«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň geologlary Türkmenistanyň gündogarynda Galkynyş etrabynda Köseşor gaz känindäki Halkabat meýdançasynyň birinji barlag guýusynda 4000 metr taslama çuňlugyna ýetdiler.
3070-3064 metr çuňlukdaky orta-ýura çägesöw-alewrit çökündilerinde geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça 20 mm ştuserde günde 181,6 müň kub metr möçberinde kükürtsiz gazyň we 32,4 müň kub metr kondensatyň senagat akymy alyndy.
Halkabat meýdançasy düzümiň beýikligi 35 metr bolanlygynda 18,2 inedördül kilometri eýeleýär. Ol Kükürtli, Babaarap we Kerwen özleşdirilýän gaz we gaz kondensatly ýataklaryň orta böleginde ýerleşýär.
Ýakynda müdirligiň işgärleri bu ýerde taslama çuňlugy 3200 metr bolan ikinji barlag guýusynda buraw işlerine başladylar. Häzirki wagtda buraw işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar.
Täze iki sany — gaz kondensatly Halkabat we Çelekbaý gaz ýataklarynyň açylmagynyň «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň 2016-njy ýylyň jemleri boýunça gazanan iň esasy netijeleriniň biridigini bellemelidiris.
Çelekbaý meýdançasy Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýerde burawlanan №1 ýokarky ýuranyň oksford ýaşyndaky gaz karbonatly çökündilerinde 4511-4503 metr interwally çuňluklarda barlaglar geçirilende 23 ştuserde günde 1 million 28 müň kub metr möçberde tebigy gazyň senagat akymy alyndy.
Bu bolsa «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň demirgazyk-günbatar ugurda gaz gatlagynyň giňeýändigi barada aýtmaga esas berýär.