8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Gülçülik we Bagçylyk Sergisi Öz Işini Tamamlady

Türkmen paýtagtynda Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi öz işini tamamlady, onuň çäklerinde ýerleri bagy-bossanlyga büremek, ösümliklere ideg etmekde netijeli döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Degişli ugurda geçirilen ilkinji giň gerimli forum seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmakda, çäkleri bagy-bossanlyga büremekde, tebigy bezegi ösdürmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasy boldy. Bu işleriň gerimi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösýändigini alamatlandyrýar. Gül aýmançalaryndan, gülçanaklaryndan, “gök guşaklardan” ybarat ajaýyp bezeg paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbiniň hökmany alamaty bolmak bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşawyň baýlygyny artdyrmak bilen, oňaýly howany hem döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgama  aýratyn üns bermegi netijesinde ýurdumyzda öňdengörüjilikli bag ekmek maksatnamasy yzygiderli we üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň maksady ene topragymyzy gülläp ösýän baglyga öwürmek bolup, bu ýerde her ýyl pürli, saýaly agaç nahallarynyň millionlarçasy oturdylýar.

Geçirilýän işleriň gerimi şu serginiň hem ekspozisiýalarynda öz beýanyny tapdy. Hususan-da, oba hojalyk, tebigaty goramak, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň sergi meýdançalary öz nahalhanalary bilen tanyşdyrdylar. Olar nahal oturtmak bilen çäklenmän, eýsem, öz tohumçylyk gaznasyny kadalaşdyrmak arkaly Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ösümlikleri döretmegiň üstünde hem işleýärler.

Şunuň bilen baglylykda, bir zady bellemek gerek, eger ozal sosnanyň, arçanyň nahallarynyň käbir görnüşleri, tuýanyň topukça we piramida görnüşleri, ýukkanyň nahallary daşary ýurtlardan getirilen bolsa, häzir ýurdumyzyň tokaýçylary baglaryň bu sortlaryny öz ýerinde ýetişdirmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar we başarnykly ornaşdyrdylar, netijede olaryň düşýän gymmatyny ep-esli azaltdylar.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň 1500 gektar meýdana eýe bolan “Tokaý hojalygy” nahalhanasynyň toplan tejribesi nusga alarlyk bolup durýar. Ol agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmekden başga-da, ýyladyşhana hojalygy bilen hem meşgullanýar.

Gülçülige we bagçylyga bagyşlanan diwarlyklardan başga-da, sergi olar bilen bagly işleriň dürli görnüşlerini görkezdi. Häzir floristika bezegi—janly ýa-da emeli güller bilen otaglary bezemek usuly uly ösüşe eýe boldy. Suratkeş-floristleriň ýerine ýetiren gülli kompozisiýalary islendik derejedäki dabaraly çäreleri bezemegiň esasyny düzýär. 

Forumyň üç günlük işiniň dowamynda Sergi köşgünde aýratyn baýramçylyk ýagdaýynyň höküm sürendigini bellemek gerek. Gülli halylara çalymdaş sergi ekspozisiýalary diňe pudagyň hünärmenleriniň—tokaýçylaryň, agronomlaryň, bagbanlaryň däl-de, eýsem, köpsanly aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi. Adamlar bu ýere maşgalalary bilen gelip, çagalary bilen bilelikde bägülleriň, gwozdikalaryň, çigildemleriň, anturiumyň, spasifilumyň, guzmaniniň, orhideýanyň we beýleki gülleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini lezzet bilen synladylar. 

Belli gülçülik salonlary öý şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän bezeg ösümliklerini, şol sanda fikuslary, geranileri, dyrnakgüllüleri we beýleki gülleri görkezdiler. Bulardan başga-da, köp adamlar gül küýzelerinde ýetişdirilen kiçijek agaçlary — bansaýlary öz gözleri bilen görmek mümkinçiligine eýe boldular. Gülleriň muşdaklary we mellekçiler üçin gül sergisi aýratyn meşhurlyga eýe boldy. Hünärmenler olara ösümlikleri ýetişdirmek boýunça maslahatlary berdiler, käbir höwesjeň muşdaklar bolsa seýrek gülleriň tohumlaryny we şitillerini sowgat aldylar.

Aşgabat forumynyň işiniň barşynda pudagara derejesinde, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda bar bolan gatnaşyklary berkitmek we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak maksadynda iki günlük maslahat, şeýle hem işewür duşuşyklary we tanyşdyrmalar geçirildi.        

Maslahatda edilen çykyşlarda paýtagtymyzy we onuň daş-töweregini, welaýat merkezlerini, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak boýunça meseleleriň ençemesi gozgaldy. 

Şu gün, halkara bäsleşiginiň jemleýji güni foruma gatnaşyjylara degişli güwänamalar we diplomlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. Onda sergä gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza degişli ugurda netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi ugur edinen forumy üstünlikli geçirmäge ýardam edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. 

Degişli makalalar

Ýeňiş Gününiň Dabaralary

syrach

Gündogar Sebitiň Taryhy-Medeni Mirasy Alymlaryň Ünsüni Özüne Çekýär

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary Işler Ministrleri Telefon Arkaly Wajyp Meseleleriň Birnäçesini Ara Alyp Maslahatlaşdylar