Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmengurluşyk-2016” halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat öz işini tamamlady.
Söwda-senagat edarasynyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni, “Netorganization” kompaniýasy bilen bilelikde guran her ýylda geçirilýän ykdysady gözden geçirilişi binagärlikde we gurluşykda innowasiýalara hem-de ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalara bagyşlandy hem-de däp bolşy ýaly, bu ulgamda öňdebaryjy orunlary eýeleýän ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň hünärmenleriniň ünsüni özüne çekdi.
Ozal habar berlişi ýaly, serginiň işine dünýäniň 16 ýurdundan daşary ýurt kompaniýalarynyň togsandan gowragy gatnaşdy. Olaryň görkezen diwarlyklary gurluşyk senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gönüden-göni gatnaşýan firmalardan başga-da, gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini äşgär etdi. Munuň özi ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly enjamlara islegiň artýandygy nazara alnanda, uly ähmiýete eýedir.
Şeýle hem bu ýagdaý gurluşyk pudagynyň ösüşinde möhüm ähmiýetli ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalarynyň bu ulgama goşandynyň barha artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Olar belli daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşip, buýrujylara amatly nyrhlary hem-de hil derejesini hödürleýärler, gitdigiçe has çylşyrymly we iri möçberli taslamalary amala aşyrýarlar, bu ulgamda iň täze halkara usullaryny ornaşdyrýarlar.
Türkmen telekeçilerine hem-de hususy kärhanalara Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde uly ynam bildirilýär, olara paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda uly möçberli gurluşyk işlerini, şol sanda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny, kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça kärhanany we beýlekileri gurmak işleri tabşyryldy. Ýerli telekeçiler şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýlek-de ösdürmek işlerine üstünlikli gatnaşýarlar, muňa bu ýerde ozal açylan häzirki zaman binalary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan kärhanalar tarapyndan gurlup, ýakynda ulanmaga berlen ajaýyp kottežler toplumy hem şaýatlyk edýär.
Sergide jemi otuzdan gowrak kompaniýa we ýurdumyzyň ugurdaş edara-kärhanalary öz gazananlaryny görkezdiler. Şunda olaryň aglabasy hususy bölege degişlidir, bu bolsa telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatynyň üstünliklere eýedigini aýdyň görkezýär.
Serginiň çäklerinde guralan “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat hem üstünlikli geçirildi, oňa pudagyň iri kompaniýalarynyň bilermenleri we wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy, iri ýerine ýetirilmegi çylşyrymly bolan, ýer titremegine durnukly taslamalary amala aşyrmak, innowasiýa häsiýetli gurluşyk usullaryny hem-de iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alşyldy. Ýurdumyzda gurluşyk senagatynyň ösdürlişine, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmekde ýetilen sepgitlere bagyşlanan meseleler boýunça dünýäniň onlarça ýurtlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň 20-den gowragynyň wekilleri çykyş etdiler.
Serginiň jemleýji güni bu gözden geçirilişe hem-de maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler, onda halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi we netijeli işlemek üçin döredilen şertlere çuňňur hoşallyk beýan edilýär.
Bu gezekki sergi özüniň uly ähmiýetli gepleşikler meýdançasy babatyndaky ýokary derejesini ýene-de tassyklady, bu ýerde geljekde iri möçberili gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Sergi türkmen paýtagtynyň, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň geljekki keşbine ýene bir gezek nazar aýlamaga mümkinçilik berdi, olaryň keşbi bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny alamatlandyryp, gün-günden özgerýär.