Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň mugallymlary tarapyndan soňky ýyllarda toparlaýyn awtorlykda türkmen dilinde ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaplary taýýarlanyldy. Olaryň ählisi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binýadynda neşir edildi. Täze neşirler bilim bermek işlerini guramak üçin gerek bolan okuw-usulyýet edebiýatynyň sanawynyň üstüni ýetirdi.
Şeýlelikde, 2011-2012-nji ýyllarda mugallymçylyk orta hünär okuw mekdepleri üçin Tebigaty öwrenmek we ekologiki taýdan terbiýelemek we Türkmenistanyň geografiýasy neşir edildi. Birinji neşir bütin dünýäniň tebigatynyň, şol sanda Türkmenistanyň hem, okuw materiallaryna eýedir. Ikinji neşir Türkmenistanyň sebitleriniň toprak-howa aýratynlyklary, olaryň tebigy şertleri, biziň ýurdumyzyň ykdysadyýeti, senagaty we oba hojalygy, tebigy serişdeleriň peýdalanylyşy barada giňişleýin maglumatlara eýedir.
Şu ýyl ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň tebigat ylymlary fakultetleriniň talyplary üçin Türkmenistanyň fiziki geografiýasy okuw kitaby neşir edildi. Kitabyň bölekleri Türkmenistanyň çäkleriniň geologiýasy, topragyň gurluşy we ýerleriň relýefi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, howa, suw serişdeleri, toprak-ösümlik örtgüleri öwrediji materiallary özünde jemleýär. Olara ýurduň sebitleriniň ählisiniň fizika-geografiýa aýratynlyklary barada materiallar goşulandyr.
Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebiniň geografiýa fakultetiniň mugallymlary tarapyndan ýokary okuw mekdepleri üçin Topragy öwreniş ylmynyň esaslary we topragyň geografiýasy ugry boýunça okuw kitaby taýýarlanylýar. Onda Türkmenistanyň ýer serişdeleri boýunça häzirki günüň doly maglumatlary getirilendir.