ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek hem-de giriş synaglaryny geçirmäge taýýarlyk görmek dowam edýär, giriş synaglary 2-nji awgustdan 25-nji awgust aralygynda geçiriler. Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine geçen ýyldaka garanyňda 600 adam köp kabul ediler. Mundan başga hem ýaşlaryň müňlerçesi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberiler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň şu ýylyň birinji ýarymynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde ilkinji nobatdaky wezipeleri beýan etdi, olaryň hatarynda däp boýunça milli bilim ulgamy we ýurdumyzyň ylmy ileri tutulýan orny eýeleýär.
Döwlet Baştutany bu ugurda geçirilýän özgertmeler hakynda söz açyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda talap edilýän hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly ugruň möhümdigini nygtady. “Hut şu maksat bilen biz täze okuw mekdeplerini döredýäris, olar ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýar” diýip, milletiň Lideri “Türkmen döwlet maliýe institutyny döretmek hakyndaky” Permana, şeýle hem Aşgabatda ýörite orta maliýe-ykdysady mekdebi döretmek hakyndaky Karara gol çekmek bilen belledi.
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda täze iki okuw mekdebiniň açylmagy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginde nobatdaky ädim boldy, ol ýokary okuw mekdepleriniň işine hem oňyn täsir etdi— hünärleriň sany artdy, okatmagyň görnüşleri has köp dürli boldy, tutuşlygyna alnanda ähli bilim beriş ulgamynda uly hem-de peýdalanylmadyk mümkinçilikler ýüze çykaryldy.
Soňky birnäçe ýylda milli bilim ulgamynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda döwrebaplaşdyrmagyň umumy ýagdaýlarynyň, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň, bazar ykdysadyýetini kemala getirmegiň, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagyň, medeni we ylmy ösüşiň barşynda ep-esli üýtgetmeler bolup geçdi. Ilki bilen, bilimiň esasy kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi. 2009-njy ýylyň awgust aýynda jemgyýetimiziň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimiň ileri tutulmagyny berkiden “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň raýatlarynyň täze neslini kemala getirmäge tarap gymmatly çelgileri bilimi ösdürmegiň täze milli doktrinasynyň esasynda goýdy. Ol özünde milli ruhy gymmatlyklary, ýurdumyzyň tejribesini hem, bu babatda umumydünýä derejesindäki gazanylanlary hem utgaşdyrýar.
Hünärli bilimiň döwlet edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmegiň barşynda olaryň ulgamy, şol sanda ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagynyň hasabyna giňeldi, munuň özi ýurdumyzyň has uzakda ýerleşen sebitleriniň ýaşaýjylaryna hem hünärli bilimi almaga ep-esli mümkinçilikleri berýär, mysal üçin, diňe geçen ýylda Daşoguzda Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenbaşyda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty açyldy. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda okuwlar başlandy. Ýurdumyzyň diplomatiki gulluklary üçin işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşuldy. Paýtagtymyzda Russiýanyň I.M.Gubkin adyndaky döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasy açyldy. Ýurdumyzda uniwersitetleriň sany hem artýar, geçen ýyl oňa Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti goşuldy.
Öwredilýän hünärleriň sanynyň artmagy bilim ulgamynda düýpli üýtgetmeleriň biri boldy, munuň özi dalaşgärleriň geljekki hünärlerini giňden seçip almak mümkinçiliklerine we bilimiň zähmet bazarynyň talaplaryna has ykjam gözükmegine ýardam edýär.
Bilim we ylym edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň goşulyşmagy ösdürildi, munuň özi dürli derejede hünär taýdan taýýarlamagyň wezipelerini ulgamlaýyn çözmäge, bilimiň, ylmyň we senagatyň arabaglanyşygyny güýçlendirmäge, bar bolan maddy-tehniki binýady, mugallymlary, hünär taýdan baglanyşyklylygyň däplerini has doly we netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bilim ulgamynyň özüni hem, okatmak işlerini hem guramakda daşary ýurtlaryň iň oňat tejribesini öwrenmäge hem-de ulanmaga aýratyn üns berilýär. Hakykatda milli bilim ulgamy ýokary halkara talaplaryna we ülňülerine laýyk getirilýär.
Bularyň hemmesi ýurdumyzyň intellektual mümkinçiliklerini, işgärler babatda serişdeleri artdyrmaga, ösen ýaşlary kemala getirmäge gönükdirilendir, olar uly möçberli wezipeleri çözmelidirler we ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmelidirler, medeniýetiň, ylmyň, bilimiň ýokary derejesi bolan yurt hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmalydyrlar.
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda jemgyýetimize häzirki zaman bilimli, ahlakly, işewür, özbaşdak çözgütleri kabul edip bilýän, başlangyçlary görkezmäge ukyply, konstruktiwligi bilen tapawutlanýan, hünär we öz ösüşinde täze belentliklere çykmaga taýýar, ýurdumyzyň ykbaly, onuň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegi ugrunda jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan adamlar gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyny diňe bir bilimleriň we başarnyklaryň belli bir toplumyna eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem täze gymmatlyklary döretmäge, netijeli taglymlary ornaşdyrmaga we olary amala aşyrmaga, ösüşi üpjün etmäge ukyply hünärmenleri, hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirmek bilen nygtaýar.
Jemgyýetimizi jebisleşdirmek, ýurdumyzda demokratiýany çuňlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplydygyny we ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, döwletimiziň durmuş syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmak üçin bilimiň ägirt uly mümkinçilikleri şundan ybaratdyr.
Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, hut bilim ulgamy ýurdumyzyň ösüşiniň strategiýasynda goýlan beýik maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin binýat, onuň innowasion ösüşinde hakyky öňegidişlik gazanmagyň esasy bolmalydyr. “Biz ýaşlarymyza bilim bermegiň kuwwatly binýadyny döretdik. Biziň gurup ulanmaga beren, Internet we kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilen täze orta mekdeplerimiziň, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan ýokary okuw mekdeplerimiziň binalary halk hojalygy üçin geljekki sowatly hünärmenleri we dolandyryjy işgärleri yzygiderli taýýarlamak üçin pugta esasdyr, halkymyzyň geljekde hem gülläp ösmegi we abadançylygy üçin döredilen mizemez binýatdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda bolan mejlisinde aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň öz maksatnamalaýyn sözlän sözünde belleýşi ýaly, öňde uly işleri durmuşa geçirmek wezipesi durýar. Hususan-da, milletiň Lideri ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmek meselesiniň üstünde durup geçmek bilen bu pudagyň ýolbaşçylaryna Binagärlik-gurluşyk institutyny açmak baradaky meseläni işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Bu talap häzirki wagtda Türkmenistanda ýaýbaňlanan uly möçberli gurluşyk işleri bilen bagly ýüze çykýar, munuň özi ýokary hünärli inženerlere-gurluşykçylara, başarnykly binagärlere we bezegçilere hem-de şäher gurluşygynyň beýleki hünärmenlerine bolan islegi artdyrýar.
Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän nebitgaz pudagyny hünärli işgärler bilen üpjün etmek baradaky meseläni döwlet Baştutany aýratyn gozgady. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri häzir işläp gelýän, halk hojalyk toplumynyň bu möhüm ulgamynda häzirki wagtda talaplary kanagatlandyrmaýan Türkmen politehniki institutyny ýapmagyň hem-de Nebit we gaz institutyny döretmegiň maksadalaýykdygyny belledi.
Şu bilim beriş edaralarynyň işi ilkinji nobatda milli maksatnamalary we iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi, bu ulgamlarda ylmy-tehniki progresi ösdürmegi we häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmegi işgärler bilen üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Täze ýokary okuw mekdeplerini ösdürmegiň çäklerinde häzirki zaman bilim beriş maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, täze okuw we ylmy enjamlar bilen üpjün etmek, mugallymlary gaýtadan taýýarlamak hem-de innowasion bilim beriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Täze okuw mekdepleri innowasion-tehnologiki ösüşiň we dünýä derejesindäki işgärleri taýýarlamagyň merkezleri bolmalydyrlar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi ýurdumyzyň häzirki zaman durmuş talaplaryna laýyk gelýän we onuň geljegini, halkara meýllerini nazara alýan kuwwatly bilim binýady bilen berkidilýär.
Geçilen ýola ser salmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz döwlet işini bilim ulgamyny özgertmek bilen başlandygynyň tötänleýin däldigini belläp geçmeli. Häzirki wagtda, dünýäde intellektual we tehnologiki bäsleşikleriň geçýän eýýamynda hut bilim bermek ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etjek kesgitleýji ýagdaý bolup durýar. Döwlet Baştutany tarapyndan bilimi özgertmegiň milli ähmiýetli taslama hökmünde yglan edileni bäri tutuş bilim ulgamy sazlaşykly ölçegleriň we maksatlaryň esasynda ösüp başlady.
Iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman täze mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş hem-de döredijilikli ösüş merkezleri diňe bir paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şeýle hem obalarynda hem gurulýar. Her ýyl ýurdumyzda täze okuw şäherçeleri açylýar. Şolarda okamak we boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Okuw mekdepleriniň maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, olary barlaghana enjamlary, okuw abzallary, maglumat beriş we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň serişdeleri bilen üpjün etmek şu tapgyrda bilim özgertmeleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanynyň 26 million dollara golaý möçberde kompýuterleri satyn almak hakyndaky çözgüdi aýdandygyny hem belläp geçmeli, olar täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine gowşurylar.
Mugallymlaryň hünäri hem ýokarlanýar, olar täze bilim beriş usulyýetlerini we maglumatlar tehnologiýlaryny özleşdirýärler. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara gatnaşyklary giňelýär. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen berk aragatnaşyklary ýola goýup, şol ýurtlarda özüniň talyplarynyň sanyny ep-esli artdyrmagy gazandy, halkara barlaglaryna, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky alyş-çalyşlara hem-de akademiki maglumatlar ulgamlaryny ösdürmäge gatnaşmagyny giňeltdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hakyky bilim we ylym ojaklaryna öwrülýär, ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň ylmy işleriniň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň her ýylky bäsleşikleriniň jemleri muňa şaýatlyk hdýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleri taýýarlamak meselesine ýüzlenmek bilen, eger adamynyň durmuş taýdan jogapkärçiligine, halkymyzyň taryhy we milli däplerine, onuň ahlak gymmatlyklaryna degişli bolmasa, alnan bilimiň öz-özünden netijeliliginiň pesdigini belläp, ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemegiň ähmiýetini nygtaýar.
Şeýlelikde, giriş synaglarynyň başlanmagyna örän az wagt galdy.
Biziň dalaşgärlerimize okuwa girmekde üstünlikleri, öz arzuwlaryny amala aşyrmakda tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, seçip alan hünärlerine erk etmäge hem-de bäsleşige ukyply ýaş hünärmenler bolup ýetişmäge çalyşmaklaryny arzuw edýäris.
Ýurdumyzda munuň üçin ähli mümkinçilikler döredildi–muňa öz islegiňi, maksada okgunlylygyňy hem-de jogapkärçiligiňi gönükdirmek möhümdir.
referans: www.turkmenistan.gov.tm