7.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

Gün Şöhlesiniň Täsiri

Gün şöhlesiniň täsiri bilen adamyň bedenine madda alyş-çalyş hadysalary geçýär. Witamin D emele gelip daýanç hereket ulgamyna peýdaly täsirini ýetirýär. Ýöne tomus paslynda günüň gaty gyzýan döwri göni, ýiti gün şöhlesinden goranmaly onuň üçin çagalar we gartaşan adamlar ýa-da ýokary gan basyş keseli bar bolan adamlar daşaryk ir säher bilen sagat 6-dan – 9-a çenli we agşam 18-00-dan – 21-00 aralygynda çykanlarynda hökman arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda alyp gitmelidirler. Beýleki adamlar ýiti günüň şöhlesinden hökman ak baş gaplar ýa-da ýaglyklar bilen goranmalydyrlar we öz ýanlarynda ýeterlikli agyz suwunyň bolmagyny öpjün etmelidirler. Mähriban adamlar eziz ildeşler, tomus paslynda ýiti, göni günüň şöhlesinden dogry goranyň.

Hormatly adamlar eziz ildeşler, ýylyň ähli pasyllary hem adamyň saglygy üçin öz peýdasyny ýetirýär. Ýöne her bir pasylda öz aýratynlyklary bolýar. Tomus paslynda howanyň gaty gyzmagynda hem adam öz saglygyna has paýhasly çemeleşmelidir. Onuň üçin çagalar bilen gezelenç edilende, ir säher bilen daňdan sagat 6-dan – 9-a çenli agşam bolsa 18-00-dan soň gezelenç edilse has ýerlikli bolar. Gün şöhlesinden goranmak üçin hökman kelläňizi baş gap bilen ýa-da ýaglyk, tahýa bilen örtmeli. Çagajyklara geýdirilýän egin-eşikler nah matadan açyk reňde bolmaly. Şonuň bilen bilelikde hem günden goraýan gün saýawanlaryny hem ýanyňyz bilen götermäni şonuň bilen bilelikde çagajyklaryňyz üçin ýeterlikli agyz suwunyň bolmaklygyna öz üns merkeziňizde saklamaly.

Hormatly adamlar eziz ildeşler, elbetde nädogry hereket edilen ýagdaýynda günüň aşa gyzýan döwründe adamyň saglygyna hem ýaramaz täsirini ýetirip biler. Gün urmaklygyň ilkinji alamatlary ysgynsyzlyk, baş aýlanma, ýürek bulanma, ýüregiň çalt urmagy, adamyň huşdan gitmegi, ýüzüniň deri örtüginiň gyzarmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykanda şol döwürde gaýragoýulmasyz tiz kömek gullugyna ýüz tutmaly hem-de adama ilkinji gaýragoýulmasyz kömegi ýerine ýetirmäni her bir adam başarmalydyr. Günüň şöhlesinden 2 ýaşa çenli çagajyklary hem-de gartaşan adamlary has goramaly. Tomus paslynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopediki kitabynda giňişleýin ylmy taýdan beýan edilýän narpyz, ýandak, çopantelpekden demlenen melhem çaýlary içmegi endik edinmeli. Eger-de siz öz durmuşyňyzda şular ýaly paýhasly çemeleşseňiz, pasyllara görä hereket etseňiz onda öz saglygyňyza ýetirip biläýjek zyýandan goranarsyňyz.

Çeşme: https://turkmentv.gov.tm/

Degişli makalalar

Köýtendag Baýlyk Eçilýär

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Halkara Maslahat Geçirildi

Türkmen Pälwany-Aziýanyň Çempionatynyň Ýeňijisi

turkmenhabargullugy