8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Halkara Maslahatyna Gatnaşyjylar

“Syýahatçylyk — parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar onuň işiniň netijelerini jemlediler. Maslahatyň barşynda syýahatçylyk babatda dünýädäki ýagdaýlar hem-de köptaraply hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata 20 töweregi ýurtdan pudagyň hünärmenleri ýygnandy. Onuň işiniň birinji gününiň barşynda daşary ýurtly myhmanlar gadymy taryhy ýadygärliklere, medeni däplere, dynç alyş merkezlerine hem-de ýurdumyzyň tebigy gözelliklerine aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Çünki syýahatçylygyň hut şu ugurlarynyň utgaşmagy ony diňe bir bütin dünýäden bolan syýahatçylar üçin däl, eýsem, maýadarlar üçin hem özüne çekiji edýär. 

Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, olar syýahatçylyk babatda işjeň alnyp barylýan döwlet syýasatyny we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň taryhy-medeni hem-de tebigy ýadygärliklerini gorap saklamak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça başlangyçlaryny goldaýarlar. Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň häzirki zaman milli nusgasy dünýäniň beýleki ýurtlary üçin görelde bolup hyzmat edip biler hem-de halkara ykrarnamasyna mynasypdyr diýip, beýleki çykyş edenler hem bellediler. Jahankeşdelik häzir medeniýetleri we halklary ýakynlaşdyrmagyň netijeli guraly bolup çykyş edýär. 

Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar üçin “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç guraldy.  

Bu ýerde olar iň ajaýyp ýerleriň biri hem-de şonuň bilen birlikde gündogar siwilizasiýasynyň heniz doly açylmadyk syrlary bolan gadymy türkmen ýurdy Margiana bilen tanyşdylar. Ol özüniň täsin ýadygärlikleri hem-de arheologlaryň haýran galdyryjy açyşlary bilen bellidir. 

Myhmanlaryň belleýşi ýaly, gadymy Erkgalanyň we Gäwurgalanyň harabalary, öz üýtgeşik görnüşi bilen haýran galdyrýan Uly we Kiçi Gyzgala, Muhammed ibn Zeýdiň aramgähi we elbetde, Soltan Sanjaryň meşhur aramgähi olarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 

Türkmenistana gelip gidýän köp sanly myhmanlar üçin däp bolşy ýaly, Mary welaýatynda ýerleşen täsin balneologik şypahanasy aýratyn gyzyklanma döredýär. Howa aýratynlyklaryny göz öňünde tutanyňda,   “Baýramaly” şypahanasy böwrek kesellerini, şeýle hem ýürek-damar we aşgazan ulgamynyň kesellerini netijeli bejermek üçin täsirlidir. Bu ýere gelýänler we dynç alýanlar üçin ajaýyp şertler döredildi — şypahananyň täze binalary, onuň häzirki zaman lukmançylyk taýdan enjamlaşdyrylyşy, işgärleriň ýokary hünär derejesi bu merkeziň dünýäniň şunuň ýaly meşhur şypahana merkezlerine mynasyp bäsdeş bolup biljekdigine ynam döredýär. 

Soňra maslahat “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda öz işini dowam etdi. Mejlisde syýahatçylykda hyzmat etmegiň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine, saparlaryň mazmun esasynyň taryhy-medeni taýdan üstüniň ýetirilmeginiň, pudagyň mahabat-maglumat hem-de işgärler üpjünçiliginiň wajyp meselelerine garaldy. 

Bu baradaky gürrüňlere türkmen taryhçy alymlarynyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň hususy we döwlet syýahatçylyk guramalarynyň, türkmen-bolgar söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda aýratyn orun berildi. 

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň beýleki ýurtlardan bolan kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri hem geçirildi. Türkmen tarapy halkara hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny göz öňüne getirip, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk tekliplerini hödürledi. Şunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, milli syýahatçylyk taslamalarynyň halkara derejesinde maglumat taýdan goldanylmagy, myhmanhana hojalygyny guramak babatda tejribe alşylmagy, boş wagtyňy işjeň geçirmegiň düzümleri, ýurdumyzyň syýahatçylygyny ösdürmäge daşary ýurt maýasyny çekmek meseleleri we beýlekiler ileri tutulýan ugurlar bolup öňe saýlanýar. 

Daşary ýurtly hünärmenler Türkmenistanyň syýahatçylyk düzümini döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, oňa barha täze desgalary we çäkleri çekmek boýunça alnyp barylýan uly işler bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa myhmanlary türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga örän uly mümkinçilikleri berer. Şeýle hem degişli ylalaşyklary baglaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Degişli makalalar

Türkmenistanda Halkara Kitap Forumy Açyldy

syrach

Nakgaş Ata Akyýew: Metaforalar Sungaty we Dowamat Dowam Däpler

V Aziýa Oýunlarynyň Petekleriniň Halkara Satuwynyň Başlamagy Hakynda