Mary welaýatynyň Goňurdepe ýadygärliginde arheologik gazuw-agtaryşlaryň güýzki möwsümi tamamlandy. Bu ýerde professor Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda halkara ylmy topar iş geçirýär. Bu Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirliginiň hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň etnologiýa we antropologiýa institutynyň bilelikdäki taslamasy bolup durýar. Ol soňky ýyllarda diňe täsin ýadygärlikleri ýüze çykarmaga däl-de, eýsem, dünýädäki ilkinji siwilizasiýalaryň ösüşi hakynda häzirki zaman düşünjelerini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Mälim bolşy ýaly, hut Türkmenistan B.I.Sarianidiniň Murgap derýasynyň köne hanasynda eden açyşlary netijesinde Gadymy Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan we Hytaý bilen bir hatarda, dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy diýlip ykrar edildi.
Toparyň Gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty Goňurdepede geçirýän gazuw-agtaryşlarynyň ýubileý ýylynda arheologlara biziň eýýamymyza çenli ikinji müňýyllykda bu ýerlerde ýaşap geçen ilatyň maddy medeniýeti barada täze we dürli görnüşli maglumatlary almak başartdy. (Bu ýerde ilkinji gazuw-agtaryş işleri 40 ýyl mundan öň geçirildi). Indi dürli ugurdan bolan alymlara-arheologlara, gündogarşynaslara, binagärligiň taryhçylaryna, sungaty öwrenijilere, geologlara, paleobotaniklere, paleozoologlara, geomorfologlara ýygnalan maglumatlary işlemek we seljermek galýar. Şondan soň degişli netijeler çykarylar we Marguş toparynyň işleriniň bäşinji jildi çap ediler.
Şu möwsümde üsti açylan tapyndylaryň arasynda gadymy türkmen ýurdy bolan Marguşyň şekillendiriş sungatynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýän iki tapyndy has-da tapawutlanýar. Olar täze eýýama çenli ikinji müňýyllygyň ortasyna degişli antropomorf heýkeljikleriniň bölekleridir.
Birinji bölek heýkeljigiň kellesi bolup, adatça reňki, ýazgysy we agramy boýunça tapawutlanýan daşlaryň iki görnüşinden taýýarlanýar. Birinji barlag heýkeljigiň bu bölegini taýýarlamak üçin mermer görnüşli çagyl daşynyň ulanylandygy barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Barlaghana seljermesi has takyk kesgitleme berer. Heýkeljigiň kellesi bölekleriň inçelik bilen işlenendigini görkezýär we adamyň ýüzüniň şahsy aýratynlyklaryny beýan edýär.
Ikinji bölek bu toýundan ýasalan terrakot heýkeljigiň az-kem zeper ýeten kellesidir. Ol eýýäm ozal tapylan tapyndylar boýunça başgaply gadymy kethudanyň keşbini emele getirýär.
Heýkeljikleriň beýleki bölekleri entek tapylmady. Muňa garamazdan, tapylan bölekler bürünç eýýamyna degişli we Türkmenistanyň muzeýlerinde jemlenen heýkelleriň baý toplumynyň üstüni ýetirýär. Olar gadymy Marguşyň medeniýetini öwrenýän sungatşynaslar üçin gymmatlyk bolup durýar.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa biziň toparymyzyň işlerine berýän ünsi, bize üstünlikli işlemäge mümkinçilik berýän uly goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin diýip…, professor B.I.Sarianidi TDH-niň habarçysy bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy. Ýylda iki gezek birnäçe aýlap Garagumuň kyn şertlerinde bolmak näçe agyr düşse-de, biziň köp milletli agzybir toparymyz häzirki zaman Türkmenistanyň çäginde alymlaryň açan dünýä siwilizasiýasynyň bäjinji merkezibeýik Marguş döwletiniň mälim bolmadyk sahypalaryny öwrenmek üçin geçirýän işlerimiziň näderejede möhümdigine oňat düşünýär. Marguş toparynyň alyp barýan işleri adam hakynda ylmyň çäklerini giňeltmäge we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam basan gadymy medeniýetiň mirasdüşer halky barada gumanitar bilimleri ösdürmäge kömek edýär.