Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “General Electric” kompaniýasynyň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýadaky hem-de GDA ýurtlaryndaky prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Ronald J.Polletti kabul etdi.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlady hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Myhman “General Electric” kompaniýasynyň ösüş ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyz batly depginler bilen ösýär hem-de barha özgerýär, türkmen paýtagty gün-günden gözelleşýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Amerikanyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda elektroenergetika kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamy boýunça Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy “General Electric” kompaniýasy bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň oňyn netije berýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ylmyň iň täze gazananalaryna, öňdebaryjy tehnologiýalara we täzeçil usullara uly gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň durmuş-ukdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryny nazara alyp, işewür hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän hem-de ýurdumyzyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm ähmiýeti bolan taslamalaryň geljekki ugurlary kesgitlenip, olaryň amala aşyrylmagynyň diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň we senagat desgalarynyň durnukly hem-de ygtybarly elektrik üpjünçiligini ýola goýman, eýsem, türkmen elektroenergiýasynyň dürli ugurlar, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan goňşy ýurtlara ugradylýan möçberlerini has-da artdyrmaga şert döretjekdigi bellenildi.
Myhman Türkmenistanyň halkara giňişliginde özüni ygtybarly, işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belläp, kompaniýanyň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Işewüriň belleýşi ýaly, “General Electric” kompaniýasy bu ulgamda ägirt uly tejribe toplan, işewürligi alyp barmak üçin zerur şertler döredilen, oýlanyşykly maýa goýum syýasatyny ýöredýän, ägirt uly ykdysady hem-de serişde kuwwatyna eýe bolan ýurduň geljegi uly bazarynda öz ornuny pugtalandyrmak üçin ähli zerur tagallalary eder.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we işewür ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň täze bilelikdäki taslamalaryň üsti bilen üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.