzmatdaşlary hem gutlap, Hytaýyň dostlykly halkyna bagt we rowaçlyk arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda ählumumy ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler barada Döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, HHR-iň energetika agentliginiň direktory jenap U Sinsýuna söz berilýär. Myhman bu ýere ýygnananlary şu günki şanly wakalar– “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde ikinji gazy gaýtadan işleýän zawodyň ulanmaga berilmegi hem-de ertir “Galkynyş” gaz käninde kuwwaty bir ýylda 30 milliard kub metr möçberde harytlyk gazy öndürýän desganyň düýbüni tutmak mynasybetli geçiriljek dabara bilen gutlady.
Myhmanyň belleýşi ýaly, geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň arasynda bolan gepleşikleriň barşynda taryhy çözgüt-Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda çözgüt kabul edildi. Bu iki döwletiň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we aýratyn-da, nebitgaz ulgamynda ösdürmäge uly itergi berdi. Bu ulgamda özara gatnaşyklara köp ýyllaryň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylary uly üns berýärler. Netijede, degişli ugurda uly üstünlikler gazanyldy.
“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi we “Galkynyş” gaz känini gurmak baradaky taslamalar tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, doganlyk ýurtlaryň halklarynyň dostlugynyň berkemegine ýardam edip, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň taryhynda täze sahypa öwrüler diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler barada Döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, HHR-iň energetika agentliginiň direktory belledi.
Şunuň bilen baglylykda, jenap U Sinsýun Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň Baştutanynyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berdi.
Myhman dabara gatnaşyjylary şu günki hakykatdan hem uly ähmiýetli waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlarynyberk jan saglyk, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köp taraply işlerinde uly üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra çykyş eden Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Orta Aziýadaky taslamalar boýunça utgaşdyryjy toparynyň başlygy, CNPC-niň ýanyndaky “Trans Asia Pipeline” kompaniýasynyň baş direktory jengap Lýuý Gunsýun öz gezeginde “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde gazy gaýtadan işleýän ikinji zawodyň ulanmaga berilmegi HHR-iň we Türkmenistanyň nebitgaz hyzmatdaşlygynda täze döwri alamatlandyrdy diýip belledi.
Bu wakanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e saparynyň öň ýanynda bolup geçýändiginiň özboluşly manysy bar diýip, myhman belledi. Jenap Lýuý Gunsýun ýangyç-energetika toplumynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza CNPC-niň ýolbaşçylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra bellenilişi ýaly, gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygynyň başlanan wagtyndan bäri iki ýyldan gowrak wagt geçip, bu ýerde hytaý we türkmen hünärmenleriniň 9 müňe golaýy egin-egine berip zähmet çekdiler. Bu desga ulanmaga berlenden soň, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň ýyllyk önümçilik kuwwaty 17 milliard kub metre ýeter. Umuman, bularyň hemmesi Türkmenistandan HHR-e iberilýän mawy ýangyjyň” möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Jenap Lýuý Gunsýun Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasy geljekde hem özüne bildirilen ynamy ödemäge we Türkmenistanda has-da netijeli işlemäge ymtylar diýip, döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.
Biz türkmen halkynyň Siziň ýolbaşçylygyňyzda täze üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanýarys. Berkarar döwletiiň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň taryhyna aýdyň sahypa bolup ýazylar diýip, myhman belledi.
Milli Liderimiz HHR-iň wekillerine alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan dünýäniň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Ýene bir tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Teleköpriniň kömegi bilen dabaraly çärä Hojambaz etrabynyň “Mekan” geňeşliginiň ýaşaýjylary goşulýarlar. Bu ýerde CNPC kompaniýasy öz maliýe serişdeleriniň hasabyna kuwwaty bir gije-gündizde 1500 kub metre deň bolan suw arassalaýjy zawody bina etdi. Desganyň bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna barabardyr.
Şunuň ýaly kärhanalary gurmak, aýratyn-da, alys obalarda bina etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş meýilnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýar. Zawod dürli maksatly desgalaryň toplumyny öz içine alýar. Olaryň hatarynda ibermek üçin taýýar suw rezerwuarlary, suw sorujy beket, operator gullugynyň we suwuň hiline gözegçilik gullugynyň binasy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana bar. Häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän tehnologik işleriň bökdençsiz alnyp barylmagyny ýokary öndürijilikli enjamlar üpjün edýär.
Täze desganyň açylyş dabarasy “Bagtyýarlyk” gazy gaýtadan işleýän zawodyň maslahatlar zalynda oturdylan uly monitorlarda onlaýn-düzgünde alnyp görkezildi. Oňa welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Täze döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş maksatly syýasaty netijesinde ilatyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Hojambaz etrabynyň ýaşaýjylary teleköpri arkaly döwlet Baştutanymyza welaýaty durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, adamlaryň amatly ýaşamagy üçin şertleri döretmek barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz lebaplylary suw arassalaýjy zawodyň açylmagy bilen mähirli gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz bu kärhananyň gurluşygyna gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz teleköpri tamamlanandan soň, dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnama” laýyklykda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga tarap ugur alyndy diýip belledi. Yzygiderli durmuşa geçirilýän bu syýasat eýýäm öz netijelerini hem berip başlady. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň ýataklarynyň tiz wagtda gurulmagy muňa mysal bolup biler.
Ulanmaga berilýän täze senagat desgalarynda döwrebap tehnologiýalar, täze ylmy-tehniki işläp düzmeler, innowasion “nou-haular” ulanylýar. Şunda daşky gurşawy goramak, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň Türkmenistanda işleýän ýolbaşçylaryna ýüzlenip, türkmen döwletiniň ýöredýän “açyk gapylar” syýasatynyň möhümdigini belledi. Bu syýasat olaryň ýurtlarynyň esasy kompaniýalaryna biziň giň gerimli taslamalarymyza işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Şol taslamalar bolsa sebit hyzmatdaşlygyny ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir.
Halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki iri taslamalar diňe Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň dünýä ykdysady giňişligine hemmetaraplaýyn goşulmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Olaryň hatarynda “Demirgazyk-Günorta” we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýollarynyň gurluşygy bar.
Şunuň bilen baglylykda, şu günki çärä ilçileri gatnaşýan ähli döwletlere we halkara guramalaryna, olaryň parahatçylygy, durnuklylygy, ählumumy ösüşi we rowaçlygy üpjün etmek bilen bagly bolan wezipeleri bilelikde çözmäge gönükdirilen netijeli işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözleri aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemlemek bilen, Hytaýyň döwlet ýolbaşçylaryna we bu ýurduň halkyna jan saglyk, bagtýyarlyk we rowaçlyk arzuw edip, ýola goýlan hakyky dostluk we ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki döwletiň bähbidine hyzmat etjekdigine, Merkezi we Gündogar Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmegiň bähbidine has-da ösjekdigine ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz binadan çykýar we elektrokara münüp, “Bagtyýarlyk” gazy gaýtadan işleýän zawodyň esasy önümçilik desgalaryny gözden geçirip başlaýar.
Milli Liderimiz toplumyň dolandyryş merkezine barýar. Bu ýerde işleýän hünärmenler döwlet Baştutanymyzy dispetçer bölüminiň täze enjamlary we elektron abzallary bilen tanyşdyrýarlar. Bu enjamlar “mawy ýangyjy” ýygnamak, taýýarlamak we ibermek bilen bagly bolan ähli tehnologik işlere takyk gözegçilik etmäge we işleri dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite düwmä basyp, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda “Bagtyýarlyk” gazy gaýtadan işleýän zawody dabaraly ýagdaýda işe girizýär. Birnäçe wagtdan zalda oturdylan uly monitorda görünýän tehnologiýk ulgamda zawoddan gelip gowşan gazyň esasy gaz geçiriji ulgama baryp ýetendigini habar berýän görkeziji ýanýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýazgy galdyryp, bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşýar we binadan çykýar. Döwlet Baştutangymyz dikuçara tarap ugraýar. Dikuçar asmana galyp, Serdarabat etrabyna tarap ugur alýar.
Milli Liderimiziň dikuçary biraz salymdan Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabyndaky döwlet elektrik stansiýasynyň çägine gonýar. Dikuçaryň öňünde milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Türkmen halylary düşelen ýörite meýdançada dabaraly waka gatnaşyjylaryň köpsanlysy ýygnandy. Olaryň hatarynda Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, Lebap welaýatynyň häkimi, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, türkiýeli işewürler we gurluşykçylar bar.
Şu wakanyň hormatyna elektrik stansiýasyynyň çägi baýramçylyk lybasyna beslenipdir, köpsanly dabara gatnaşyjylaryň, şu täze desganyň peýda bolan ýeriniň ýaşaýjylarynyň öňünde döredijilik toparlary çykyş edýärler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň gazananlaryny wasp edýän aýdymlar ýaňlanýar.
Milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ulanmaga beriljek täze gazturbina elektrik stansiýasyna tarap ugraýar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimizi täze döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri mähirli mübärekleýärler. Olar milli Liderimizi elektrik stansiýasynyň işi bilen tanyşdyrýarlar. Umumy kuwwaty ýylda 149,2 MWt elektrik energiýasyna barabar bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasy “Çalyk Enerji” türk kompaniýasy tarapyndan guruldy.
Mälim bolşy ýaly, bu desganyň inžener tehniki düzümini döretmegiň üstünde hünärmenleriň, inženerleriň, elektrikleriň, gurluşykçylaryň, jemagat hojalygy işgärleriniň ýüzlerçesi işledi. Inženerçilik desgalaryň çäklerinde kabelleriň, aragatnaşyk, suw geçiriji we lagym ulgamlarynyň ýüzlerçe kilometri çekildi. Serdarabat etrabynda gurlan desgalar elektrik energiýasynyň daşary ýurda iberilmeginiň geljegi nazara alnyp, welaýatyň ýaşaýjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga ukyplydyr.
Dabaraly ýagdaýda, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär we Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň giň we ýagty eýwanyna girýär.
Habar berlişi ýaly, täze elektrik stansiýasy döwrebap tehnologiki desgalaryň toplumyny öz içine alýar. Olaryň arasynda her biriniň kuwwaty 49 megawata barabar bolan üç sany kuwwatly LM 6000 gazturbina desgalary aýratyn orun eýeleýär. Olar meşhur “General Electric” kompaniýasynyň (ABŞ) önümleridir. Biziň ýurdumyzda ilkinji gezek ulanylýan bu döwrebap desgalaryň işe girizilmegi gije-gündiziň dowamynda 3 580 000 kWt/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer. Olar welaýatyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek bilen birlikde goňşy döwlete Owganystana elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik döreder.
Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny iberýär. Lebapdaky gazturbina elektrik stansiýasynyň işläp başlamagy bilen Andhoýa elektrik energiýasynyň goşmaça 100 megawatyny ibermäge mümkinçilik dörär.
Şunuň bilen baglylykda, täze elektrik geçiriji ulgamlary gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi goňşy döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, milli Liderimiziň beýik başlangyçlary anyk işlerde we giň möçberli gurluşyklarda öz aýdyň beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary we erk-islegi bilen bedew bady bilen öňe ynamly barýar.
Stansiýanyň hünärmenleri milli Liderimize täze desganyň tehniki häsiýetnamalary barada habar berip, çylşyrymly tehnologiki işiň netijesinde gaz paýlaýjy stansiýada gerek bolan derejä ýetirilen tebigy gazyň süzgüçler ulgamy arkaly turbinalaryň ýanyş kameralaryna barýandygyny we olary herekete getirýändigini aýtdylar. Turbinalaryň aýlaw energiýasy onuň bilen bagly generatorlar arkaly elektrik energiýasyna öwrülýär. “General Electric” amerikan kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan gazturbinalarynyň işleýşiniň bu tehnologiýasy häzirki wagtda has netijeli, howpsuz we ekologik taýdan arassa tehnologiýa bolup durýar.
Bu gaz turbinalaryndan daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberi örän azdyr. Munuň özi daşky gurşawy goramakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, bu zyýanly galyndylary azaltmak üçin ulanylýan suwy hem-de 1 kWt/sagat elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Elektrik stansiýasynyň baş binasynda dolandyryş edarasynyň otaglarynyň, şeýle hem elektrik stansiýasyny dolandyrmagyň baş şitiniň ýerleşýändigi barada aýdylyp, onuň Ýaponiýadan, Türkiýeden we dünýäniň beýleki esasy önüm öndürijilerinden getirilen döwrebap kompýuter ulgamlary hem-de dürli tehniki enjamlar bilen üpjün edilendigi nygtaldy. Bu tehnika stansiýanyň hünärmenlerine gazturbina bloklarynyň hem-de paýlaýjy enjamlaryň işine takyk gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Paýlaýjy desga dürli kuwwatlykdaky elektrik energiýasynyň berilmegini, şeýle hem arassalanan we biraz gyzdyrylan tebigy gazy gazturbina desgalaryna berýän awtomatiki gazreduksiýa stansiýasynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär.
Elektrik stansiýasynyň işiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin tehnologiýada onuň ätiýaçlyk, suwuk ýangyçda işledilmegi göz öňünde tutulandyr. Şu maksat bilen energetika toplumynyň çäginde zerur bolan möçberde dizel ýangyjyny saklamak üçin rezerwuarlar guruldy. Munuň özi tebigy gazyň turbina desgalaryna gelmegi kesilen halatynda-da, elektrik energiýasynyň bökdençsiz işlenip çykarylmagyny üpjün eder.
Bu ýerde ýokary tehnologiýaly elektrik enjamlary babatda oňaýly şertleri döretmek üçin emeli howa ýagdaýy saklanýar. Bu desga halkara ülňülerine hem, ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna hem doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli tehnologiki amallar bilen içgin tanyşýar.
Döwlet Baştutanymyzyň elektrik stansiýasyna baryp görmeginiň barşynda hünärmenler energetika pudagynyň şeýle döwrebap düzümleýin desgasyny gurduryp berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu desgada işgärler üçin iň oňaýly şertler döredildi, önümçilikler ýokary tehnologiki enjamlar bilen üpjün edildi. Olar özleri barada edilýän alada ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine tutanýerli zähmeti bilen jogap berjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz enjamyň kömegi arkaly täze elektrik stansiýasyny dabaraly ýagdaýda işe girizýär. Bu ýerde ornaşdyrylan ekranlarda turbinalaryň şekilleri peýda bolýar. Şol ekranlar Lebap elektrik stansiýasynyň işleýşine syn etmäge mümkinçilik berýär.
Bu möhüm täze desganyň işe girizilmegi Amyderýa jülgesiniň halk hojalygyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilişini has-da gowulandyrmaga, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilişini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Bu wakadan ýadygärlik hökmünde döwldet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toplumynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy hem-de “General Electric” kompaniýasynyň ýokary düzüminiň ýolbaşçysy, “General Electric Power & Water” kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça prezidenti Rikardo Kordobany kabul etdi.
Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp we wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Lebap welaýatynda milli ykdysadyýetimiz üçin strategiki ähmiýete eýe bolan iki sany desganyň “Bagtyýarlyk” ýatagynda gazy gaýtadan işleýän täze zawodyň hem-de Serdarabat etrabynda kuwwaty 149,2 MWt-a barabar bolan gazturbina elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär we döwletiň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanýan üstünlikleri bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Türkmen Lideriniň goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň ähli döwletler bilen giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde işewür toparlaryň wekilleri, şol sanda türk we amerikan kompaniýalary bilen işjeň gatnaşyklar berkidilýär. Şol kompaniýalar bolsa ýurdumyzda özgertmeler maksatnamalaryny hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge öz goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny mübärekläp we gutlag sözleri üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen daşary ýurtly kompaniýalaryň ählisi bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtady. Kuwwatly bitewi energetika ulgamyny döretmek milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar, şunda dünýäniň iň gowy tejribesini we iň täze tehnologiýalaryny çekmäge aýratyn üns berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Munuň özi tutuş ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy çaltlaşdyrmagyň möhüm şerti bolar. Şu babatda türkiýeli we amerikaly hyzmatdaşlara, hususan-da, “Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş” we “General Electric” kompaniýalaryna iri taslamalary, şol sanda türkmen paýtagtyny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek baradaky taslamalary durmuşa geçirmek ynanyldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda elektrik energetikasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada durlup geçildi. Türkiýeli işewür Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Ahal welaýatynda kiçi gazturbina elektrik stansiýalarynyň gurluşygynyň ilerledilişi barada hasabat berdi. Bu işe dünýäniň esasy elektroenergetika enjamlaryny öndürýän kompaniýalary, şol sanda “General Electric” amerikan kompaniýasy çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň uly geljegini nazara almak bilen, daşary ýurtlaryň iň gowy hünärmenlerini çekmek arkaly Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binýadynda ýokary hünärli milli inžener-tehniki işgärleriň köpsanlysyny taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.
Öz nobatynda, Rikardo Kordoba milli Liderimizi “General Electric” kompaniýasynyň ýerlerde hünärmenleri okatmak, şeýle hem olaryň ABŞ-da iş ýüzünde bilimlerini kämilleşdirmek babatda goldaw bermäge taýýardygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri bilen hoşlaşyp we olara üstünlikli işlemegi arzuw edip, haly düşelen ýodajyk bilen dikuçara tarap ugraýar.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara münýär we bu ýerden ugraýar.
Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň önümçilik düzümini çalt depginler bilen döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda strategiki pudaklary, şol sanda energetika senagatyny okgunly ösdürmek üçin zerur şertleriň ählisi döredilýär. Häzirki wagtda türkmen elektrik energetikasy ýokary depginde durnukly ösýär we dünýä bazarlarynda uly isleglerden peýdalanýan elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga ukyplydyr. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga wagtda gurlan kuwwatly elektrik stansiýalarynyň we täze elektrik geçiriji ulgamlaryň netijeli işlemegi netijesinde pudagyň köp esse artan kuwwaty ýurdumyzyň ähli sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek bilen bir hatarda, türkmen elektrik energiýasyny beýleki ýurtlara, şol sanda Owganystana ibermäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, şu gün täze senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap saýlanyp alnan ugry amala aşyrmakda nobatdaky ädim boldy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň durmuşa geçirýän ähli giň gerimli senagat taslamalarymyz sebit hyzmatdaşlygynyň täze, has netijeli derejesine çykmaga kuwwatly itergi berýär.