9.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Gudrat Göreý Diýseň Daglara Bar

Daglar özleriniň belentligi, rowaýatlarda öz beýanyny tapýan gadymy wakalary öz goýnunda saklaýandygy bilen haýran galdyrýar. Olar bilen bolýan duşuşyklar köp açyşlary edýär! “Gudrat göreý diýseň – daglara bar” diýlip ýönelige aýdylmandyr. 



Günorta tarapdan paýtagtymyzyň ýassanyp ýatan Köpetdagynda we onuň eteklerinde köp täsinlikleri görmek bolýar. Olar kert gaýaly, çuň jülgeli bolup, tebigatymyzyň ajaýyp dünýäsini açmak bilen, batyrlary we bilesigelijileri özlerine çekýärler. Merkezi Köpetdagyň ýapgytlary özüniň bejeriş aýratynlygy bilen meşhur bolan türkmen arçasy bilen örtülendir. Dag jülgelerinde uly bolmadyk şaglawuklary görmek bolýar. 

Günbatar Köpetdag Hojagala, Sumbar we Çendir jülgelerine bölünýär. Olar türkmen topragynyň hakyky jennet künjekleridir. Bu ýerde söwüt we garagaç tokaýlyklary gabat gelýär, ýabany hozlar we miweli baglary ösýär. Bereketli topragyň Etrek we Sumbar derýalarynyň akýan ugurlarynda gymmat bahaly subtropiki baglar: zeýtun, injir, nar, hurma agaçlary ösdürilip ýetişdirilýär. 



Syýahatçylyk ugry bilen gideniňde özüniň täsin landşafty we jana şypa beriji çeşmeleri bilen haýran galdyrýan Aý daglaryny görmek bolýar, bürgütleriň uçuşlaryny synlamak bolýar hem-de çeşmäniň bal ýaly suwundan ganmak boýar. 

“Aşgabat” Döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň işgäri Ogulgerek Durdynazarowanyň belleýşi ýaly, dynç günleri, bir we iki günlük daga syýahatçylyk etmegiň ugurlary işlenilip taýýarlanyldy. Köpetdag özüniň owadan künjekleri bilen meşhurdyr. Onuň eteginde tebigatyň döreden ajaýyp we täsin ýeri bolan Köwata ýerasty köli ýerleşýär, jülgelerde we derlerde bejeriş aýratynlyklary bolan kükürt wodorodly çeşmelere duş gelmek bolýar. Bu babatda Parhaý aýratyn şöhrata eýedir. 



Bu ajaýyp we owadan ýerleri göreniňde ol seniň kalbyňda baky galýar, olar seni döredijilige ruhlandyrýar, sende täze, täsin duýgulary emele getirýär, bilimiň baýlaşdyrýar. Ýolbeletler daglaryň täsin dünýäsine aralaşmaga hem-de onuň ähli täsinlerini açyp görkezmäge kömek edýärler. Beýik akyldar şahyr Magtymgulynyň wasp eden daglary özleriniň owadanlygy bilen seni ýesir edýär we olar biziň ýüreklerimizde baky baky orun alýar. 

Ýurduň tebigaty baý we dürli-dürlidir, Türkmenistanyň çäklerinde goraghanalar, jana şypa beriji çeşmeler, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň yzy galan ýapgytly karst gowaklary ýerleşendir. Bularyň ählisi syýahatçylygy hem halkara derejesinde, hem içerki çäklerde ösdürmek üçin örän uly mümkinçiliklerdir.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Ýolbaşçylaryna Sankt-Peterburg Şäheriniň Metrosynda Bolan Partlama Zerarly Gynanç Bildirdi