9.9 C
Aşkabat
22.11.2024
TEHNOLOGİÝA

Gün Tertibinde Döwrebap Tehnologiýalary Ösdürmegiň Meseleleri

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda döwrebap tehnologiýalary ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi, Aragatnaşyk ministrligi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan guralan maslahata ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň we merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, alymlary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ylmy işleri, şol sanda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, täze sanly ulgamlary we öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerini ornaşdyrmaga gönükdirilen amaly işleri ýaýbaňlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistanda amala aşyrylýan milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde netijeli tehnologiýalarda öz beýanyny tapýan çuňňur nazaryýet bilimlerine we tejribä esaslanan innowasion  ykdysadyýete esasy orun berilýär. Ylmy-tehniki düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, öňdebaryjy enjamlaryň hem-de täzeçillikleriň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radio kommunikasiýalaryň, sanly ýaýlyma bermegiň köp şahaly ulgamy  hereket edýär. Elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. 

“TürkmenÄlem 520E” milli aragatnaşyk hemrasyny ulanmagyň ugurlaryny giňeltmek meseleleri maslahatyň esasy mowzugy boldy. Pikir alyşmagyň barşynda hünärmenler döwrebap hemra tehnologiýalaryny ulanmagyň dürli ugurlaryny, hemra aragatnaşygynyň milli ulgamynyň tehniki we maglumat meselelerini, üstaşyr telekommunikasiýa hyzmatlaryny ýola goýmakda onuň ähmiýeti hem-de mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Käbir çykyşlar Merkezi Aziýada hemra aragatnaşygynyň täze operatory hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda  halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. 

Ylmy-amaly maslahatyň işini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar milli Liderimize ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin çäksiz hoşallyk bildirip, häzirki döwrüň belent maksatlaryny üstünlikli gazanmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. 

Degişli makalalar

“Soyuz MS-16” Kosmosa Iberildi

Türkmen Hemrasynyň Goýberilmegi

syrach

Elektron Hyzmatlar

syrach