2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň nobatdaky üçünji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi.
Duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçdi.
Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisde iki ýurduň döwlet serhetlerinden demirýol we awtoulag ýükleriniň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi babatyndaky özarahereketleriň guralynyň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy. Bu ugurda taraplar şeýle-de harytlaryň bökdençsiz üpjünçiligi, şol sanda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde taraplaryň sazlaşykly hereketleriniň ýola goýulmagynyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Wekilleri Saglygy Goraýşyň Bütindünýä Assambleýasynyň 73-nji Sessiýasyna Gatnaşdylar
2020-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly 73-nji sessiýasy geçirildi.
Sessiýa BSG-niň agza-döwletleriniň Saglygy goraýyş ministrleri we ministrleriň orunbasarlary, BSG ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary hem-de BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyşynda Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory doktor Tedros Adhanom Gebreýesus çykyş etdi. Sessiýanyň dowamynda ähli gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw etmek bilen, ol pandemiýanyň häzirki ýagdaýlarynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň wajypdygy barada belledi.
Çäräniň dowamynda çykyş etmek bilen, türkmen wekilleri Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işleri, onuň halkara kadalaryna hem-de howplara we wehimlere laýyklykda kamilleşdirilmegi barada aýdyp geçdiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary we dünýädäki epidemiologiki ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan çäreler barada nygtaldy. Türkmenistanyň BSG bilen geljekde hyzmatdaşlyga, şol sanda bütin adamzadyň saglygyny goramaga gönükdirilen başlangyçlaryň we maksatnamalaryň girizilmegine ygrarlydygy barada bellenilip geçildi.
Merkezi Aziýa Döwletleriniň Oba Hojalyk Ministrleriniň we FAO-nyň Duşuşygy Geçirildi
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Wideoşekilli maslahatyň barşynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň oba hojalygy boýunça ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurtlarda oba hojalygynyň ösüşi we azyk önümleriniň üznüksiz öndürilmegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan çäreler dogrusyndaky çykyşlary diňlenildi, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň oba hojalyk ministrlikleri tarapyndan koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) azyk howpsuzlygyna edýän ýaramaz täsirini azaltmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda pikir alyşmalar geçirildi.
Maslahatyň barşynda FAO-nyň baş direktorynyň orunbasary, FAO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin we FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu Merkezi Aziýada oba hojalygynyň ösüşi we azyk howpsuzlygy barada FAO-nyň hasabaty bilen tanyşdyrdylar. Hasabatda Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlarynyň oba hojalyk we azyk pudaklarynyň arasynda durnukly hyzmatdaşlygyň gurallaryny saklamagyň we ulanmagyň zerurlygy bellenip geçildi.
Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda oba hojalyk we azyk howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şonuň ýaly-da ýurduň döwlet serhetlerinde fitosanitar we weterinariýa gözegçiligini güýçlendirmek boýunça görülýän öňüni alyş çäreleri arkaly koronawirus ýokanjyynyň ýurduň çägine ýaýramagynyň öňüni almakda Türkmenistanyň oňyn tejribesi hem bellenip geçildi. DIM