Şanly waka – Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowa ykdysady ylymlaryň doktory diýen ýokary alymlyk derejesiniň – ykdysady ylymlaryň doktory berilmegi mynasybetli döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrler, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary gutlaýarlar. Hatlarda, hususan-da, türkmen Liderine bu ýokary adyň dakylmagy onuň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlarynyň, milli ykdysadyýetiň ösmegine, türkmen jemgyýetiniň durnuklylygynyň we jebisliginiň berkemegine, ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan -düzgünleşdirilişiniň we dolandyrylyşynyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamakda we üstünlikli peýdalanmakda goşan uly goşandynyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýär diýlip bellenilýär. Hatlaryň awtorlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Milletiň Liderini şanly waka bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Akmämmedow, B.Hojamuhammedow, T.Japarow, R.Meredow, H.Muhammedow, D.Orazow, H.Saparlyýew, N.Şagulyýew, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan A.Nurberdiýewa gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri H.Muhammedow, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Żadan, Y.Paromow, G.Töräew iberdiler.
Döwlet Baştutanyny şanly waka bilen ýurdumyzyň ilatynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew, Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Lebap welaýatynyň häkimi ÝA.Ýaýylow, Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew gutladylar.
Türkmenistanyň Prezidentine mähirli gutlaglaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Din işleri baradaky geňeşiň ýolbaşçylary Ç.Seräew, G.Haýytlyýew, N.Gurbanow iberdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglaryny şeýle hem Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň Başlygynyň birinji orunbasary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň birinji sekretary K.Babaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy T.Muhammedowa, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy M.Hojagulyýew we beýlekiler ýolladylar.
www.turkmenistan.gov.tm