Ýurduň gowaça ekilen meýdanynda geljekde bol hasyl almak ugrunda işler ýaýbaňlandyryldy – gowaçalara ideg etmek işleri, otag etmek, hatarara bejergi, dökün bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu toplumlaýyn alnyp barylýan işler gowaçalaryň ýokary hasyl beriji görnüşlerinden ýokary hasyl almaga gönükdirilendir.
Pagtaçylygyň ösdürilmegine seçgiçiler we ýurduň tohumçylyk hojalyklary hem mynasyp goşant goşýarlar. Seçgi we sortlary saýlamak boýunça işler Marydaky, Daşoguzdaky Pagtaçylyk YBI – ylmy merkezleriniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Tohumçylyk we sort-synag döwlet gullugynyň üstüne ýüklendi.
Her ýylda synag meýdanlarynda YBI tarapyndan taýýarlanan görnüşleri synagdan geçirilýär. Türkmen oba hojalykçylarynyň bildirýän ýokary talaplaryna laýyk gelýän gowaça tohumlary özlerini gowy görkezenler, iň gowy görnüşleri “durmuşa ýollanma alýarlar”.
Gowaçanyň synagdan geçirilen tohumlary Tohumçylyk we sort-synag döwlet gullugynyň hünärmenleriniň ygtyýaryna gelip gowuşýar. Bu ýerde olar synag meýdançalarynyň 15-inde üç ýylyň dowamynda hasyllylygy, gögerijiligi, kesellere garşy durnuklylygy we beýleki hilleri boýunça synagdan geçirilýär. Şeýle hem tohumyň hiline edaralaryň ýanyndaky barlaghanalarda hem baha berilýär. Döwlet sort synaglaryny guramakdan başga hem Döwlet gullugynyň üstüne sortlary raýonlaşdyrmak, gektaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylygy tehnologiki taýdan üpjün edilmegini guramak, tohumlary daşamak, şeýle hem tohumlary taýýarlamagyň bu tapgyrlaryna gözegçilik etmek ýüklenildi.
Raýonlaşdyrylan, şeýle hem hil gözegçiliginden üstünlikli geçen gowaçanyň täze görnüşleri meýdanlara ekilýär. Gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin ýurduň tohumçylyk hojalyklarynyň 131-si tohum materiallaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Olar bu maksatlar üçin ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär. Umuman tohumçylyk hojalyklary üçin 75 müň gektar ýa-da- ýurduň dört welaýatynda (Balkan welaýatyndan başga) gowaça ekilen umumy 545 müň gektar meýdanyň 14 % bölünip berildi.
Alynan tohumlardan ahyrky netijede borçnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi üçin bu ýerde agrotehnika aýratyn talap bildirilýär. Tohumçylyk hojalyklary döredilende ýerli daýhanlaryň tejribesi, topragyň hasyllylygynyň derejesi, suw serişdeleriniň ýeterlik derejede bolmagy we hojalyklaryň önümiň hilini tassyklamaga mümkinçilik berýän beýleki faktorlar göz öňünde tutulýar.
Tohumçylyk hojalyklarynyň köpüsi 44-si Mary welaýatynda, Daşoguz welaýatynda 35-si, Lebap welaýatynda 28-si we Ahal welaýatynda 24-si ýerleşýär.
Türkmen gowaçasynyň Döwlet sanawyna girizilen täze, bol hasylly we ýokary hilli sortlaryň öňki ekilýän tohumlaryň ýerine ekilýär. Sort çalşygynyň tizligi birnäçe faktorlara täze sortlaryň seleksiýa taýdan işlenilişiniň hiline, tohum önümçiliginiň möçberine bagly. Täze sort uly bolmadyk meýdanda (1-2 gektarda) önümçilige ornaşdyrylýar. Özüni gowy görkezen sortlar ikinji ýylda takmynan 40 esse köp meýdany eýeleýär hem-de soňraky ýyllarda ondan öňki ýyllarda ekilen netijesi az bolan sortlaryň hasabyna-ýerine has köp meýdany eýeleýärler.
Şu ýyl marynyň seçgiçileriniň üç gektar meýdana ekilen gowaçanyň inçe süýümli görnüşleri bolan täze “Ýolöten-45” we “Ýolöten-46” tohumlary önümçilige göýberildi. Daşoguzlylaryň “Gubadag-3” gowaça tohumy ikinji ýyl ekilip, ol häzir 45 gektar meýdana ekilýär. Mary welaýatynyň ekin meýdanlaryna 2012-nji ýylda ekilen gowaçanyň “Ýolöten-39” tohumy bu ýerde eýýäm 16 müň gektardan hem gowrak meýdana ekilýär. Şu ýyl ol raýonlaşdyrmak üçin Ahal welaýatynda dört gektar meýdana ekmek üçin berildi.
Däp bolşy ýaly, şu ýyl uly bolmadyk meýdanlarda gowaçanyň “Ýolöten-14” inçe süýümli görnüşi ekilýär. Bu tohum oba hojalyk işgärleri tarapyndan hil taýdan we oba hojalyk önümçiliginiň ýokary talaplaryna laýyklykda ekilýär. Ol 2004-nji ýylda önümçilige göýberildi we häzirki wagtda 26 müň gektardan hem gowrak meýdany eýeleýär.
Şu ýyl 2000-nji ýylda Marynyň pagtaçylyk ÝBI tarapyndan taýýarlanan gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-7” tohumy özüniň meşhurlygynyň iň ýokary derejesine çykdy. Bu tohum häzirki wagtda ýurtda gowaça ekilýän umumy meýdanyň ýarysyna golaý 228 müň gektar meýdana ekilýär. Ol ekilip başlaly bäri özüniň ýokar hasyllylygy, kesele garşy durnuklylygy, bu ýerleriň howa şertlerine mahsus bolan howanyň üýtgäp durmagyna durnuklylygy bilen özüni görkezmegi başardy.
Biziň seçgiçilerimiziň çekýän zähmetleri netijesinde her ýyl gowaça tohumlarynyň onlarçasy döredilýär. Olaryň iň gowulary bolsa “durmuşa ýollanma” alýarlar. Umuman, Türkmenistanda gowaçanyň görnüşleriniň 16-sy ekilýär, olaryň 11-si ýurduň garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen seçgiçileri tarapynda döredildi.
Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda gowaçanyň ekilýän sortlary we önümçilige ornaşdyrylýan görnüşleri toprak-howa şertlerine laýyklykda ekilýär. Olar dogry we öz wagtynda idedilende bol hasyly berýärler.
Türkmen pagtaçylary her ýylda döwlete pagta tabşyrmak baradaky boýun alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi başarýarlar. Ekerançylar geçen ýyl 1 million 50 müň tonna pagtany Watan harmanyna tabşyrmagy başardylar. Ýurduň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 36-sy geçen ýylky hasyly şu ýylyň aprel aýynda gaýtadan işlemegi tamamladylar. Pagtaçylar bu ýyl hem pagtany azyndan geçen ýylky ýaly möçberde ýygnamagy maksat edinýärler.