Türkmen paýtagtynda açylan Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi döredijilik ylhamynyň hem-de gözelligiň baýramçylygyna öwrüldi.Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän giň gerimli ýöriteleşdirilen sergi häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň hem-de bagtyýarlygynyň bähbidine ene topragyň tebigatynyň baýlyklaryny artdyrmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet ekologiýa syýasatynyň uly üstünlikleri dünýä bileleşiginde giňden ykrar edildi we uly goldawa eýe bolup, biologiýa köpdürlüligi we tebigy ýerleri aýawly saklamak, oňaýly daşky gurşawy döretmek, ilatyň durmuş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmek işinde nusga alarlyk mysal boldy.
Ykdysady hem-de durmuş ulgamlarynda ähli giň gerimli milli özgertmeler maksatnamalary adamlaryň oňaýly zähmet çekmegi, ýaşamagy we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde ekologiýa bilen berk bagly bolup durýar. Kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, umumylykda ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelýän Tebigaty goramak hakynda, Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda Kanunlar, Tokaý kodeksi, Ösümlik dünýäsi hakynda Kanun kabul edildi. Milli Liderimiziň başyny başlan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan bag ekmek çäreleri we taslamalary şol maksatlary gazanmaga ýardam edýär.
Häzir Türkmenistan dünýäniň iň uly çölleriniň birini öz içine alýan hem-de yssy ýurtlaryň biri bolmak bilen, bereketli baglaryň hem-de ekin meýdanlarynyň, gök ýaýlalaryň, ajaýyp seýilgähleriň we gür tokaýlyklaryň ülkesine öwrülýär. Gök gurluşygyna öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, bag-seýilgäh bezegi we landşaft sungaty babatda döwrebap işleriň ulanylmagy netijesinde syýahatçylyk zolaklaryny, sagaldyş-dynç alyş üçin şypahanalary döretmek bilen bagly meseleler üstünlikli çözülýär. Ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak ýaşaýyş jaý toplumlaryny hem-de senagat desgalaryny gurmagyň hökmany talaby bolup durýar.
Şonuň bilen baglylykda, bu ugurda uly işler geçirilip, oňa ähli döwlet düzümleri we edaralary, ozaly bilen tebigaty goraýan edaralar, jemagat hem-de oba hojalyk kärhanalary, ylmy-barlag merkezleri gatnaşýar. Hususy işewürligiň wekilleri degişli döwlet buýurmalaryny amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýar.
Bahar paslynda ösümlikleriň gülleýän döwründe geçirilýän bu sergi gülçülik we bagçylyk babatda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň önüm öndürijileriniň ägirt uly kuwwatyny, olaryň seçgiçilik we täze tehnologiýalar babatda gazananlaryny açyp görkezmäge, tejribe alyşmaga, uzakmöhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga üçin meýdança öwrülmäge gönükdirilendir.
Paýtagtymyzyň Sergi köşgüniň giň zallarynda ýaýbaňlandyrylan Gülçülik we bagçylyk sergisine gatnaşyjylary we myhmanlary Mukam toparynyň ýaş skripkaçylary nusgawy sazlar bilen garşyladylar.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, gül ýetişdirmegiň hakyky ussatlary, muşdaklary gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna iberen gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Tebigatyň adamzada peşgeş beren haýran galdyryjy gözelligi bolan güller abadançylygyň, parahatçylygyň nyşany bolup durýar. Adamzadyň durmuşynda iň bir gyzykly, ajaýyp pursatlar güller bilen baglanyşdyrylýar, dünýäde iň gowy zatlar güle deňelýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara sergisiniň hem-de maslahatynyň köpsanly suw çüwdürimleri we seýilgähler toplumlary bolan, binagärlik babatda täze we ajaýyp keşbe eýe bolan, dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň birinde ak şäherimiz Aşgabatda geçirilmeginiň örän uly manysy bar diýlip, gutlagda nygtalýar.
Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän işler bilen giňden tanyşdyrmagy maksat edinýän serginiň möhüm ähmiýetini belläp,bu asylly işde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de şereketleriniň, ýurdumyzyň telekeçileriniň sergidäki tekjelerini hem-de diwarlyklaryny bezän ajaýyp gülleriň we gül çemenleriniň, bezeg ösümlikleriniň we gyrymsy agaçlarynyň hatarlary munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Diwarlyklary bezemekde serişdeleri we reňkleri seçip almaga aýratyn çemeleşmäniň, oýlap tapyjylygyň bolandygyna garamazdan, sergä gatnaşyjylaryň hemmesiniň serginiň baş wezipesi babatda pikirleri birmeňzeş boldy. Bu pikir bolsa, ösümlikleriň täze sortlaryny, gülçülik bezeginiň döwrebap ugurlaryny we tärlerini ýaýratmak hem-de kämilleşdirmek, ýerleri bagy-bossanlyga büremek, gül şitillerini, miweli hem-de ir-iýmişli we bezeg ösümliklerini, tebigy bezeg işleri üçin döwrebap serişdeleri hem-de enjamlary satyn almakda ýardam etmek, hyzmatlary hödürlemek babatda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin hünärli hyzmatdaşlary çekmek bolup durýar.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutynyň diwarlyklary milli goraghanalaryň ösümlik genofonduny goramak hem-de artdyrmak, seýrek duş gelýän ösümlikleri öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri babatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýar. Alymlaryň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa aýratynlyklarynda bezeg ösümliklerini öwrenmek wezipesi hem bar. Akademiki institutyň garamagyndaky Botaniki bagynyň hünärmenlerine pürli, hemişe gök öwüsýän saýaly ösümlikleri ýaýratmakda ileri tutulýan ugur degişli bolup durýar. Olar häzir ýurdumyzyň şäherlerinde we olaryň daş-töwereginde gök seýilgäh zolaklarynyň we guşaklarynyň esasyny düzýär.
Diwarlyklar ýerli pürli we saýaly agaçlaryň 40-dan gowrak görnüşiniň, şol sanda zerawşan arçasynyň, türkmen arçasynyň, eldar sosnasynyň, sazagyň hem-de Türkmenistanyň beýleki çöl we dag ösümlikleriniň nusgalaryny öz içine alýar. Häzir Köpetdag döwlet goraghanasynyň tebigy şertlerinde tejribe meýdanlarynda maňyz miweli agaçlarypisse tokaýlygy, hoz, badam baglary üstünlikli ösdürilip ýetişdirilýär.
Dermanlyk ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerini öwrenmek olaryň işiniň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly düýpli işi derman senagatynda ylmy-barlaglary geçirmek we täze açyşlary etmek üçin gymmatly bilimleriň egsilmez çeşmesine öwrüldi.
Oba hojalyk ministrliginiň, Jemagat hojalygy ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäheriniň bazarlar birleşiginiň, Döwlet haryt çig-mal biržasynyň diwarlyklary, bezeg ösümlikleriniň we gyrymsy agaçlaryň toplumy, dürli gülleriň owadan toplumlary yzygiderli düzülipdir. Bu ýerde mineral dökünleriň, baga ideg etmek üçin niýetlenen enjamlaryň nusgalary hem görkezilýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri bagçylyk we gülçülik pudagyny ösdürmäge, täze täsin gülleri we agaçlary ornaşdyrmagyň, şeýle hem ösümlikleri öwreniş ylmynda, landşaft bezegi babatda hyzmatlary ornaşdyrmagyň hasabyna harytlyk teklipleriniň sanawyny artdyrmaga öz goşantlaryny goşýarlar.
Hususy kompaniýalaryň we firmalaryň diwarlyklary behişdi baglara öwrülip, tebigy sazlaşygyň we ynsan elleriniň ussatlygynyň utgaşmagy bilen haýran galdyrýar. Öz işiniň hakyky ussatlary tarapyndan Gollandiýanyň önüm öndürijileriniň iberýän owadan we hoşboý ysly güllerinden orhideýa, çigildem, sünbül, strelisi, frezi, protei, kurkuma, anturiuma, gladiolus, amarantus, palma, paporotnik, gipsofil, kaly, helikoni ýaly güllerden ybarat floristika sungatynyň hakyky eserleri döredilýär.
Bu ulgamda eksponentleriň, şeýle hem dabaraly çäreleri guramak babatda ýöriteleşdirilen salonlaryň hatarynda Ak bägül we Gülzaman ýaly salonlar bar. Bu ýerde görkezilen ter güllerden boglan gülçanaklar eýýäm ýakyn wagtda seýilgäh zolaklarynda we seýil baglarynda, çagalar üçin açyk meýdançalarda hem-de şypahanalarda gülläp ösmeli.
Ýaşyl Dünýä Group hususy kärhanasy dabaraly çäreleri bezemek üçin dünýäniň köp ýurtlaryndanGollandiýadan, Kolumbiýadan, Ekwadordan, Keniýadan, Ysraýyldan, Daniýadan ter gülleriň dürli görnüşleriniň 70-sini, şeýle hem bezeg ösümlikleriniň we gyrymsy agaçlarynyň nahallaryny getirýän iri söwda merkezi bolup durýar. Kompaniýanyň hödürleýän görnüşleriniň hatarynda küýzejiklerde gülleri ýetişdirmek, gülçülik bezegi üçin beýleki serişdeleri öndürmek işleri bar. Ähmiýetli desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň ýanaşyk ýerlerini we içerki otaglaryny bezemek işleri durýar.
Bir günde bägülleriň 5 müň düýbüni gülhanalarda ösdürmek bilen golland bägüllerini ýetişdirýän hem-de Roza gül dükanlarynda ýerlemek bilen meşgullanýan Nurly meýdan kärhanasynyň üstünlikleri uly täsir galdyrýar. Telekeçiniň meýilnamasynda has netijeli golland tehnologiýalarynyň esasynda ýyladyşhana önümçiligini ýola goýmak işleri bar.
Halkara gatnaşyklary türkmen telekeçilerini daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şol sanda türk seçgiçileri hem-de bezeg ösümlikleriniň we miweli ekinleriň täze sortlaryny işläp taýýarlaýanlar, ösümlikleri goramak üçin himiýa önümlerini, damjalaýyn we ýagyş ýagdyrmak usuly bilen suwaryş ulgamlaryny öndürijiler bilen baglanyşdyrýar.
Sergide ilkinji gezek çigildemleri we beýleki gülleri öndürýän Asyalale türk kompaniýasy ýerleri bagy-bossanlyga büremek üçin ýokary hilli gülleri ýerlemek boýunça öz teklipleri bilen tanyşdyrdy. Şol önümler seçgiden geçip, dürli kesellerden we wiruslardan goralandyr hem-de topragyň islendik görnüşinde kök urmaga ukyplydyr. Kompaniýanyň ygtyýarynda çigildemleriň ösdürilip ýetişdirilen görnüşleriniň 290 müňe çenlisi bar. Kompaniýanyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, olar türkmen paýtagtynda dynç alyş seýilgählerini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek boýunça taslamalara gatnaşmaga taýýardyr.
Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň mejlisler zalynda sergä gatnaşyjylar maslahat geçirip, onuň barşynda Türkmenistanda bagçylygy we gülçiligi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda türkmen önümlerini daşarky bazara ibermek, degişli ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gün tertibine girizilen şu mesele boýunça ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we ylmy merkezleriniň wekilleri, degişli ugurda uly tejribe toplan Gülzaman we Merdem iri hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Asyalale , Serinowa Plastik, Ünal Tohumçilik & Peýzaj LTD, Koýlu Fidançilik türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çigildemleri we beýleki ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek, bezeg ekinleriniň tohumçylygy, gül küýzelerini we nahallary ýetişdirmek üçin konteýnerleri öndürmek boýunça iş tejribesi, şeýle hem landşaft bezegi babatda pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak meselelerine döwlet tarapyndan ägirt uly goldawyň we ünsüň berilmegi, Türkmenistanda giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde bu pudakda netijeli we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Sergi öz işini 27-nji marta çenli dowam eder.