8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Halkara Deňiz Menzili

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. 

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar. 

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden dikuçarda iri düzümleýin desga bolan Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň gidýän ýerine tarap ugrady. Milli Liderimiz ýolugruna deňizýaka şäheriniň hem-de onuň täze howa menziliniň üstünden uçuşy amala aşyryp, dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýan ýerleri gözden geçirdi. 

Häzir halkara ähmiýetli üstaşyr-ulag halkasyna, halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen, Türkmenbaşy şäheriniň ýurdumyzyň işewür we medeni durmuşynda orny artýar, onuň aýratyn ykdysady, syýahatçylyk derejesi täze uly wezipeleri öňde goýýar. Hormatly Prezidentimiz özgertmeleriň hem-de umumymilli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp babatda şol weziepeleriň netijeli çözülmegine baglydygyny nygtaýar. 

Hormatly Prezidentimiz menziliň çäginde ýörite taýýarlanylan ýere baryp, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň we onuň esasy düzümleýin desgalarynyň taslamalaryny synlady. 

Döwlet Baştutanymyz çyzgylary we maketleri gözden geçirmegiň öň ýanynda “Gap Inşaat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen gürrüňdeş boldy. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna türkmen-türk gatnaşyklarynda ähmiýetli taslama bolan Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň potratçysy bolup çykyş etmek ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türk işewüri taslamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyprlary barada gürrüň berip, şertnamalaýyn borçnamalaryň ählisiniň hökmany ýerine ýetiriljekdigine hem-de iki ýurduň netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir ajaýyp mysalyna öwrüljek möhüm desganyň gurluşygynyň talap edilýän derejede ýokary hilli bolmagynyň üpjün ediljekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy. 

A.Çalyk öz kompaniýasynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürip, innowasion tehnologiýalaryň öňe ilerlemegine ýardam etmäge gyzyklanýandygyny tassyklady. Şu babatda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň taslamasyny taryhy diýip atlandyrmak bolar, çünki onuň durmuşa geçirilmegi biziň ýurtlarymyzy özara gatnaşyklaryň täze derejesine çykaryp, şol gatnaşyklaryň halkara ykdysady aragatnaşyklar ulgamyna doly möçberde goşulyşmagyna, ulag gatnawlarynyň wajyp merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orun tutýan, ösen we oňat ýola goýlan port hojalygyna eýe bolan Türkiýäniň Türkmenistan üçin deňiz ulag ulgamyny guramakda iň oňat işläp düzmeleri öwrenmek babatda uly gyzyklanma döredýändigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlarymyzyň ýardam bermeginde açyljak ýurdumyzyň täze deňiz derwezeleriniň örän uly ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap, türk işewürlerine we hünärmenlerine türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly orun tutjak nobatdaky bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menzilini konseptual taýdan taslamalaşdyrmak hem-de toplumlaýyn gurmak boýunça işleriň barşyna gözegçilik etmek “Inros Lackner AG” /Germaniýa Federatiw Respublikasy/ konsalting kompaniýasyna ynanyldy. 

Onuň wekilleri—bilermenler Bernd Ştih hem-de Tobias Gunsell hormatly Prezidentimize taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň dürli ugurlary, ony netijeli ulanmak boýunça guramaçylyk-tehniki çäreler, port hojalygynyň tehniki enjamlaşdyrylyşy we iş aýratynlyklary, onuň dolandyryş ulgamy barada habar berdiler. 

Döwlet Baştutanymyz halkara deňiz menziliniňA geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutmagyň zerurdygyna hyzmatdaşlaryň ünsüni çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, menziliň terminallaryna agram düşüşiniň artyşyny, olaryň ýöriteleşdirilen ugrunyň giňemegini göz öňünde tutmak gerek. Şoňa laýyklykda, eýýäm häzirden bu ulgamda iň täze ylmy işläp taýýarlamalar bilen enjamlaşmagy, iň häzirki zaman tehnikalary ele almaly, ýagny ozup işlemeli. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda taryhy tejribäni peýdalanmagyň wajypdygyny belledi, çünki, gadymyýetde Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi halkasy bolupdy. Onuň orny diňe bir ykdysady alamatlar bilen däl, eýsem, şol döwürlerde Ýewraziýa yklymynda ýaşan köp halklaryň ýakynlaşmagy bilen hem kesgitlenýär. Milli Liderimiz söhbetdeşligiň barşynda Beýik Ýüpek ýolunyň birleşdiriji ähmiýeti baradaky taryhy maglumatlary we mysallary getirdi. Bu ýoluň ösmegine Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly türkmen şäherleri täsir etdiler. Munuň özi logistikanyň döremeginiň hem başy boldy. 

Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki döwletler bilen birlikde dostluk we raýdaşlyk ýollaryny gurup, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň berkemegine ýardam edýär. Ýurdumyz Ýewraziýa giňişliginde halkara ulag ulgamynyň sazlaşykly kemala getirilmegini üpjün etmek maksady bilen, “Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” transmilli geçelgelerini – awtomobil we demir ýolarynyň, howa we deňiz ýollarynyň ulgamyny gurmak başlangyjy bilen çykyş etdi. Mazmun taýdan, munuň özi – Beýik Ýüpek ýolunyň ýaýbaňlandyrylan ulgamyny täzeden döretmek ýolunda anyk ädimlerdir. 

Iri taslamanyň—“Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir polat ýolunyň gurluşygynyň amala aşyrylmagy Ýuwropanyň we Aziýanyň ýurtlaryna Günorta Aziýa hem-de Pars aýlagyna çykmagyň iň gysga we amatly ýagdaýyny üpjün eder. Bu bolsa sebitiň halklarynyň bähbidine laýyk gelýär. Ýakynda Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan –Eýran ugry boýunça synag otlusy ugrady. Bu ugruň umumy uzynlygy 10 müň kilometre golaýlaýar, ýoldaky wagt bolsa ozalky ýol, deňziň üstünden parom arkaly geçeniňdäki bilen deňeşdireniňde 15 gün azalýar. Ýoly geçmäge sarp edilýän wagtyň ep-esli azaldylmagy ulag çykdajylarynyň hem görnetin azaldylýandygyny aňladýar, ýagny ugruň ykdysady bähbitliligi artýar. Bularyň hemmesi sebitde söwda işjeňligini höweslendirer, ýogsa ählumumy çökgünlilik ýagdaýynda bütin dünýäde söwda işjeňliginiň ýygjamlygy örän peseldi. 

Ýagny, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyna daýanyp, Türkmenistan ony bu gün logistika ulgamynda taryhy tejribäni-de peýdalangyp, täze görnüşde täzeden dikeldip, deňiz gatnawlaryny hem goşmak bilen, ulag ýollarynyň ähli görnüşlerini ösdürýär. Hazar deňzinde ýük dolanyşygynyň hem-de ýolagçy gatnadylyşynyň ösmegine Türkmenistanyň “Ro-Pax” derejeli iri ýük gämileriniň ikisini satyn almagy, şeýle hem Türkmenbaşyda täze halkara deňiz menzilini gurmagy-da ýardam edýär. 

Işlenip taýýarlanan taslama barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykow hasabat berdi. Wise-premýer “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasynyň” çäklerinde gurulýan täze taslama barada umumy maglumatlary hem-de onuň tehniki aýratynlyklary barada gürrüň berdi. 

Ýakyn geljekde özüniň duralgalary we beýleki desgalary bilen tutuş deňiz menzili toplumynyň nähili görnüşde boljakdygyny äşgär edýän taslamalar hakynda tehniki maglumatlar berildi. 

Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz menziliniň taslamasy gämi, ýolagçy we konteýner terminallaryny öz içine alýar. Toplumyň çäginde umumy ýük terminaly, dökülýän ýükleriniň terminaly, şeýle hem gämi gurujy we gämi abatlaýjy zawodlar bolar. Köpugurly menziliň umumy meýdany 1 million 400 müň inedördül metrden gowrakdyr. 

Onuň duralga zolagynyň umumy uzynlygy 3 müň 800 metre barabardyr. Mundan başga-da, duralgadaky gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda köpsanly kenar düzümine degişli desgalaryň bina edilmegi meýilleşdirilýär. Olar ulag üpjünçiligini ýola goýar. Şeýle hem bu ýerde umumy uzynlygy 3 müň 915 metr bolan köp zolakly awtomobil ýoly, umumy uzynlygy 29 müň 890 metr bolan demir ýol çekiler. 

Hormatly Prezidentimiz maglumatlary diňläp, deňiz menziliniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary, ony netijeli ulanmagyň guramaçylyk-tehniki serişdeleri, port hojalygynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy we onuň aýratynlyklary, menziliň dolandyryş ulgamynyň tapawutly taraplaryna ünsi çekdi. 

Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň ýerleşýän çägi Gündogar-Günbatar ugry boýunça möhüm ulag geçelgesi bolup durýar. Ol iri deňiz merkezleri arkaly dünýäniň bazarlaryna çykalgany üpjün edýär. Hazaryň kenarynda gurulýan deňiz menzili häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmegiň möhüm bölegine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Täze deňiz menzili Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna mümkinçilik berer, ol uzak möhletleýin geljek üçin ýola goýulýan sebitara hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berer hem-de Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlaryny kadalaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açar. 

Iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýän deňiz menzili Ýewropa ýurtlary üçin Ýakyn we Orta Gündogar hem-de Hindi ummanynyň sebitindäki ýurtlaryň haryt we çig mal bazarlaryna çykmaga aňrybaş amatly şertleri üpjün eder. Şonlukda, ol giň möçberli ýük gatnawlarynyň ýoluna harçlanýan wagty has gysgaltmaga şert döreder. 

Bu ýerde gürrüň Merkezi Aziýany, Hazar deňziniň sebitindäki döwletleri Zakawkazýe we Gara deňiz sebitleriniň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan, soňlugy bilen Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna çykalgany üpjün edýän hem-de Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini hem ýakynlaşdyrýan täze geoykdysady giňişligiň binýadynyň tutulýandygy barada barýar. Şeýle hem bu taslama geljekde ulag düzümini günorta we gündogar ugurlarda Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly iri ykdysady merkezlere çykalgany üpjün eder. Munuň özi hyzmatdaşlygyň has iri möçberleriniň döredilýändigini alamatlandyrýar we ählumumy geoykdysadyýetde täzeçil pikirleri, onuň ösüşiniň strategik ugurlaryny alamatlandyrýar. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu taslama diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan däldir. Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz menzili geosyýasy ýagdaýa düýpli täsirini ýetirer we ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegine öwrüler hem-de tutuş sebitde we onuň daşlarynda umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ol Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň we howpsuzlygyň baş şertini emele getirer hem-de yklymda syýasy gatnaşyklar ulgamynyň durnuklylygynyň ýokarlanmagyny şertlendirer. 

Döwletleriň we iri sebitleriň ägirt uly möçberlerini öz içine alýan geografiki ugurlar, ulag akymlarynyň köpugurly esasda durmuşa geçirilmegi bu taslamany amala aşyrmagyň möhüm geosyýasy ähmiýetidir. Şeýle hem ol öz gezeginde döwletara gatnaşyklarynyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň, ýakynlaşmagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer. 

Täze deňiz menzili Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine oňyn şertleri üpjün eder we iri maýa goýumlarynyň çekilmegini şertlendirer. 

Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi babatda hem ähmiýetlidir. Deňiz menzili beýleki döwletlerden ýurdumyzda deňiz ýakasynda dynç almaga gelýänleriň sanynyň artmagyny şertlendirer. 

Täze deňiz menzili döwrebap häzirki zaman enjamlar toplumy, gatnaşyklaryň, ýük gatnadylmagynyň howpsuzlygyny hem-de netijeliligini üpjün edýän, daşky gurşawy goraýan zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylar. Menziliň çäginde gämileriň hereketine, ähli bölümlerde ýüklemek, ýük düşürmek işleri awtomatlaşdyrylan we anyk wagt esasynda işleýän elektron tehnologiýalar arkaly dolandyrylar. 

Hazar deňziniň ekologiýa derejesini gorap saklamak maksady bilen, terminalda bioarassalaýjy enjam oturdylar. Bu taslama “Ýaşyl port” halkara ülňüsine laýyklykda işlenip taýýarlandy. 

Şeýle hem menziliň gurluşygy bilen bir hatarada hünäpmenleri, ugurdaş işgärleri taýýarlamak, operatorlary okatmak işleri alnyp barylýar. Ol işler Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýola goýuldy. 

Gämi we ýolagçy terminallarynyň umumy eýeleýän meýdany 230 müň inedördül metre barabar bolup, oňa birbada birnäçe gämiler gelip bilýär. Bu terminal ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň ýük treýlerine hyzmat etmäge niýetlenendir. 

Ýolagçy terminaly 400 orunlyk bolup, bu ýerde menziliň myhmanhanasy, söwda we oýun merkezleri ýerleşer. Migrasiýa ulgamy we pasport gözegçiligi we beýleki zerur çäreler häzirki zaman derejesinde dörediler. Bu bölümde işleýän hünärmenleriň sany 200 töweregi bolar. 

Konteýner terminalynyň ýyllyk kuwwaty 400 müň konteýnere barabardyr. Ol 249 müň inedördül metr meýdany bolan ýerde ýerleşer. Bu strategik desga Türkmenistanyň sebitiň eksport-import ulgamyna mynasyp goşandyna öwrüler. Ýokary derejede döredilen duralgada konteýnerlerdäki ýükleri saklamak we gaýtadan işlemek boýunça hyzmatlar toplumy amala aşyrylar. Bu ýere ýükler howa, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly getiriler hem-de olaryň suw ulagyna ýüklenmegi we düşürilmegi üpjün ediler. Menziliň şu bölüminde 500-den gowrak iş orunlary dörediler. 

Konteýner terminalynyň uzynlygy 515 metr bolup, ol umumy ýük göterijiligi 5 müň tonna töweregi bolan birbada üç gämide ýükleýiş we ýük düşüriş işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýär. 

Deňiz menzili iň täze enjamlar we ýükleri gaýtadan işlemek üçin ýörite göteriji we beýleki tehnikalar bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, konteýner terminalynda sagatda 30 konteýnere barabar bolan kenarýaka ýük geçirijiler işlär. Şeýle hem terminalda esasy paýlaýjy merkez gurlar. Ýükleri ähmiýeti boýunça toparlara bölmek onuň baş wezipesi bolar. 

Şeýle hem operatorlaryň monitorlarynda ähli maglumatlar jemlenip, gözegçiligiň hemra ulgamy bilen enjamlaşdyryljak konteýner terminalynyň CTQI /Container Terminal Quality Indicator-konteýner terminallarynyň hil görkezijisi/ ülňülerine laýyklykda düzülendigini bellemek gerek. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň bu görnüşiniň hiline gözegçiligiň bitewi ulgamynyň döredilmegine mümkinçilik berer. 

Umumy eýeleýän meýdany 260 müň inedördül metr bolan umumy ýükleriň terminaly deňiz menziliniň iň uly terminalydyr. Onuň kuwwaty ýylda ortaça 4 million tonna barabar bolar. Ol dürli gurluşyk materiallaryny, demirleri, polady, agaçlary, ulaglary, enjamlary we beýlekileri düşürmäge, ýüklemäge, ýerleşdirmäge we ugratmaga niýetlenendir. Bu terminalyň kenar ýakasyndaky umumy uzynlygy 625 metr bolup, bu ýerde ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan 4 gämä birbada hyzmat etmek mümkinçiligi dörär. Şeýle hem bu terminalda 265 iş orunlary emele geler. 

Dökülýän ýükler üçin niýetlenen terminalyň taslama kuwwaty her ýylda 3 million tonna bolup, ol 180 müň inedördül metr ýerde ýerleşer. Onda dürli çig mal serişdelerini, nebithimiýa önümlerini, demir känini, boksiti, alýumini, kömri, mal iýmini, döküni, şeýle hem dänäni, şekeri, duzy ondan oňa geçirmek üçin ulanylar. 

Umumy uzynlygy 440 metr bolan terminal 5 müň tonna kuwwaty bolan 3 gämjä birbada hyzmat eder. Onuň çäginde 37 müň inedördül metr meýdany bolan açyk we 8 müň 512 inedördül metr meýdany bolan ýapyk ammarlar bolar. 

Polipropilen üçin niýetlenen terminalyň ýyllyk kuwwaty 120 müň tonna bolup, ol 62 inedördül metr meýdanda ýerleşer. Umumy uzynlygy 750 metr bolan terminal 5 müň tonna bolan üç gämä birbada hyzmat eder. 

Gämi gurýan kärhana milli ykdysadyýetimiz üçin täze edara bolup durýar. Bu desganyň umumy meýdany 166 müň inedördül metre barabar bolar. Onuň taslama kuwwaty ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän tehnologik enjamlary we awtomatlaşdyrylan ulgamy peýdalanmak arkaly bir ýyda 10 müň tonna ýüki işläp taýýarlamagşa niýetlenendir. 

Bu ýokary tehnologiýaly kärhana dürli maksatly gämileriň gurluşygy boýunça işleriň doly toplumyny amala aşyrar. Bu ýerde tankerler, gury ýük göterijiler, tirkegler, özi galýan nebit we gaz platformalary gurlar. Önümçilik ulgamlarynyň döwrebap üpjünçiligi zawoda her ýylda iri gämileriň 4-den 6-a çenlisini çykarmaga, şeýle hem her ýylda 20-30 gämini abatlamaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, täze kärhana Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň kemala gelmegine we onuň döwrebaplaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berer. 

Zawodyň taslama kuwwatyna çykmagy bilen, onda 1 müň 160 iş orny dörär. Desganyň taslamasy taýýarlananda geljekde onuň kuwwatyny artdyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy. Bu bolsa onda işlejek işgärleriň sanyny 2,5 müň adama ýetirmäge mümkinçilik berer. 

Zawodyň taslamasy International Assoсiation Сlassifiсation Soсietes halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda taýýarlandy. Ol deňiz gatnawlarynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly işlerde ýokary standartlaryň we düzgünleriň ýola goýulmagyny maksat edinýär. Dünýä söwda flotunyň 90 göteriminden gowragy hut şu halkara bileleşigine agza jemgyýetleriň derejesinde saklanýar. 

Soňra döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň hünär ugurly düzümlerini enjamlaşdyrmak, degişli gulluklaryň özara gatnaşygy, ýangyn we himiýa howpsuzlygyny, lukmançylyk, karantin we gümrük gözegçiligini üpjün etmek meselelerine Türkmenistanyň hökümet agzalarynyň, birnäçe pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanda gümrük işiniň taryhynyň hem asyrlaryň çuňluklaryna uzap gidýändigini belledi. Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegi salgyt salmak, gümrük paçlary we umuman, harytlary getirmäge we çykarmaga gözegçilik etmek ulgamynyň döremeginiň sebäbi boldy. Häzir öňde baryjy tehnikalar we enjamlar ýurdumyzyň gümrük gullugynyň ygtyýaryndadyr. 

Şeýle hem senagatyň ösüşini, ýurdumyzda gurluşyk serişdeleriniň, mineral dökünleriniň, nebithimiýa önümleriniň we beýlekileriň önümçiliginiň ýokarylanşyny nazara alyp, menziliň konteýner terminalynyň çäklerinde ammarlaryň ýerlerini giňeltmegiň maksadalaýyklygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz deňiz menziliniň awto we demir ýol düzümi, olaryň energiýa üpjünçiligi, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de täze multimodal toplumynyň işini guramagyň ençeme beýleki ugurlary, onuň tehnologiýa işleri boýunça wezipeleri toplumlaýyn çözmegiň wajypdygyna bu ýere ýygnanlaryň ünsüni çekdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeginde ulaglaryň ähli görnüşlerini netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýan Hazarýaka sebitine aýratyn orun berilýändigini nygtady. Şonuň netijesinde bu ýerde deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulaglaryny peýdalanmak bilen, ýük akymlaryny utgaşdyryp biljek esasy logistika merkezi kemala getirilýär. Umuman, Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň bütin giňişliginde döwletara aragatnaşyklaryny netijeli ösdürmäge ýardam berýän iri halkara logistika merkezine öwrüler. Hazarýaka döwletleriniň çäklerinde dürli derejeli maslahatlarda we duşuşyklarda beýan edilen bu başlangyçlar ählumumy maksatlara we bähbitlere gabat gelýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyz kenarýaka-port düzüminiň esasy hem-de kömekçi desgalarynyň bezelişiniň we enjamlaşdyrylyşynyň çyzgylarynyň görnüşlerine garady hem-de olaryň birnäçesini tassyklap, käbirleriniň üstünde bolsa beýan edilen bellikleri nazara alyp, gaýtadan işlemegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz şeýle hem ýükleri utgaşdyrmak boýunça logistika merkeziniň binasynda esasy gulluklardan we logistika zynjyrynyň böleklerinden başga-da, deňiz menziliniň mümkinçiligini görkezmek üçin sergi zalyny ýerleşdirmegi teklip etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara deňiz menziliniň taslamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegi hem-de onuň desgalaryny gurmagy maliýeleşdirmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekip, işleriň ähli tapgyrlarynda iň ýokary ülüňlerine laýyk gelýän hil derejesine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

Germaniýanyň “Inros Lackner AG” konsalting kompaniýasynyň wekilleri bu örän uly taslamany amala aşyrmaga öz goşantlaryny goşmaga döredilen mümkinçilik üçin sag bolsun aýdyp, bildirilen ynamy we kompaniýanyň abraýyny ödemek üçin hemme tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Ýurdumyz bilen ýola goýlan işewür hyzmatdaşlygy dowam etmek kompaniýanyň bähbitlerindedir. 

Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda ýangyç-energetika toplumyny, gurluşygy, telearagatnaşygy, saglygy goraýşy, oba hojalygyny, bank we beýleki wajyp ulgamlary goşmak bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dürli pudaklarda ýöriteleşen kompaniýalary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. 

Milli Liderimiz innowasion taýdan ösüşe uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň dünýäniň iň oňat tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Daşary ýurtlaryň, şol sanda öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryna örän jogapkärli garamagy bilen tapawutlanýan Germaniýanyň kompaniýalary şeýle tejribeli tehnologiýalara eýedir. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden çykyp, deňiz menziliniň uly makedini gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz bu iri ulag-logistika toplumynyň köpugurlylygyna ünsi çekip, onuň çylşyrymly düzümleriniň bölümleriniň ählisiniň wezipe aragatnaşyklary arkaly has doly birleşdirilmelidigini nygtady. Häzirki zaman logistika merkezleri bu diňe ammarlar we ýük akymlarynyň çatyrygy däldir, ol işjeň işewürligiň, söwda we maliýe işjeňliginiň merkezidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de gurluşyk işleri alnyp barlanda diňe bir deňiz menziliniň işgärleriniň işlemegi üçin däl, eýsem, dürli logistika, söwda-kompaniýalarynyň we banklaryň şahamçalarynyň hem-de beýlekileriň wekilhanalary üçin şertleri döretmegi hem göz öňünde tutmagy tabşyrdy. 

Mundan başga-da, ýörite suw maketiniň kömegi bilen kiçiräk aýlagyň giňişliginde kenar berkidiji hem-de suwuň düýbünde berkidiji işler görkezildi. Bu işler topragyň örän uly möçberiniň kenarýaka zolagyna çykarylmagyny, gämi duralgasyna hem-de deňiz menziliniň ýakasyndaky çäklere gelýän demir we awtomobil ýollarynyň düşegini dykyzlandyrmak üçin zeýkeş guýularyny burawlamagy göz öňünde tutýar. Şeýle çylşyrymly işlerde ulanylýan täze tehnologiýa häzirki günde iň netijeli bolup durýar hem-de birnäçe aýyň içinde şeýle täsirli netije gazanyp bolýar, ýogsa adaty ýagdaýda bu işlere ençeme ýyllar sarp edilýär. 

Gämileriň deňiz duralgalaryna arkaýyn geçmegi üçin eýýäm topragyň 9 million kub metrinden 7 million kub metri /meýilnamanyň 82 göterimi/ gazylyp çykaryldy. Olaryň diwarlary hem-de deňiz menziliniň düýbi topragy dykyzlandyrmak üçin örän kuwwatly enjamlaryň we paýanyň kömegi bilen utgaşdyrylan täsirlere duçar edilýär. Umuman, taslama boýunça deňiz kenaryna uzynlygy 40 metr we diametri 1400 millimetr bolan 2 müň 404 metal paýalaryny urup girizmek bellenildi. Olar soňra demir-beton bilen guýulýar. Häzirki wagtda paýalaryň 402-si gurnalyp, 17 göterim iş ýerine ýetirildi.

Taslaima laýyklykda deňiz menziliniň düşelýän bölegini döretmek boýunça işler 100 göterim ýerine ýetirildi—6,4 million tonna toprak düşeldi. Topragy dykyzlandyrmak üçin dik zeýkeş guýularynyň 630 müňüsini gurmak meýilleşdirildi, häzirki wagtda olaryň 402 müňüsi gurnaldy, ýagny, bu işler 64 göterim berjaý edildi. 

Ýer gatlagy berkidilende urgusynyň güýji 12 tonna bolan zynjyrly hereketdäki topragy dykyzlandyryjy we basgylap demrikdiriji häzirki zaman maşynlary peýdalanylýar. 

Şunda gazylyp çykarylan toprak meýdany 170 gektar bolan emeli adany döretmek üçin ýörite turba geçirijiler boýunça uzynlygy 4 kilometr aralyga aşyrylýar. Şol ada ýüz müňlerçe guşlaryň mesgen tutjak, höwürtgelejek we gyşlajak ýerine öwrüler. Çünki deňiz menziliniň gurluşy guşlary öz ornaşan ýerlerinden uçup gitmäge mejbür etdi, olar üçin ozalkylaryndan-da has oňat şertler dörediler. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa meseleleriniň ileri tutulýandygynyň ýene-de bir ajaýyp subutnamasy bolup durýar. 

Umuman, deňiz menziliniň ägirt uly gurluşyk meýdançasynda 2084 adam iş bilen meşgul hem-de häzirki zaman tehnikalarynyň we enjamlarynyň 1090-dan gowrak birligi hereket edýär. 

Döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygy tamamlap, Halkara deňiz menziliniň gurulmagy Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň, onuň ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýuldmagyna gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

turkmenhabargullugy

(TENDER) CNPC International (Turkmenistan) Bäsleşik Yglan Edýär

Кöp Soralýan Soraglar

turkmenhabargullugy