13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

Gurluşyk we Binagärlik Boýunça Forum

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wajyp wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek maksady bilen, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi uly ylmy-amaly maslahatyň guramaçysy bolup çykyş edip, onuň işine gatnaşmaga garamagyndaky ylmy we taslama edaralarynyň, şeýle hem Jemagat hojalygy ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň, paýtagtymyzyň häkimliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenlerini, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Aşgabadyň gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlaryny we talyplaryny çagyrdy.

“Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary” diýen at bilen 8-9-njy iýunda geçirilen iki günlük forum ýakynlaşyp gelýän Ylymlar gününe bagyşlandy.

Maslahatyň işiniň barşynda ýaşaýyş-durmuşyň häzirki zaman ulgamy kemala getirilende şäher gurluşygyny ylmy taýdan üpjün etmegiň, gurluşyga we binagärlige maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, taryhy-medeni mirasyň desgalaryny öwrenmegiň anyk meselelerine garaldy. 

Şeýle hem daşky gurşawy goramak hem-de seýsmodurnukly, innowasion gurluşyk serişdelerini öndürmek, şol sanda awtomobil ýollary üçin gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda ylmy-tehniki gazanylanlar, talyplara binagärlik we gurluşyk hünärlerini okatmagyň, taslama we gurluşyk edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň terbiýeçilik usullary hem-de nusgalary görkezildi.

Maslahatyň açylyşynyň çäklerinde pudaklaýyn sergi guraldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän şähergurluşyk özgertmeleri, Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi barada wideofilm görkezildi.

Bölümçe mejlisinde çykyş edenler ýurdumyzyň gurluşyk  toplumyndaky umumy ýagdaýy, milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda onuň geljegini we ýagdaýlaryny häsiýetlendirdiler. Bellenilişi ýaly, pudagyň tehnika taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylyşy, ýerli serişdeleri gaýtadan işlemegiň esasynda gurluşyk serişdeler senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek hem-de ýurdumyz üçin möhüm meseleler boýunça ylmy-tehniki barlaglary we işläp taýýarlamalary höweslendirmek gurluşyk senagatyny ösdürmegiň esasy ugrudyr.

Bölümçe mejlisleriniň dördüsinde gurluşyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmegiň ýollaryny tapmagyň anyk meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň mejlisler zalynda geçen 
“Gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde innowasion tehnologiýalar. Gurluşygyň seýsmiki ýagdaýa durnuklylygy” diýen bölümçede bu ulgamda häzirki zaman gazanylanlar umumylaşdyryldy hem-de işläp düzüjileriň, taslama düzüjileriň, gurluşykçylaryň işlerini utgaşdyrmak we pudaga has gerek bolan täze tehnologiýalara we serişdelere ünsi jemlemek üçin ony ösdürmegiň binýatlaýyn ugry kesgitlenildi. 

Soňky ýyllarda gurluşyk bazary adaty bolmadyk serişdeleriň we tehnologiýalaryň uly möçberiniň peýda bolmagy bilen has işjeňleşdi. Gurluşyk we bezeg serişdelerindäki innowasiýalar gurluşykdaky işleri   özgertdi. Emma dünýäde her gün diýen ýaly peýda bolýan gyzykly täzelikler biziň ýerli, toprak, howa şertlerimize uýgunlaşmagyna mätäçdir diýip, çykyş edenler nygtadylar. Energiýa tygşytlamak, çig malyň ikinji gezek hem-de tehnogen galyndylaryň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň we gurluşyk materiallarynyň hem geljegi uludyr. 

Şu meselä degişlilikde, gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşlerini almak 
üçin önümçilik, şol sanda mineral galyndylaryny peýdalanmagyň mümkinçilikleri barada çykyş hödürlenildi. Bu bolsa olaryň gymmatyny peseltmäge, tehniki häsiýetnamalarynyň hataryny gowulandyrmaga,  berkligini we uzakmöhletleýinligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Gurluşyk serişdeleri senagaty tehnogen çig malyny esasy sarp ediji hökmünde ekologiýa  wezipeleriniň çözülmegine hem ýardam berip, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn peýdalanmagyň jemleýji halkasy bolup durýar. 

Şeýle hem ylmy-barlaglaryň netijelerini täjirçilik önümlerine, önümçilige ornaşdyrmak hem-de mundan beýläk-de netijeli ýerlemek üçin taýýar önüme neneňsi öwrüp boljakdygy barada gürrüň edildi. 

Maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan anyk meseleleriň toplumy gönüden-göni seýsmiki taýdan durnukly binalary we ymaratlary gurmak bilen baglanyşykly boldy. Taslamasy düzülýän hem-de durky täzelenilýän desgalaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün edýän ýörite gurnamalaryň, enjamlaryň, ulgamlaryň we serişdeleriň işlenip taýýarlanylandygy barada habarlar aýdyldy. 

Baryp gadymyýetde käbir ýagdaýlarda gurluşykçylar ýertitremesiniň bina ýetirjek täsirini gowşatmak maksady bilen, esaslaryň ýokarky derejesinde ýumşak serişdeleri örüp gurnamak arkaly binany onuň esasyndan aýry saklamaga synanyşypdyrlar. Käbir monumental desgalar çägesöw ýerlerde, soňra bolsa arassa palçykdan bolan ýerlerde gurlupdyr, diwarlaryň düýp böleklerine bolsa ýumşak gamyş gatlaklar örülipdir. 

Häzir bu ulgamda Türkmenistan tarapyndan uly ylmy we iş tejribesi toplanyldy. Hünärmenleriň pikirine görä, häzirki wagtda seýsmiki agramlylygyň wibrasion gözegçiligi, hususan-da, berk, ýeňil we gymmat bolmadyk gurluşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýän seýsmiki taýdan gurşap almaklyk seýsmiki durnukly gurluşyk babatda has netijeli we ykdysady taýdan maksadalaýyk gural bolup durýar.           

Çykyşlaryň birinde bellenilişi ýaly, polat oky bolan rezinmetally diregler innowasion seýsmiki durnuklylyk beriji gurnama hasaplanyp, seýsmiki agramlylygy ençeme esse azaltmaga mümkinçilik berýär.

Şorlaşan topraklarda gurulýan binalaryň we desgalaryň binýatlarynyň taslamalaryny düzmegiň aýratynlyklary baradaky çykyşda beýleki bir wajyp mesele beýan edildi. Şonda inžener-geologiýa barlaglaryň tapgyrynda barlaglar geçirmegiň, şorlamagy sebäpli binalaryň we desgalaryň näsazlyklaryny öňünden duýdurmak, olaryň ulanyş ýaramlylygyny gorap saklamak üçin binýatlary gurmagy hasaplamagyň ýörite usullarynyň wajypdygy bellenildi. 

Betonlaryň önümçiligine döwrebap modifikator-goşundylary peýdalanmagyň usullary baradaky çykyşlarda anyk iş ýagdaýyndaky ugurlar hem beýan edildi. Bu bolsa islenilýän häsiýetlerdäki, ýagny ýokary berkligi, pes geçirijiligi we beýlekileri bolan serişdeleri almaga mümkinçilik berýän, kükürtsöw betondan turba önümini taýýarlamagyň tehnologiýalary, kükürdi peýdalanmak bilen ýol-gurluşyk serişdelerini öndürmegiň mümkinçilikleri barada hem çykyşlar beýan edildi.

Bu ugur hem wajyp bolup durýar, çünki alymlaryň pikirine görä, kükürtlibeton we kükürtliasfalt daşky gurşaw üçin howpsuzdyr, ýurdumyzda nebitgazyň gazylyp alynmagynyň artmagy bilen bolsa,  bulara ugurdaş önüm hökmünde kükürdiň gazylyp alnyşy hem ýokarlanýar. Kükürtlibetonyň öýjük-öýjükliliginiň pesdigi köp babatda ony peýdalanmagyň ulgamlaryny şertlendirdi. Munuň özi kükürtlibetonyň suw akabalaryny hem-de arassalaýjy enjamlary, paýalary, turbalary, bir söz bilen aýdylanda, ähli ýerasty inženerçilik aragatnaşygynyň ulgamlaryny, şeýle hem deňiz desgalaryny we bentlerini gurmak üçin esasy serişde hökmünde ulanylmagyna degişlidir. 

Birnäçe beýleki habarlar Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz menzilinde gämileriň duralgalarynyň gurluşygynda polat turbalaryndan paýalary gurnamagyň täze tehnologiýalaryna; polietileni hem-de Garagumyň çägesinden gazbeton gurluşyk serişdelerini peýdalanmak arkaly gurluşyk serişdelerini öndürmäge; reňkli bezeg 
sementini hem-de ýerli çig maldan ýylylyk bilen gurşap alyjy serişdeleri taýýarlamaga; gurluşyk desgalarynda we kärhanalarda elektroenergiýany tygşytlamagyň usullaryna we beýlekilere bagyşlanyldy. 

Şeýle hem pudagyň maglumat binýadyny döretmegiň, häzirki zaman kompýuter programmalaryny ulanmak bilen onuň amaly ylymlaryny ösdürmegiň, işgärler bilen üpjünçiligi kämilleşdirmegiň, gurluşyk hünärleri boýunça bilim alýan talyplaryň okuw işinde iň täze maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň meselelerine deglip geçildi. Binagärlik pikirleriniň we taslamalarynyň derejesinde innowasiýalary ornaşdyrmak esasy pikirleriň biri boldy. Munuň özi gurluşyk pudagynda olary has işjeň öňe ilerletmäge kömek eder. Bu bolsa öz aýratynlygyna laýyklykda döwrüň synagyndan geçen üsullara daýanýar.

Mejlisiň “Binagärlik, dizaýn, şähergurluşygy we ilatly ýerleri meýilleşdirmek” diýen ikinji bölümçesi Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. 

Bu ýerde uly paýtagt şäher hökmünde Aşgabady ösdürmegiň aýratynlyklaryna, täze şähergurluşyk maksatnamalaryna, uly binalaryň hem-de heýkelleriň binagärlik-çeperçilik çözgütlerine, olaryň daşky gurşaw bilen özara arabaglanyşygyna garaldy. 

Şäherleriň we obalaryň baş meýilnamalarynda taryhy-medeni ýadygärlikleriň tutýan ornuna, Türkmenistanyň orta asyr ýadygärlikleriniň çeper bezeglerini häzirki zaman binagärliginde ulanylmagyna, däp bolan haly gölleriniň we beýleki milli äheňleriň peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.

Bölümçelerde ýaş alymlar halkymyzyň binagärlik mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde öz tejribelerini görkezdiler. Anyk mysallara—Dehistanyň demirgazyk minarasynyň ýokarky guşak nagyşlarynyň geometriki gurluşynyň aýratynlyklaryna, Şir-Kebir we Meşedi-Messirian mowzoleýleriniň, Köneürgenç binagärçiliginiň ajaýyplyklaryna, Soltangalanyň şähergurluşyk düzümlerine garaldy. 

Binalaryň energiýa netijeliligini, şol sanda alternatiw energiýa çeşmeleriniň hasabyna ýokarlandyrmak üçin binagärlik usullarynyň peýdalanylmagy gyzykly meseleleriň biri boldy. 

Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda innowasion serişdeleri peýdalanmak bilen awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna bagyşlanylan bölümçe guraldy. Bu ulgamda täze gurluş çözgütleriniň hatarynda bazaltoplastikanyň, ýerli çig mallardan öndürilen bitum pastalarynyň esasynda sowuk asfalt-betonyň peýdalanylyşy bellenildi. 

Aşgabatda ýerasty zeýkeş aragatnaşyk ulgamyny gurmakda, ýurdumyzyň köpri gurluşygynda, şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz menzilini, howa menzillerini we ençeme beýlekileri gurmak boýunça alnyp barylýan işlerde toplanylan tejribelere seljerme berildi. 

Ahyrky dördünji bölümçe gurluşyk pudagynyň ekologiýa meselelerini hem-de jemagat hojalygyny dolandyrmagyň ylmy esaslaryny özünde jemledi. Ol Türkmen döwlet binagärlik institutynda geçirildi. Bu ýerde esasy meseleleriň hatarynda önümçilik işlerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň, aýrassalaýjy desgalary gurmagyň, ýerleri gaýtadan işlemegiň, Türkmenistanyň bezeg ösümliklerini peýdalanmak bilen fitodizaýnyň usullary, landşaft binagärligini ösdürmegiň, şäher gurşawynda emeli suw howdanlaryny döretmegiň  geljegi hem-de jemagat hojalygyny dolandyrmagyň häzirki zaman netijeli görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylmy-amaly maslahat binagärlik-gurluşyk we awtoýollar toplumlaryny, şäher hojalygyny ösdürmegiň ýollary barada ylmy garaýyşlary, pikirleri hem-de içerki hünärment jemgyýetçiliginiň tekliplerini alyşmak üçin meýdança öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, ol gürrüňsiz suratda ylmyň we anyk işiň ýakynlaşmagynda, hünär ugurly bilim edaralary bilen önümçilik kärhanalaryň arasynda sazlaşyklyk işiniň çuňlaşmagynda ýene-de bir möhüm ädim boldy, şeýle hem ýaş talyplaryň arasynda gurluşyk hünäriniň abraýynyň artmagyna ýardam berdi. 

Degişli makalalar

Türkmen Ekerançylary Güýzlük Bugdaý Ekişine 23-nji Awgustda Girişerler

Birža Täzelikleri

syrach

Galla Oragynyň Öň Ýanynda Türkmenistana Täze “СLAAS” Kombaýnlarynyň Tapgyry Gelip Gowuşdy

turkmenhabargullugy