Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary welaýatynyň merkezindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriler.
Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, milli oýunlary, baýramçylyk dessurlary dabara aýratyn öwüşgin çaýar. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň, muzeýleriň, neşir önümleriniň gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergi guralar. Onda Watanymyzyň azyk senagatynda we obasenagat toplumynda ýeten sepgitleri görkeziler.
Baýramçylyk maksatnamasyna belli tans we folklor toparlarynyň, tanymal artistleriň hem-de bagşylaryň çykyşlary giriziler. Dabara gatnaşyjylar milli tagamlary taýýarlamagyň usullary bilen tanşyp bilerler. Şöhratly ahalteke bedewleri, baýramçylygyň özboluşly bezegi bolar. “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guralar.