Daglar haýran galdyrýan täsinlikleri bilen ähli döwürlerde hem ynsan bilesigelijiligini özüne çekip gelipdir. Her bir jülgesi, gowagy, deresi durşuna syr bolup ýatan Köýtendag hem özünde syrlaryň ençemesini gizläp ýatyr. Ol syrlary öwrenmek we ylmy açyşlary etmek üçin bu ýere soňky wagtlarda alymlar köp gelýärler. Dogry, dünýäniň ähli ýerinde dag hem bar, syrly gowaklar-da, emma olarda Köýtendagdaky ýaly täsinlikler ýok bolsa gerek. Muny bu ýere gelýän daşary ýurtly alymlar hem tassyklaýarlar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzyň bu täsin künjegi tebigatyň syrly täsinliklerini öwrenýän alymlaryň we hünärmenleriň üns merkezinde.
2012-nji ýylyň maý aýynda italiýaly paleontolog Federiko Fanti, amerikaly alym Martin Lokleý, russiýaly alym Wladimir Malsew dagy bu dagyň gowaklarynda birnäçe barlaglary geçirdiler.
“GAPGOTAN” GOWAGY
Uzynlygy 56 kilometre barabar bolan bu täsin gowaga şeýle adyň goýulmagyny ýerli ilat oňa belli bir döwürde çopanlaryň goýun gabap, mal agyly hökmünde ulanandyklary bilen düşündirýärler. Hakykatdan-da, bu gowagyň agzynyň giňligi we 30 — 40 metr uzynlykdaky aýmançasy ýagyş-ýagmyrly howada bir süri goýny hiç bir ünjüsiz saklamaga mümkinçilik berýär.
Alymlar bu gowaga girmek üçin öňünden ykjam taýýarlyk gördüler. Deňiz derejesinden 800 metr belentlikde ýerleşýän “Gapgotan” gowagynyň agzynda ýörite düşündiriş işleri geçirilip, ählimizi maňlaýa berkidilýän we elde göterilýän çyralar bilen üpjün etdiler. Biz ýuwaşjadan ýöräp ugradyk. Her kim gidip barşyna, elindäki çyra bilen töweregindäki dag jynslaryny ýagtyldýardy. Olar bolsa biri-beýlekisinden üýtgeşik owadanlyga eýe.
Ine-de, biz asman gümmezine çalymdaş giň we tegelek zala baryp ýetdik. Daş-töweregimiz dürli şekillerden doly. Birnäçe çyralaryň dag jynslaryndan emele gelen şol şekillere gönükdirilmegi we olaryň-da ýagtylygy yzyna gaýtaryp özboluşly öwüşgine eýe bolmagy durşuna täsinlikdi. Göýä, bazarda älemgoşar öwüşginli matalar gerlip goýlan ýaly keşpler, olaryň ýanyndaky üstüni gar basan arçalara çalymdaş şekiller, iki öň aýagyna kellesini goýup ýatan gaplaňa çalymdaş tebigy heýkeller biziň bada-bat ünsümizi çekdi. Bu ýerde biraz dynç alanymyzdan soňra, gowagyň içi bilen ýene-de ýolumyzy dowam etdirdik. Ýol welin, barha kynlaşýardy. Sähelçe seresapsyzlyk etseň, heläkçilige uçramagyň mümkindi. Şonuň üçin basjak ýerimizi çyra bilen gowy ýagtylandyryp, soň ädim ädýärdik. Hernä, beýle kert geçelge uzak dowam etmedi. Soňra biz ýene-de tekizlige düşdük. Ynha, täsin zallaryň ýene-de biri. Bu ýerde suwlary birinden beýlekisine täsin görnüşde akýan kiçijik howuzlar toplumy bar. Olardaky suwlaryň dökülmän, birinden beýlekisine akyp durşy gaty täsin. Çyranyň şöhlesini suwa tutsaň, maýdajyk ýylpyldylar emele gelýär. Daş-töweregiňi gurşap alan stalaktitler, stalagmitler bolsa, bu owadan zalyň sütünlerine çalym edýär.
Indiki zala geçenimizde, bizi Aýazbabanyň we Garpamygyň adam eli degmän dörän “heýkelleri” haýran galdyrdy. Ony tebigatyň özi döredipdir. Hatda gar basan arçanyň şekili-de olaryň gapdalynda dur. Haýran galaýmaly, bu ýerlerde Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlarynyň birnäçesiniň keşplerine gözüň düşýär. Olaryň egnindäki lybaslar hem öwşün atyp dur. Käbiri, göýä, gapdalynda duran stalaktide ýaplanyp oturan ýaly. Iň täsin ýeri-de, bu ýerdäki keşpleriň arasynda özara sazlaşyk bar. Bu sungatmy ýa-da gudrat?! Hakykatdan-da, bu gowaklaryň zallarynda saklanyp galan gözellikler köşk bezegleri bilen-de bäsleşip biljek.
(Dowamy bar).
Hudaýberen ABRAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. Surata düşüren Hasan MAGADOW.
Çeşme: metbugat.gov.tm