Şu gün Türkmenistanda ir sagat 7-de ýurduň ähli ýerinde birbada sýlaw uçastoklary açyldy – ýurduň Prezidentiniň saýlawlary badalga aldy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda hem ses bermek dowam edýär.
Bu gezekki saýlawlar saýlawçylaryň kopsanlysynyň gatnaşýandygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň habar bermegine görä sagat 13-e çenli tutuş ýurt boýunça eýýäm saýlawçylaryň 74,52 göterimi ses berdi. Şunda paýtagtymyzyň sýlawçylary has işjeň gatnaşýarlar, bu ýerde şu wagta çenli saýlawçylaryň 86 göterimden gowragy ses berdi. Saýlaw uçastoklary 19.00 sagatda ýapylar, şondan soň sesler sanalyp başlanylar.
Sesleriň sanalmagynyň netijesi Türkmenistanyň häzirki döwlet Baştutanynyň hem dalaşgär bolmagynda dokuz dalaşgäriň hataryndan kimiň Türkmenistanyň Prezidenti bolmalydygyny kesgitlär. Saýlawlara milli we halkara synçylary gözegçilik edýärler.
Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri we saýlawlaryň barşyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek çäreleri dalaşgärleriň bellige alnan pursatyndan başlap 10-njy fewrala çenli dowam etdi.
Hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, olaryň hemmesine saýlawlaryň öň ýanynda wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.