ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümleriniň biri—galla oragy badalga aldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçiren mejlisinde ýaşulularyň gatnaşmagynda orak möwsümine ak pata berdi.
Döwlet Baştutanynyň buýrugyna laýyklykda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýurdumyzyň ekerançylary orak möwsümine girişdiler. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygy we rowaçlygy barada dileg edip, oraga ak pata berdiler. «Çäjiňe bereket!» diýen sözler bilen aksakallar ýokary öndürijilikli galla ýygnaýjy kombaýnlarda dessine işe başlan mehanizatorlara gallanyň simwoliki desselerini gowşurdylar. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna iýun aýynyň birinji on günlüginde başlarlar.
Mälim bolşy ýaly, dänelik ekinleri ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň oba senagat toplumynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýyl ýurdumyzyň gallaçylary döwlet harmanyna saýlama dänäniň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bu görkeziji ýurdumyza zerur bolan dänäniň möçberinden köpdür. Netijede biziň ýurdumyz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden kararyna laýyklykda 2010-njy ýylyň hasylyndan artan dänäniň 200 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtly alyjylara ugradyp, öz täze taryhynda azyklyk dänäni eksport edip başlady.
Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanda däneçiligiň üstünlikli ösdürilmegine milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän düýpli oba hojalyk özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýeti öz oňaýly täsirini ýetirýär. Şonda önümçilige dünýä we türkmen ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň we tehnikanyň ornaşdyrylmagy, dänäni saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur bolan şertleri döredýän täze elewatorlaryň we un üweýän toplumlaryň işe girizilmegi we gurulmagy möhüm orun eýeleýär. Gallaçylaryň öndürijilikli zähmetini höweslendirmek, ýetişdirilen hasyl üçin özara hasaplaşyklaryň netijeli usullaryny peýdalanmak meseleleri hemişe döwlet Baştutanynyň üns merkezinde durýar. Şunuň bilen baglylykda welaýatlarda yzygiderli amala aşyrylýan, oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” aýratyn orun eýeleýär.
Şu ýyl türkmen gallaçylary 860 müň gektardan 1 million 600 müň tonna, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 450, Mary welaýaty boýunça 380, Lebap welaýaty boýunça 350, Daşoguz welaýaty boýunça 300 hem-de Balkan welaýaty boýunça 120 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler.
Ýurdumyzyň gallaçylary dänelik ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ilkinji nobatda ýurdumyzyň her bir welaýatynyň toprak-howa şertlerini nazara alýarlar. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem oňat işlenen we dökünlenen topraga ak bugdaýyň iň gowy sortlarynyň–«Sähraýy», «Ýubileýnaýa-100», «Juwan», «Ýolöten-1», «Batko», «Türkmenbaşy-1» we «Bitarap» ýaly ýokary hasylly sortlarynyň tohumlary sepildi.
«Türkmenobahyzmat» assosiasiýasynda TDH-niň habarçysyna habar berişleri ýaly, 2011-nji ýylyň galla oragynda däne orýan kombaýnlaryň iki müňden gowragy işlediler, olaryň 270-si şu ýyl satyn alnan dünýä belli «Jon Dir», «Keýs» we «Klaas» tehnikalarynyň nobatdaky tapgyrydyr. Işiň gije-gündizlik tertibini nazara almak bilen däne ýygnaýjy düzümiň bökdençsiz işlemegi, şol sanda gyssagly tehniki kömegiň berilmegi, oraga gatnaşyjylaryň dynç almagynyň göwnejaý guralmagy üçin zerur bolan şertler göz öňünde tutuldy.
Orak möwsümine kabul ediş nokatlaryň 156-sy taýarlanyldy. Olara ýük awtoulaglarynyň 7 müňe golaýy däne daşarlar. Kabul ediş nokatlarynyň her biri barlaghana bilen üpjün edilip, olarda «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň wekilleri gelip gowuşýan dänäniň hilini kesgitleýärler.
Ýurdumyzyň ähli elewatorlary dänäniň täze hasylyny kabul etmäge oňat taýarlanyldy. Olar däne arassalaýjy tehnika, awtogapanlar we beýleki ýörite serişdeler bilen üpjün edildi. Olaryň arasynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli kararlaryna laýyklykda «Türkmengallaönümleri» assosiýasiýasynyň buýurmasy boýunça Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent we Ahal welaýatynyň Altyn asyr etraplarynda, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda gurlan, sygymlylygy 50 müň tonna, şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 30 müň tonnalyk täze kuwwatly elewatorlar bar. Olarda dänäni çekmek, hilini barlamak we saklamak işlerini dolandyrmagyň we awtomatlaşdyrylan toplumlaýyn ulgamlar üpjün edýär.
Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Bereket», Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Bereket» hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Atabaýew adyndaky daýhan birleşiklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmelerini amala aşyrmaga, galla oragynyň öz möhletinde we ýitgisiz geçirilmegine, ýygnalan däne hasylyny saklamaga, bar bolan tehnikanyň gije-gündiz we bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge, kärendeçiler bilen häzirki zaman özara hasaplaşyklaryny we gallaçylaryň dynç almagyny guramaga hem-de möhüm oba hojalyk möwsümi bilen bagly bolan beýleki wajyp meselelere bagyşlanan maslahatlar geçirildi.
Maslahatlara gatnaşyjylar–welaýat we etrap häkimlikleriniň, «Türkmengallaönümleri» we «Türkmenobahyzmat» assosiýasiýalarynyň, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň bölümleriniň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň, Umumymilli «Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýaşulular, kärendeçi-gallaçylar, mehanizatorlar we sürüjiler öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen obasyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän ünsi, ýurdumyzyň ekerançylarynyň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada edýän aladasy üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Gallaçylaryň tutanýerli zähmetiniň netijeleriniň türkmenistanlylaryň bereketli saçagynyň bezegine, ýurdumyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň, durnuklylygynyň we elbetde gadymy we müdimi türkmen topragynyň sahylygynyň nyşanyna öwrülmegi üçin ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda öz bilimlerini, tejribelerini we güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Maslahatlaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň önümleriniň sergileri guraldy. Welaýatlaryň belli artistleri, aýdymçylary we döredijilik-tans toparlary gallaçylar üçin öz aýdym-saz sowgatlaryny taýarladylar.
Galla oragynyň başlanmagynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadakalar berildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm