Russiýanyň paýtagtynda Moskwanyň XXVIII halkara sergi-ýarmarkasynyň meýdançasynda GDA ýurtlarynyň Kitap sungaty atly 12-nji Halkara bäsleşiginiň netijelerini yglan etmek dabarasy boldy. Onda Meniň ýurdum diýen ugurda iň gowy eser diýlip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan atly kitaby yglan edildi.
Arkalaşyk atly ugurda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde durmuşa geçirilen işlerine bagyşlanan Dünýäde ykrar edilen Lider atly kitap birinji orna mynasyp boldy.
Abraýly halkara eminleri dabaraly ýagdaýda ýeňijilere we on bir ugur boýunça baýrakly orunlary eýelänlere hormat hatlaryny gowşurdylar. Sergide Türkmenistanyň kitap önümleri ilkinji gezek bäş ugur boýunça bäsleşige gatnaşdy hem-de olaryň her biri baýraga mynasyp boldy.
Baş baýrak ugry boýunça türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ýigrimi bir dilinde çap edilen goşgular ýygyndysy iň oňat eserleriň hatarynda görkezildi.
Arkalaşykda çap edilen atly ugurda Bagtyýarlyk döwrüniň waspnamasy atly kitap, şeýle hem Wiktor Sarianidiniň we Nadežda Dubowanyň Gadymy Margiananyň genji-hazynasy atly ylmy eseri baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Abraýly halkara sergisinde birbada bäş sany ýokary baýragy gowşurmak bilen emin agzalary, adat boýunça birnäçe dilde çap edilýän türkmen kitap önümleriniň dünýä ýüzünde, giň okyjylar köpçüligine ýurduň taryhyny we baý medeni miraslaryny bilmäge hem-de düşünmäge, şeýle hem Türkmenistanyň batly depginlerde ösüşine mynasyp baha bermäge ýardam edýändigini biragyzdan bellediler.
Türkmen neşirýatçylarynyň bu üstünligini GDA ýurtlaryndan sergä gatnaşan kärdeşleri gyzgyn gutladylar. Olaryň köpüsi Kitap-ösüşiň we hyzmatdaşlygyň ýoly atly, sentýabryň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek onunjy halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar.