5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
DURMUŞ

Halkara giňişliginde türkmen sungatynyň meşhurlygy artýar.

 Aziýa-Ýuwaş umman sebitine girýän ýurtlaryň IV Halkara aýdym-saz festiwaly tamamlandy. Oňa Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti gatnaşdy we üstünlikli çykyş etdi. 

Şu festiwal ýaly, uly forumlarda türkmen aýdym-sazynyň belentden ýaňlanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara medeni-gumanitar hyzmatdaşlygynda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň möhümliginiň we üstünliklidiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol hyzmatdaşlyk medeniýetleriň özara baýlaşmagyny hem-de Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňşligine goşulmagyny ugur edinýär. Munuň özi biziň ýurdumyzyň dünýä giňişliginde diňe ýokary ykdysady kuwwaty bilen däl-de, eýsem, aýratyn ruhy, döredijilik baýlygy bilen mertebesini beýgeldýän, beýleki medeniýetler üçin açyk bolan demokratik döwlet hökmünde abraýynyň berkarar bolmagy üçin hem uly ähmiýete eýedir. 

Ozal habar berlişi ýaly, UNESKO-nyň howandarlygynda geçen foruma dünýäniň 30 döwletinden: Awstraliýadan, Bangladeşden, Bruneýadan, Wýetnamdan, Gwatemaladan, Hindistandan, Indoneziýadan, Gazagystandan, Kambojadan, Kanadadan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Kolumbiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Kosta – Rikadan, Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan, Meksikadan, Mongoliýadan, Täze Zelandiýadan, Panamadan, Perudan, Russiýadan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Tailanddan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Fijiden, Filippinlerden we Ýaponiýadan döredijilik toparlarynyň 45-si we dürli žanrlardaky artistler gatnaşdylar. 

Döredijilik baýramçylygynyň maksatnamasynda nusgawy we häzirki zaman sazlary, balet, çeperçilik sergileri we kino görkezilişi, simfoniki orkestrleriň, hor, jaz we döredijilik toparlarynyň konsertleri, karnawal, ýaşlaryň täze atlary açmaga gönükdirilen ýörite taslamalary boldy. 

Krasnoýarskiniň we Açinskiniň köp adam ýygnanan iň gowy konsert meýdançalarynda “Laçyn” aýdym-saz, tans döredijilik toparynyň çykyşlary ägirt uly üstünlige eýe boldy. Biziň ýurdumyzda we daşary döwletlerde işjeň konsert maksatnamalary bilen çykyş edýän toparyň döredijiligi milli däpleriň häzirki zaman nusgalaryna esaslanandyr. Onuň her bir çykyşy hakyky teatrlaşdyrylan sahna bolup, ol gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan we häzir Türkmenistanda aýawly saklanýan türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary hakynda gürrüň berýär. Artistleriň nepis nagyşly we ajaýyp şaý-sepler bilen bezelen egin-başlary milli öwüşgine eýe bolup durýar. 

“Asuda asmanyň Laçynlary”, “Bagt kerweni”, “Bilezik”, “Düwme”, “Gelin”, “Kejebe”, “Degirmençi”, “Ýar gara gözli”, “Maral geldi”, “Bitarap Diýarym”, “Arkadag”, “Bagtyýarlyk baýdagy”, “Watan bar bizde” we beýleki aýdym-sazlar, tanslar festiwala gatnaşyjylaryň, Krasnoýarsk ülkesiniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň kalplarynda mäkäm orun eýeledi. Olar tomaşaçylary öz täsirliligi, ylham-joşgunlylygy, bendi edýän owazlary bilen haýran galdyrdy. Şol eserlerde Garagumyň uç-gyraksyz giňişlikleri, ahalteke bedewleriniň okgunly çapyşy hem-de halk toýlarynyň şatlygy öz beýanyny tapýar. Her konsertden soň, tomaşaçylar türkmen artistlerine uzak wagtlap el çarpdylar, gutlag sözlerini aýtdylar, bilelikde surata düşmegi haýyş etdiler, täze duşuşyklary arzuw etdiler. 

Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň täze, döwrebap medeni dessuryna öwrülmek bilen IV Halkara aýdym-saz festiwaly dünýä ýüzüne gyzykly gezelenji amala aşyrmak mümkinçiligini döredip, adamlaryň kalbyny ýagşy, mähirli, dostlukly, baýramçylyk duýgularyndan dolduryp, dürli ýurtlaryň sungatlary bilen tanyşmak şatlygyny peşgeş berdi, biziň ajaýyp dünýämizde ýaşaýan halklaryň medeiýetleri hakynda has köp zatlary bilmäge mümkinçilik döretdi. 

Häzir Aziýa-Ýuwaş umman sebiti ähmiýeti boýunça dünýäniň ykdysady taýdan birleşmesiniň merkezi bolup durýar. Dünýäniň jemi içerki önüminiň 60 göterimi, dünýä söwdasynyň we gös-göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýarysy, ilatyň 40 göterimi onuň paýyna düşýär. Bu sebit tebigy-howa, geografik, etniki, serişde-ykdysady babatda köp dürli bolup, bu sebitde ýaşaýan halklaryň medeni mirasynda öz beýanyny tapdy. Bu mirasyň taryhy bolsa 6500 ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Ol dünýä siwilizasiýalarynyň ösmegine, şol sanda Ýewraziýa yklymy boýunça geçen Beýik Ýüpek ýoly arkaly pajarlap ösmegine ägirt uly täsirini ýetirmek bilen, häzir hem döretmek üçin çeşme we ylham bolup hyzmat edýär. 

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Beýik Ýüpek ýoluny, şol sanda onuň medeni-gumanitar düzümini dikeltmek pikirini işjeň amala aşyrýan häzirki Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda yzygiderli ösdürýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, hut şol gymmatlyklar syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk, bütin dünýäde biziň döwletimiziň abraýynyň has-da artmagy üçin amatly ýagdaýy döretmekde kesgitleýji şertler bolup durýar.

Degişli makalalar

2017-nji ýylda Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Aşgabat Şäherinde Geçirilmeginiň Taryhy

syrach

IL ARSLAN

Türkmen Tebigaty Özboluşly Gözelligi Bilen Haýran Edýär