Türkmenistanyň paýtagtynda iri göwrümli medeni taslamasyna – göçme sergisine badalga berildi. Surat çekmegiň meşhur ussatlary we ýaş suratkeşler ýurdyň ähli sebtine baryp görerler.
Olar bir hepdäniň dowamynda şahsy sergilere gatnaşarlar hem-de çeperçilik mekdepleriniň okuwçylaryna öz usstlyklarynyň syrlary barada gürrüň bererler, öz kärdeşleri bilen söhbetdeş bolarlar. Bu taslama şu ýylyň bütin dowamynda alnyp barylar.
Ilkinji sergi 2012-nji ýylda GDA ýurtlarynyň medeni merkezi diýlip yglan edilen Mary şäherinde geçirildi. Şäheriň ýaşaýjylary ýaş suratkeş Oguljeren Babaýewanyň işleri bilen tanyş boldylar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm