Şu gün, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllyk şanly senesiniň baýram edilmeginiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda Watanymyzyň önümçilik infrastrukturasynyň üstüni ýetiren dokma pudagynyň täze, häzirki zaman kärhanasynyň dabaraly açylyşy boldy.
Ýurdumyzda pagta we sintetiki süýümlerden garyşyk ýüplükleri öndürýän fabrigiň ulanylmaga berilmegi aýratyn ähmiýetli wakadyr. Hut şunuň ýaly ýokary tehnologiýaly kärhanalar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň iň bir geljegi uly, eksport ugurly pudagynyň —dünýä bazarlaryny üstünlikli özleşdirýän dokma senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini has aýdyň şöhlelendirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Dokma senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan gurlan täze önümçilik toplumy 12 gektar meýdanda ýerleşip, önümçilik binasyny, dolandyryş jaýyny, abatlaýyş sehini, inżenerçilik-tehniki infrastrukturanyň we önümçiligiň işlemegini üpjün ediş desgalarynyň ençemesini özünde jemleýär. Daş-töwerek abadanlaşdyrylypdyr, bu ýerde ýaş pürli we ýaprakly agaçlaryň we toprak-howa şertlerine aýratyn durnukly bezeg ösümlikleriniň müňlerçesi oturdyldy.
…Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni täze fabrigiň öňündäki meýdança gelip durýar, bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär, köp sanly ýaşaýjylar, ýaşlar milletiň Liderini şatlyk bilen garşylaýarlar. Dabara gatnaşyjylar—hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Ahal welaýatynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, daşary ýurt kompaniýalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem ýaşulular, täze fabrigiň işgärleri ruhubelentlik bilen garşy alýarlar.
Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa owadan gül desselerini gowşurýarlar, hormatly ýaşulular duz-çörek hödür edýärler. Din wekilleri Beýik Allatagaladan Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegini we onuň Lideriniň ähli beýik başlangyçlarynyň üstünlikli bolmagyny diläp, aýat-doga okaýarlar. Ýaşulular welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa adamlar hakyndaky hemişelik aladasy, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» folklor-etnografiki toparynyň çykyşy dabara aýratyn bezeg berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly ýodasy bilen ýöräp, fabrigiň merkezi girelgesiniň öňünde goýlan baýramçylyk münberine barýar. Ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, döwlet Baştutany hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk —Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni we şanly waka — Ruhabat etrabynda täze pagta egriji fabrigiň açylmagy bilen gutlady.
Senagat kärhanalarynyň, durmuş we medeni ähmiýetli desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň ägirt uly ähmiýetini belläp, milletiň Lideri «bu baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän dabaraly çäreler döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň, türkmen halkynyň synmaz agzybirliginiň we jebisliginiň, parahatçylyk, söýüjilik, döretmek we ynsanperwerlik ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändiginiň aýdyň nyşanydyr diýip nygtady.
Çalt depginlerde ösýän dokma senagaty munuň subutnamasydyr. Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen we ýurdumyzyň we dünýäniň bazarlarynda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli we ýokary hilli önümleri öndürýän onlarça kärhanalar onuň infrastrukturasyny düzýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdirdi. Diňe şu ýylyň özünde Daşoguzda we Gökdepe etrabynda iri pagta egriji fabrikler işe girizildi, bu gün bolsa dokma senagatynyň önümçilik kuwwatyny ep-esli artdyrmaga gönükdirilen Ruhabat etrabyndaky fabrik dabaraly açylýar. Fabrigiň aýratyn tapawudy onuň ýurdumyzyň pudagy üçin düýbünden täze önümi—pagta süýüminden we poliesterden garyşyk ýüplügi öndürmegidir.
Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, ýurdumyzda täze gurlan dokma fabriklerinde öndürilýän ýokary belgili nah ýüplükleriň, jins, örme, sütükli, setin we panbarhat matalarynyň dürli görnüşleri, olardan öndürilýän ýokary hilli taýýar önümler, saglygy goraýyşda ulanylýan hem-de kosmetiki pamyk önümleri dünýäniň köp ýurtlarynda alyjylar tarapyndan uly islegden peýdalanylýar diýip nygtady. Halkara guramalary tarapyndan ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna hil sertifikatlarynyň berilmegi hem-de Ýewropanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki ýurtlaryň dünýä belli meşhur kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ruhabat etrabynda gurlan täze fabrigiň tapawutly aýratynlygy hakynda aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti onuň ýurdumyzyň dokma pudagy üçin düýbünden täze önümi — pagta süýüminden we poliesterden garyşyk ýüplügi öndürip bilmegidir, şol ýüplükden soňra matalaryň täze görnüşlerini öndürip bolar diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, 9600 tonna golaý pagtany we 5100 tonnadan gowrak sintetiki süýümi gaýtadan işlemäge ukyply fabrik ähli hil standartlaryna laýyk gelýän 7 müň tonna «Ring» görnüşli garyşyk ýüplükleri we 6 müň tonnadan gowrak «Open End» görnüşli garyşyk ýüplükleri öndürer. Bir ýylda öndürilen önümiň bahasy ABŞ-niň 31 million 500 müň dollaryna barabar bolar. Fabrigiň durmuş babatyndaky ähmiýeti hem uludyr, bu ýerde 600 iş orny dörediler.
Bu gürrüňi dowam etdirip, milletiň Lideri «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda dokma pudagyna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberini 2 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmek, ýurdumyzyň gowaça ekilýän ähli sebitlerinde dokma kärhanalaryny gurmak göz öňünde tutulýar diýip nygtady. Bu bolsa ilatymyz üçin müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Çünki ilatyň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak döwletiň ilkinji derejeli wezipesidir.
Çykyşyny tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň ählisini we täze fabrigiň işgärlerini bu şanly waka bilen ýene bir gezek gutlady we dokma pudagynyň ähli zähmetkeşlerine bagt hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutany fabrigi guran «Engin Group Inăaat A.-.» gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Engin Kale söz berdi. Häzirki zaman fabriginiň gurluşygyny amala aşyrmaga bildiren ynamy üçin türkmen Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, işewür öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem Türkmenistanda täze taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmak üçin özüniň ähli mümkinçiliklerini peýdalanjakdygyny, şu maksat bilen öňdebaryjy tehnologiýalary we täze gazanylanlary çekjekdigini aýtdy.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz simwoliki lentany kesýär, soňra fabrigiň önümçilik binasyna tarap ugraýar. Altynsow germewler we owadan torlar bilen bezelen merkezi girelgäniň öňünde milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanyna owadan gül desselerini gowşurýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň foýe girýär. Bu ýerde döwlet Baştutany foýede döredilen gyşky baga üns berýär. Onuň merkezini ýaşy 140-dan geçen zeýtun agajy bezeýär. Holluň bezelmegine adaty bolmadyk dizaýnerçilik çemeleşmesini belläp, milletiň Lideri önümçilik bilen giňişleýin tanyşmaga başlaýar.
Kärhananyň ähli önümçilik prosesleriniň jikme-jik shemasy ýerleşdirilen planşetiň ýanynda fabrigiň hünärmeni döwlet Baştutanyna ýüplük egrilişiniň tehnologiki prosesiniň esasy tapgyrlary — pagta süýüminden we poliesterden ýüplügiň taýýarlanylyşy hakynda gürrüň berýär. Berkligi, çeýeligi we beýleki artykmaç häsiýetleri bilen tapawutlanýan ýüplügiň bu görnüşi diňe içerki bazarda däl-de, eýsem dünýäde uly islegden peýdalanýar.
Ulanylmaga berlen kärhananyň sehleri meşhur dünýä öndürijileriniň — «Marzoli» we «Sawio» meşhur italýan firmalarynyň döwrebap ýokary öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyza pagta ýüplügi önümçiligi üçin maşynlary we stanoklary esasy iberijileriň biri bolmak bilen bu firmalar özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezdi. Häzirki wagtda dokma kärhanalaryny tehnologiki taýdan üpjün etmek boýunça bu özara bähbitli hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar. Aşgabatda enjamlary abatlamak we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek boýunça hyzmat ediş merkezi açyldy we üstünlikli hereket eldýär. Bu bolsa italiýaly hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazarynda berk ornaşmaga gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Fabrikde önümçilik prosesi doly awtomatlaşdyrylandyr hem-de merkezi kompýuter dolandyryş nokadyndan gözegçilik edilýär. Welaýatyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanalarynda uly möçberlerde öndürilýän nah ýüplük we poliester süýümi önümçilik üçin esasy çig mal bolup hyzmat eder. Germaniýanyň «Textechno» firmasynyň önümi bolan hile gözegçilik edýän laboratoriýa enjamlary önümçiligiň ähli tehnologiki zynjyryna jikme-jik gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda dünýäniň dokma önümçiliginde garyşyk ýüplükleri ýeňil, ýöne has berk matalary öndürmek üçin giňden ulanmagyň durnukly meýli emele geldi, şol matalar bolsa kostýumlar, köýnekler we ýörite lybaslar üçin niýetlenendir. Kurtkalary, ýörite maksatly matalary we şuňa meňzeş önümleri taýýarlamak üçin pes belgiligi, ýöne örän berk ýüplüklerden dokalan matalar ulanylýar. Şeýle ýüplüklerden dokalan matalar örän berkligi, ýygyrt atmaýanlygy, daşky görnüşiniň has owadanlygy bilen tapawutlanýar. Dürli belgili garyşyk ýüplükler bu talaplaryň ählisine laýyk geler. Olaryň möçberleri we dokma görkezijileri buýrujynyň islegine laýyklykda deslapdan meýilleşdiriler.
Süýümleri garyşdyrmak prosesi amala aşyrylýan taýýarlaýyş bölümine geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu tehnologik ulgamda süýümleriň her bir görnüşini işläp taýýarlamagyň tutuş tapgyryny üns bilen synlaýar. Süýümler işlenip taýýarlanylandan soň turbalar boýunça ýörite bölümlere berilýär we birmeňzeş görnüşe getirilip garylýar.
Soňra döwlet Baştutany pagta egriji bölüme bardy. Goşmaça serişdeleri we meýdanlary ulanmazdan birnäçe amallary bir önümçilik işinde utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, mysal üçin, «Savio» firmasynyň egriji maşynlarynda dürli belgili ýüplükleriň ikisiniň bir wagtda işlenilmegi önümi gerekli möçberinde we sarp edijiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli görkezijiler bilen öndürmegiň programmasyny tiz wagtda üýtgetmäge mümkinçilik berýär.
Ýüpek saraýjy maşynlar bölüminde «Loepfe» italýan kompaniýasynyň ýörite enjamy ýüplügi del zatlardan elektron usuly bilen arassalaýar, şeýle hem ýüplügiň inçelýän we ýognaýan ýerlerinde deňlemek işini ýerine ýetirýär, bu bolsa işlenip çykarylýan önümiň hil häsiýetnamasyny ep-esli gowulandyrýar.
70 göterim çyglylykda saklanýan fiksaż sehinde ähli tehniki görkezijileri berkitmek üçin taýýar ýüplükleriň bobinalary saklanylýar. Toplaýyş we gaplaýyş bölüminde täze fabrigiň önümçiliginiň tutuş tehnologik işi tamamlanýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Zancaner» tiz hereketli enjamyň kömegi bilen taýýar önümi ilki bilen polietilene, soňra bolsa buýrujynyň talaby boýunça polipropilen haltalara ýa-da karton gutulara gaplanylyşyny görkezýärler.
Hil gözegçiliginiň toplumlaýyn laboratoriýasy kompýuterleşdirilen tehnika—örän duýguly ölçeýji abzallar bilen üpjün edilipdir, olaryň her biri önümçiligiň ähli tapgyrlarynda önüm öndürilýän öz uçastogy üçin jogap berýär. Bu ýerde çig malyň tehniki görkezijilerini deslapdan testirlemek geçirilýär, bellenilen görkezijiler boýunça egrilen önümi işläp taýýarlamak üçin çig maly garmagyň mümkin bolan wariýasiýalarynyň koeffisiýentleri kesgitlenilýär.
Gypjagyň we Gökdepäniň trikotaż toplumy, şeýle hem Jinsi toplumy ýaly senagat ägirtleriniň golaýynda ýerleşýän täze fabrik hem pagtany gaýtadan işlemekden taýýar önümi çykarmaga çenli önümçilik ulgamynda möhüm halka öwrüler. Dürli kombinasiýalarda çykarylýan garyşyk ýüplük ýurdumyzyň dokma önümçilikleriniň hajatlaryny üpjün eder. Önümleriň bir bölegi daşary ýurtly önüm öndürijilere iberiler.
Şeýlelikde täze fabrigiň ulanmaga berilmegi diňe bir dünýäniň dokma bazarynda isleg bildirilýän önümiň täze görnüşiniň öndürilişini ýola goýmaga däl-de, eýsem täze matalaryň we olardan taýýar önümleriň görnüşini artdyrmak boýunça ýurdumyzyň dokma we tikinçilik kärhanalarynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge ýardam eder. Mysal üçin, geljekde ýokary sarp edijilik häsiýetleri bilen tapawutlanýan «poplin» köýneklik matasyny, ýörite egin-eşikler üçin zerur bolan gabardin matasyny öndürmeklik mümkin bolar.
Binanyň iş otaglary aragatnaşygyň täze ulgamlary we degişli tehnika bilen üpjün edilendir. Binanyň içinde gerekli temperaturany saklamagy, howanyň arassalygyna gözegçilik etmegi we ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmegi awtomatik düzgünde işleýän ýörite enjamlar amala aşyrýar.
Fabrigiň edara jaýy mermere beslenen iki gatly binada ýerleşip, ol häzirki zaman binagärlik we inżenerçilik oý-pikiri esasynda gurlupdyr. Foýeniň we iş otaglarynyň interüeri degişli bezegçilik nusgasynda ýerine ýetirilipdir.
Fabrigiň gullukçylary we işgärleri üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen ýanaşyk ýerler basketbol we mini-futbol üçin niýetlenen meýdan, şeýle hem beýleki sport meýdançalary bilen üpjün edilipdir.
Ýakyn geljekde garyşyk ýüplügi öndürýän kärhananyň ýanynda dokma we boýag fabrikleriniň gurluşygyna başlanylar.Kärhanalar toplumyny gurmak pudagy ösdürmegiň strategik meýilnamasyny amala aşyrmagyň maksatlary — ykdysadyýetiň bu sektoryny doly önümçilik ulgamyna geçirmek bilen şertlendirilendir. Ol çig maly gaýtadan işlemekden ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge çenli önümçilik tapgyryny, ýurdumyzyň bazaryny daşary ýurt harytlarynyň ýerini tutup, dokma önümleriniň dürli görnüşleri bilen doldurmagy öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze häzirki zaman fabrik bilen tanyşlykdan soň, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny goýdy. Döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, dokma pudagynyň işgärlerini ýene bir gezek täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen gutlady we olara işlerinde üstünlik gazanmagy arzuw etdi.
Ýöriteleşdirilen täze fabrigiň dabaraly açylmagynyň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm