14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
DURMUŞ

Gowaça Ekişine Taýýarlyk Görmek Işlerine Gadam Basyldy

Bahar paslynyň şu ilkinji günlerinde güýzki bugdaýlara ideg etmek – mineral dökünleri iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreş işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Ekin meýdanlaryny ekiş işleri ýakyn wagtlarda başlajak gowaça ekişine taýýarlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Soňky ýyllarda daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutjak ekinleri ýetişdirmek baradaky maksatnamanyň çäklerinde gök ekin önümlerini ýetişdirmek üçin ekin meýdanlaryny bölüp bermek möhüm ugur bolup durýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk önümlerini öndürijilerine mundan beýläk hem goldaw bermek işleriniň dowam etdiriljekdigini nygtaýar. Daýhan hojalyklaryna gök ekin önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi gök ekinleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga özüniň oňaýly täsirini ýetirer. 

Bu işde agrar edaralarynyň gurluşyny optimizirlemäge aýratyn orun degişlidir. Oba hojalyk we suw hojalyk ministrliginiň welaýat Önümçilik birleşikleriniň döredilmegi ýerlerdäki pudaklaýyn gurluşlaryň işini gaýtalamagy aradan aýyrýar. Esasy ekinler bolan bugdaý we pagta bilen bir hatarda miwe-gök önümleriniň öndürilişini giňden ýola goýmaga mümkinçilik berýän agroönümçiligiň toplumlaýyn ösdürilmegine mümkinçilik berýär. Munda daýhan birleşikleri bu ulgamda eýýäm işleri işjeň alyp barýan hususy telekeçilik bilen aýakdaş gitmäge borçludyrlar. 

Daýhan birleşikleri bu günki gün obada ilata iň köp iş berýän bolup durýarlar. Ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen, gökçülikde toplanan tejribe olaryň mundan beýläk üýtgedilip guralmagynda ulanylar. 

Sürümli ýerleriň suw üpjünçiligini we meleoratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak işleri alnyp barylýar. “2015-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijilik mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylmaly işleriň maksatnamasyny” we beýleki döwlet maksatnamalaryny amala aşyrylmagynyň çäklerinde gidrotehniki desgalaryň taslamalary taýýarlanylýar. Şu ýylyň aýratyn howa şertlerini nazara almak bilen, suw howdanlarynyň aňrybaş ulanylşy üpjün ediler, suwaryş akabalarynyň hanalaryny arassalamak we çuňlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. 

Ekerançylar asyrlardan-asyrlar bäri ýer we suw serişdelerini peýdalanmaga aýawly çemeleşipdirler, sebitleriň bol önüm berýän her bir daban ýerine gowy hilli hyzmat edilipdir we özleşdirilipdir, suwuň her damjasy altyn dänesine deňelipdir. Bu däp-dessurlar biziň sebitimiziň çylşyrymly howa-toprak şertlerinde hojalygy ýöretmekde köp asyrlyk tejribesinde berkidilendir. 

Ýurduň agrosenagat ulgamy üçin bahar paslynyň ýene-de möhüm işleriniň biri – bag ekmegiň nobatdaky tapgyrydyr. 2016-njy ýylda edaralar, şeýle hem paýtagtyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan umumylykda ýaprakly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbi ekiler. Hususan-da, ýüpekçiligiň esasyny düzýän tut agaçlarynyň nahallarynyň 512 müň düýbi taýýarlandy. Milli keteni matalary – keteni we olardan taýýarlanylýan geýimleriň bezeg bolan zolaklary milli geýimiň şöhratyny artdyrýar. 

Şunlukda agroönümçiligiň gymmatlylygy, şol sanda pagta süými hem, ösýän goşmaça bahaly önüm hökmünde gönüden-göni uly möçberlerde ýurtda gaýtadan işlenilýär. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň onuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabadyň nah mata kärhanasynyň binýadynda ýylda 2, 5 million jübüt jorap öndürýän täze önümçilik guruldy. 

Ösümlik we haýwan çig mallarynyň giň görnüşine – ýüňe, pagta, ýüpege innowasion sintetiki materiallar bilen bilelikde eýe bolmak bilen, Türkmenistan uglewodorodlar esasynda dokma we sarp ediş harytlarynyň giň görnüşlerini öndürmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Iş özgertmeleriniň çäklerinde işjeň ornaşdyrylýan zerur tehnologiýalar baradadyr. Meselem, ýakynda açylyp,ulanylmaga berlen “Abadanhaly” iri kärhanasy tebigy we sintetiki çig malyndan haly önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilendir. 

Agrosenagatyň ähli ugurdaş pudaklary, şol sanda dökün önümçiligi hem, işjeň ösdürilýär. Şeýle hem bu ulgamda içerki bazaryň zerurlyklaryny doly üpjün etmekden daşgary hem eksporty giňeltmek wezipesi hem öňde goýulýar. Şunlukda, beýleki sebitlerde öňden bar bolan kärhanalardan başga hem Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän täze kärhana gurulýar. Bu kärhananyň ýyllyk kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna kärbamid öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhananyň işe girizilmegi bilen onuň öndürýän önümlerini deňiz ýollary arkaly eksporta ibermek göz öňünde tutulýar. 

Biziň günlerimizde tehnologiýalar türkmen obasynyň gülläp ösmeginiň berk esasyny döretmek bilen, örän uly çäkleri özleşdirmäge, olary işläp bejermäge şertleri döretdi. Şunlukda, agrosenagat toplumy, azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen, ykdysadyýetiň birnäçe pudaklary üçin bolsa – önüme bolan durnukly islegi we zerur bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek bilen, ýurduň durnukly binýadyny düzýän ata-babalaryň tejribeleri ýatdan çykarylan däldir.

Degişli makalalar

Syýahatçylyk

Milli Aýakgabyň Taryhyndan

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Halkara Zenanlar Güni Mynasybetli Baýramçylyk Çäresi Geçirildi