Aşgabat 2017 ady bilen dünýä dolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde görlen göreşlerden gazak göreşi hem-de pahlawani guşakly göreş sport ugrunyň beýleki görnüşlerinden has-da tapawutlanýar.
Başa-baş söweş sungaty toplumynda hepdäniň penşenbe güni, ýagny 21-nji sentýabrda guşakly göreş sporty ýokarda belläp geçilen göreşiň iki görnüşi boýunça ýaryşlar arkaly dowam edýär. Bu ýaryşlarda bolsa, göreş sport ugurlarynda Türkmenistanly türgenleriň altyn medallaryň aglabasyna dalaşgär döwri tamamlanýar.
Türkmenistanyň göreş boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Ýazmyrat Garajaýewiň aýtmagyna görä, Aşgabat 2017 oýunlarynda aglaba medallary gazanandyklaryna garamazdan, türkmen türgenleri beýleki ýaryşlarda hem ýeňiş gazanmak üçin ähli tagallalary eder.
Baş tälimçi bu babatda: “Guşakly göreş beýleki göreşlere garanda has çylşyrymly. Biziň garşydaşlarymyz has güýçli, şonuň üçin-de, üstünlikli çykyş etmegimiz üçin biz indi has hem tijenmeli bolarys” diýip, türgenleriniň biriniň ýaryşyny telewideniýe arkaly synlap durka gürrüň berýär.
“Göreş sporty, aslynda, türkmen halky üçin däp-dessura öwrüldi. Biz bu göreş ugruny özümiziň milli sportumyz diýip hasaplaýarys. Türkmen halky toý-tomgylarda hem göreş tutýan halk” diýip, Garajaýew belleýär.
Gazak göreşi hem-de pahlawani görnüşleriniň ikisi hem 3 sany agyrlyk derejesine bölünen (-70kg, -90kg, +90kg). Penşenbe güni geçiriljek guşakly göreş boýunça ýaryşlar Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty toplumynda sagat 11:00-da başlaýar.