Ajaýyp bahar baýramynyň Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň Mejlisler merkezinde Garşsyz Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlarynyň hormatyna uly konsert geçirildi.
Türkmenistanda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ajaýyp bahar baýramy aýratyn mana beslenýär, çünki köp asyrlyk parasatly däpleri hem-de özboluşly milli dessurlary saklamakda zenanlara möhüm orun degişlidir.
Türkmen sungatynda zenanyň keşbi tagzym etmegiň, parahatçylyga bolan gatnaşygyňy beýan etmegiň, ylhamlaryň gözbaşy bolmak bilen, esasy orunda durupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň hem-de tutuş Gündogaryň şahyrlary we ýazyjylary, sazandalary hem-de suratkeşleri zenanyň gaýtalanmajak gözelligini asmanyň elýetmez nury bolan Günüň we Aýyň keşbine, owadan gülleriň tebigy gözelligine deňäpdirler, ajaýyp zenan gözleriniň çäksiz çuňlugyny wasp etdiler. Olar bize zenana-enä çuňňur hormat goýmagyň, uýalarymyza we gelinlerimize päk niýetli aýawly garamagyň şöhratly däplerini, ajaýyp zenanlary goramak we aýamak baradaky parasatly pentlerini miras goýdular.
Şu günki baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar bu milli däpleriň nesilden-nesle geçýändigini görkezdiler. Ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen aýal-gyzlar bu konsertiň tomaşaçylary boldy.
Şeýle hem oňa hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar we elbetde, dabaranyň esasy sebäpkärleri bolan zenanlar gatnaşdylar. Şol zenanlaryň arasynda zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda jemleýji tapgyry geçirilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşiginiň ýeňijileri bar.
“Dünýäň sallançagy enäň elinde” diýen edebi aýdym-sazly çykyş baýramçylyk konsertiniň ajaýyp başlangyjy boldy. Ony bäş welaýatyň halk döredijilik toparlary we “Miras” tans topary ýerine ýetirdi. Bu çykyşda ýurdumyzyň dürli sebitleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan hüwdileri ýaňlandy, tolgundyryjy ýagşylyk hem-de kiçigöwünlilik, kalby päklik we wepalylyk, deňsiz-taýsyz söýgi hem-de mylaýymlyk ýaly zenanyň keşbi bilen aýrylmaz baglanyşykly duýgular wasp edildi. Ýaş ýerine ýetirijiniň şahyrana ýüzlenmesi Watana, Enä, gözellige, zenan ýüreginiň paýhasyna bolan Sena bolup ýaňlandy. Ol watançylyk çykyşyny jemledi. Bu örän täsirli görkeziliş çykyşlaryň ählisine ajaýyp öwüşgin berdi.
“Dokmaçylar” folklor toparynyň täze taryhy eýýama, onuň döredijisi türkmen halkymyzyň Arkadagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan çykyşy oňa sazlaşykly goşuldy. Hut Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen zenanlarynyň ählitaraplaýyn zehininiň hakyky gülläp ösýän döwrüne öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz: “Türkmenistanyň zenanlary ýurdumyzyň buýsanjy we şöhraty” diýip nygtaýar.
Artistleriň çykyşlarynyň ýany bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda enelik hem-de çagalyk, zenanlaryň hukuklaryny goramak meselelerini çözmek, olaryň hünär we akyl-paýhas mümkinçiliginiň durmuşa geçirilmegi, döredijilik zehinleriniň açylmagy üçin hemme şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan uly hem-de asylly işlere şaýatlyk edýän wideoşekiller görkezildi.
“Ejemjana sowgat” diýen çykyşda çagalar tans toparlarynyň hem-de ýaş aýdymçylaryň tolgundyryjy çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan aýratyn mähir bilen garşylandy. Onda enelere we mamalara bolan söýgi eriş-argaç bolup geçýär.
Mährem zenanlaryň hormatyna sahnada meşhur opera ýerine ýetirijileri we estrada aýdymçylary özleriniň gaýtalanmajak sesleri bilen çykyş edip, zenanlara nusgawy saz eserlerinden çemen sowgat etdiler. Olar zenan bagty hem-de wepadarlygy, ene söýgüsi, mähriban topragymyzyň gaýtalanmajak gözelligi we gadam urýan mylaýym bahar barada aýdym aýtdylar.
Halk artistleriniň ýerine ýetirmeginde sazyň mylaýym owazy bilen sazlaşan türkmen nusgawy şahyrlarynyň setirleri ýaňlandy. Olar sazyň we tansyň dili bilen zenanlarymyzyň döredijilik ukyplary we zehinleri barada gürrüň berdi. Şol zehin-ukyplary olara Watanymyzyň çäklerinden alyslarda şöhrat getirdi.
Zergärlik sungaty, milli lybasyň owadanlygy hem-de kaşaňlygy “Älemgoşar” diýen çykyşda bir umumylyga utgaşdy. Paýtagtymyzyň Modalar öýüniň taýýarlamagynda gyzlar milli toý lybaslarynyň ajaýyp toplumyny görkezdiler. Olaryň her birini sungat eseri bilen deňeşdirmek mümkin.
Ýomakçylar ajaýyp zenanlarymyzy gülküli degişmeleri bilen begendirdiler.
Awstriýadan bolan dostlarymyz Wena operasynyň aýdymçysy Andreas Ýankowiç hem-de Werena te Best türkmen zenanlaryna gutlaglaryny beýan etdidiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde Wolfgang Amadeý Mosartyň operasyndan “Ženitba Figaro” ariýasy hem-de Frans Lagaryň “Wesýolaýa wdowa” diýen meşhur operettalarynyň birinden arialar ýaňlandy. Opera aýdymçylarynyň çykyşlarynyň ýany bilen köpsanly halkara bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýeleri bolan Ramin Ýustina Kolodsiý hem-de Damian Simko tarapyndan ýerine ýetirilen ajaýyp tanslar görkezildi.
Garaşsyz Watanymyza bolan ägirt uly buýsanç duýgusyna ýugrulan “Arkadagly döwrüň gelin-gyzlary” atly aýdym konsertiň belent heňdäki jemlemesine öwrüldi. Aýdymyň ýany bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent gadamlaryny beýan edýän wideşekiller görkezildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we ýolbaşçylygy netijesinde Türkmenistanda halkymyzyň bähbidine, söýgüli Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine beýik özgertmeler amala aşyrylýar.
Şu günler Halkara zenanlar gününiň hormatyna baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň iň oňat sahna we konsert meýdançalarynda, seýilgählerinde geçirilýär.