9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Halkara Karantin Merkezi Ulanmaga Berildi

Halkara Karantin Merkezi Ulanmaga Berildi

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden, döwlet derejesinde bellenilýär. Milli senenamanyň bu şanly senesine atçylyk ulgamynyň täze döwrebap desgasynyň – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Halkara karantin merkeziniň açylyş dabarasy gabatlandy. Bu dabara köpsanly daşary ýurtly myhmanlarymyz, şol sanda düýn paýtagtymyzda geçirilen baýramçylyk halkara forumlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerimiz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy, onuň şöhratly taryhynyň bezegi bolup geldiler. Täze döwürde behişdi bedewlerimiziň hakyky muşdagy, at çapmagyň ussady hem-de atçylyk sportunyň tarapdary bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli işleri netijesinde ýurdumyzda atçylyk däplerini aýawly saklamak we dowam etmek, bu gadymy sungaty has-da ösdürmek boýunça maksadalaýyk işler geçirilýär.

Döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary täze desgany ulanmaga bermegiň dabarasyna baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Halkara karantin merkeziniň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen we gös-göni ýolbaşçylygynda Türkmenistanda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, arassa ganly bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan ajaýyp atçylyk sport toplumlary, şeýle hem ahalteke bedewleriniň hem-de olary ösdürip ýetişdirmek işine ömrüni bagyş eden adamlaryň şöhratynyň dünýä dolmagy, şol çäreleriň netijesi bolup durýar.

Ýelden ýüwrük, gözel we asylly, zehinli türkmen atşynaslarynyň we seýisleriniň ençeme nesilleri tarapyndan kemala getirilen bedewler bu gün eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, öňe tarap ynamly gadamlarynyň janly nyşanlary bolup durýarlar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda Ýanardagyň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Hut ahalteke bedewi Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alyndy. Şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzyň kabul etjek Aziada — 2017-niň resmi logotipinde ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirildi.

Behişdi bedewler—çapylýan atlaryň gadymy we iň gözel tohumlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ahalteke tohumynyň arassalygyny saklamak, onuň dünýä medeniýetiniň özboluşly hadysasy hökmünde ähmiýetini saklamak, degişli seçgi-tohumçylyk işini kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arassa ganly ahalteke bedewlerimiziň sanawyny — dünýä atçylygynyň saýlama tohumlarynyň has görnükli wekilleriniň sanawyny düzmek, olarda atlaryň gazanan üstünliklerini, gelip çykyşyny we beýleki maglumatlary görkezmek bilen degişli sanawy düzmek babatda görkezmesi bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti ahalteke bedewlerimizi Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda ÝUNESKO hat bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde ýurdumyzyň atçylygy babatda ylmy-barlag işlerini çuňlaşdyrmak maksadynda döwlet Baştutanymyzyň degişli ýolbaşçylara Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda Ahalteke bedewlerini öwrenmek baradaky ylmy merkezi döretmek barada tabşyryk bermegini, şeýle hem Türkmenistanda Ahalteke atçylyk akademiýasyny esaslandyrmak barada aýdandygyny bellemek gerek.

Giň gerimde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň artmagy behişdi bedewlerimiziň öçmejek şöhratyna hem-de bütin dünýäde olara gyzyklanmanyň örän uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Olaryň arasynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan atşynaslar, belli hünärmenler, alymlar, işewür düzümleriň wekilleri, ahalteke bedewleriň muşdaklary bar.

Şu ýyl ählihalk baýramçylygyna däp bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi, şeýle hem däbe öwrülen Halkara sergi-ýarmarkasy we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IX halkara ylmy maslahaty gabatlandy. Her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we gyzykly atçapyşyklary bolsa, bu dabaralara gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar.

Baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda dürli maksatly täze desgalary açmak we ulanmaga bermek dabaralary indi asylly däbe öwrüldi. Geçen ýyl behişdi bedewlerimiziň hormatyna guralan dabaralaryň maksatnamasy Aşgabat atçylyk sport toplumynda konkur manežiniň, şeýle hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde gurlan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň we Aba Annaýew obasynyň açylmagyny öz içine aldy.

Şu gün bolsa 120 baş aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkezi ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Umumy meýdany 40 gektara barabar bolan merkez zolaklaryň birnäçesine bölündi. Bu ýerde degişli desgalaryň toplumy, şol sanda barlag nokady, edara binasy, weterinar hassahanasy, 6 sany at ýatagy, 6 sany atlary ýüklemek üçin niýetlenen platforma hem-de atlar üçin awtoterezi, gury iýmler we saman ammary, saman üçin açyk meýdança, şeýle hem ulag serişdelerini arassalamak üçin niýetlenen üsti basyrylan dezinfeksiýa barýeri, üsti basyrlan awtoduralga we inženerçilik-tehniki desgalaryň birnäçesi ýerleşdirildi.

Bulardan başga-da, atlar üçin paddok (atlary arassa howada gezdirmek, şeýle hem olary atçapyşyklarynyň öň ýanynda taýýarlamak üçin niýetlenen meýdança), çapuw ýodasy we manež göz öňünde tutuldy.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda Ak bugdaý etrabynda gurlan Halkara karantin merkezi şunuň ýaly desgalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde atlary saklamak we olara netijeli ideg etmek üçin oňaýly şertler döredildi.

Weterinar hassahanasy atlaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. At ýataklary halkara ölçeglerine hem-de bellenilen arassaçylyk kadalaryna laýyklykda degişli derejede enjamlaşdyryldy, bu ýerde bedewler üçin oňaýly howa ýagdaýy üpjün edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda atlaryň kesellerinden azat zolagyň döredilendigini bellemek gerek. Bu barada 27-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisinde Halkara epizotiki edaranyň (HEE) Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Kazimiras Lukauskas öz çykyşynda aýratyn belledi.

Bu waka şu ýylyň martynda, ýagny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda HEE tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy. Halkara epizotiki edarasy atlaryň saglygyna gözegçilik etmek we kesellerine garşy göreşmek ulgamyny ýola goýmak babatda ýurdumyzda uly üstünligiň gazanylandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan Merkezi Aziýada atlaryň kesellerinden azat zolagyň derejesine eýe bolan ýeke-täk döwlet bolup durýar. Bu derejäni Assosiasiýanyň mejlisiniň barşynda jenap Lukauskasyň milli Liderimize gowşuran degişli sertifikaty tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda atçylyk pudagynyň halkara atçylyk senagatyna goşulmagyna, atçylyk sportunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzir Türkmenistanda bedewleri ýaryşlara, şol sanda dünýä sport giňişliginde çykyşlara hemmetaraplaýyn taýýarlamak, şeýle hem halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek üçin toplumlaýyn maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Aziada — 2017-niň maksatnamasyna bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen atçylyk sportunyň gyzykly we meşhur görnüşleriniň biri – konkur girizilidi.

Şunuň bilen baglylykda, karantin merkeziniň wezipesi-daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere ugratmazdan öň türkmen bedewleriniň, şeýle hem beýleki ýurtlardan Türkmenistanda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak üçin getirilýän atlaryň degişli barlagdan geçmegini üpjün etmek bolup durýar. Şeýle hem bu ýerde atlary oňat beden we sport ýagdaýynda saklamak maksadynda olara tälim bermek üçin zerur bolan mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzda Halkara karantin merkeziniň açylmagy tohum we sport atçylygynyň toplumlaýyn düzümini has-da ösdürmekde, türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratyny artdyrmakda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekde nobatdaky ädim boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň atçylyk sportunyň höweslendirmegine, onyň dünýä derejesine çykarylmagyna gönükdirilendir.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Pakistanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Bilen Duşuşyk Geçirildi

syrach

Gülläp Ösýän Garaşsyz Watanymyzyň Şanyna Baýramçylyk Konserti

syrach

Syýahat žurnaly.

syrach