Türkmenistanda güýzlük galla ekişi üstünlikli tamamlandy. Tutuş ýurdumyz boýunça 860 müň gektar ýere bugdaý ekildi. Türkmen gallaçylary 2011-nji ýylda şol meýdanlardan 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnamalydyrlar. Şol sanda Ahal welaýaty boýunça 450 müň tonna, Mary welaýaty boýunça 380 müň tonna, Lebap welaýaty boýunça 350 müň tonna, Daşoguz welaýaty boýunça 300 müň tonna we Balkan welaýaty boýunça 120 müň tonna galla ýygnalmalydyr.
«Türkmenobahyzmat» assosiasiýasynda TDH-niň habarçysyna gürrüň berişleri ýaly, şu ekiş möwsüminde ýer sürýän traktorlaryň 9 müňden gowragy, şeýle hem ekiş enjamlarynyň 1800-den gowragy ulanyldy. Öz wagtynda sürlen we oňat iýmitlendirilen meýdanlara iň gowy galla tohumlary ekildi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem gallaçylar ýurdumyzyň her bir welaýatynyň toprak-howa şertlerini nazara aldylar we meýdanlara, ilkinji nobatda, bugdaýyň «Juwan», «Ýolöten-1», «Sähraýy», «Ýubileýnaýa-100», «Batko», «Türkmenbaşy-1» we «Bitarap» ýaly ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler.
Şu günki güne çenli eýýäm 699 müň 512 gektar meýdanda endigan gögeriş alyndy. Häzir gallaçylarymyzyň öňünde ekinlere ideg etmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary we talaplary gyşarnyksyz berjaý etmek, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny tejribä ornaşdyrmak, güýzlük gallanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak wezipesi durýar. Ýurdumyzyň ekerançylary häzir ilkinji ösüş suwuny bermek we mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek işlerine girişdiler. Şeýle hem haşal otlara garşy göreşmek işlerine aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň esasy ýörelgeleriniň hatarynda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ylmy taýdan çemeleşmäniň ulanylmagyny, her bir welaýatyň toprak-howa şertleri nazara alnyp, ekinleri ekmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň we dünýäniň oba hojalyk ylmynyň iň täze gazananlarynyň işjeň ulanylmagyny, oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak arkaly ekerançylaryň zähmetiniň maddy taýdan höweslendirilmegini, ekinlere ideg etmek boýunça edilýän çykdajylar babatda ekerançylara ep-esli ýeňillikleriň berilmegini, oba adamlarynyň maddy hal-ýagdaýynyň ep-esli gowulandyrylmagyny we beýlekileri görkezmek bolar. Mundan başga-da, bu ulgamda görülýän çäreleriň toplumy bar bolan kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmagy we täze elewatorlary hem-de un üweýji toplumlary, ýyladyşhana hojalyklaryny, zawodlary we fabrikleri gurmagy hem öz içine alýar. Şol kärhanalarda ýerli çig maldan önümleriň köp görnüşleri öndüriler.
Muňa mysal hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda, şu ýyl «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasynyň buýurmasy boýunça Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent şäherçesinde we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda gurlan sygymy 50 müň tonnalyk, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan sygymy 30 müň tonnalyk täze kuwwatly elewatorlary görkezmek bolar. Gallanyň agramyny ölçemek, hilini barlamak we saklamak işleri dolandyrmagyň toplumlaýyn we awtomatlaşdyrylan ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Elewatorlaryň çäginde şeýle hem işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmegi we oňat dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.
Şeýlelikde, ahyrky netijede azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm oba hojalyk möwsüminiň birinji tapgyryndan geçildi. Mähriban Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda giň gerime eýe bolýan oba hojalyk özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Öndürilýän bugdaýyň möçberi ýylsaýyn artýar we Watanymyzyň «zer» dänelerinden dörän harmanlary beýgelýär. Häzir gallaçylaryň tutanýerli zähmetiniň miwesi agzybir türkmen halkynyň bereketli saçaklarynyň bezegine, gün-günden kuwwatlanýan döwletimiziň abadançylygynyň, rowaçlygynyň, durnuklylygynyň, mizemezliginiň kepiline, gadymy we baky juwan türkmen topragynyň egsilmez bereket çeşmesine öwrüldi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm