Dizel fraksiýaly ECO-93 awtomobil benzininiň we suwuklandyrylan gazyň eksportunyň möçberi geçen ýyl iki esseden hem artdy. Tükmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän GTL-zawod 2020-nji ýylda ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň öndürilişini birnäçe esse artdyrdy.
Gazbenzini häzirki wagtda Russiýa Federasiýasyna, Owganystana, Gruziýa, Beýik Britaniýa, Özbegistana, Bolgariýa we Daniýa ugradylýar. Oňa islegiň artýanlygy sebäpli kärhanada sintetiki ýangyjyň möçberini köpeltmek boýunça işler alnyp barylýar.
«Türkmengaz» Döwlet konserniniň GTL-zawody 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri işläp gelýär. Onuň kuwwatlylygy ýylda 1,785 millard kub metr gazy gaýtadan işläp, 600 müň tonna EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän ECO-93 belgili ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzin, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjyny we Haldor Topsоe TIGAS™ tehnologiýasy boýunça suwuklandyrylan gaz (benziniň gowulandyrylan sintezini) çykarmaga niýetlenendir.
Innowasion tehnologiýa az energiýa çykdajyly we daş- töwrege az täsirli ýokary hilli benzin çykarmaga mümkinçilik berýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ECO-93 belgili benzin ulanylanda kükürt oksidiniň howa çykarylyşy 50 esse, azot oksidiniňki – 5 esse, uglerod oksidiniňki – 2 esse, uglewdorodyňky – 20 göterime çenli azalýar.
Zawodyň gurluşygyna gatnaşan Kawasaki Heavy Industries kompaniýasy «Türkmengaz» DK-nyň hünärmenlerine taslamany dolandyrmaga kömek berýär – taraplaryň arasynda konsalting hyzmatlaryny bermäge şertnama baglaşyldy.
Wladimir KOMAROW
Çeşme: turkmenistan.gov.tm