Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky dördünji çagyrylyş ýedinji maslahaty boldy, onuň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň çäklerinde täze kanunçylyk taslamalarynyň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Taýýarlanan resminamalaryň möhümdigini nazara almak bilen maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda bellenilişi ýaly raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem milli howpsuzlygy üpjün etmäge we döwletimiziň bähbitlerini berjaý etmäge ýardam etmek täze kanunlaryň esasy wezipeleridir. Hödürlenen kanun taslamalarynyň hemmesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň we halkara hukugynyň degişli kadalarynyň esasynda işlenip taýýarlanyldy hem-de milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň uzak möhletli geljeginde progresi we gülläp ösmegi üçin ygtybarly esasy üpjün etmäge ýardam eder.
Maslahatyň çäklerinde ilkinjileriň hatarynda «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna girizildi, şoňa laýyklykda ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion borjuny we Watanymyzy goramak baradaky borçlaryny durmuşa geçirmekleri maksady bilen bu ugurda hukuk taýdan düzgünleşdirmek amala aşyrylar. Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň düzgünlerine laýyklykda bu kanunçylyk resminamasynda Ýaragly Güýçler we harby düzümler, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklary we ýokarda atlandyrylan edaralaryň ýolbaşçylarynyň wezipä borçlary hakynda düşünjeleriň kesgitlemesi berilýär.
Kanun taslamasynda harby taýdan hasaba alnyşyny ýöretmäge, harby gulluga taýýarlanmaga, girişmäge we geçmäge, ätiýaçda bolmaga we başgalara degişli tertip kesgitlenildi. BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýasynyň düzgünlerini nazara almak bilen, ýurdumyzda harby gulluga çagyryş ýaşy 18 ýaşdan başlanyp kesgitlenildi, Türkmenistan bolsa şol Konwensiýa gatnaşyjy bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda harby gullugy geçmek üçin aňryçäk ýaş 30 ýaşdan 27 ýaşa çenli azaldyldy.
Soňra maslahatyň gün tertibiniň çäklerinde «Goranmak hakynda» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, ol milli Harby doktrinanyň esasy düzümlerini nazara almak bilen işlenilip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň goranyşyny guramagyň esaslaryny we meselelerini, döwlet hem-de ýerine ýetiriji edaralaryň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, goranmak hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybyny üpjün etmek babatda raýatlaryň, guramalaryň, edaralaryň we kärhanalaryň hem-de olaryň ýolbaşçylarynyň hukuklaryny we borçlaryny, şeýle hem goranmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçiligi düzgünleşdirýär.
Kanunyň täze taslamasy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki harby düzümleri hemmetaraplaýyn kämilleşdirmäge, harby gullugyň şertlerini gowulandyrmaga, türkmen esgerleriniň ýaş neslini ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, kanunylygy we harby düzün-nyzamy berkitmäge gönükdirilendir. Şu resminama türkmen döwletiniň goranyş ukybyny, özbaşdaklygyny we çäkleriniň bitewligini üpjün etmäge, döwlet howpsuzlygyna, şeýle hem Türkmenistanyň bellenilen tertipde halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegine ýardam eder.
Parlamentarileriň garamagyna hödürlenen möhüm resminamalaryň hatarynda «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ilkinji gezek işlenip taýýarlanylan taslamasy bar, ol agyz suwy bilen üpjünçiligi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirmegi maksat edinýär. Agyz suwy bilen üpjün etmegiň ulgamynyň işlemeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän kanunçylyk taslamasy Türkmenistanyň ilatyny oňat hilli agyz suwy bilen kepillendirip bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, täze Kanunynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de aýdyň beýan edilen ýagdaýda durmuş ugruna gönükdirilen Türkmenistanyň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek babatda möhüm ähmiýeti bardyr. Mälim bolşy ýaly, türkmenistanlylaryň saglygy, adamlaryň ähli babatda abadan we mynasyp durmuşy hakyndaky alada bu syýasatyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Onuň düýp mazmuny «Döwlet-adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýar.
Maslahatyň barşynda milli parlamentiň deputatlary ulanylýan milli kanunçylygyň we umumylykda kabul edilen halkara-hukuk kadalarynyň esasynda ýurdumyzyň gümrük ulgamynyň işini tertipleşdirmegi maksat edinýän «Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Kanunynyň taslamasyny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Degişli düzümleri kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda bu kanunçylyk resminamasy Türkmenistanyň daşary söwda işini mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder, munuň özi milli ykdysady strategiýanyň we biziň ýurdumyzda ýöredilýän «açyk gapylar» syýasatynyň hem-de gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hemmesi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk taslamalarynyň hatarynda «Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda» Kanunyň taslamasy bar, ol degişli saýlaw proseslerini düzgünleşdirýän we häzirki güne çenli Türkmenistanyň çäklerinde ulanylan kanunçylyk namalaryny bir bitewi resminama birleşdirdi. Ýurdumyzda saýlaw ulgamyny okgunly kämilleşdirmäge, häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen Kanunyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmagyň çäklerinde parlamentariler etrap, şäher we welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň öňde boljak saýlawlary mynasybetli onuň ähmiýetini bellediler, şol saýlawlar Türkmenistanda şu ýylyň dekabrynda geçiriler.
Milli parlamentiň maslahatynyň gün tertibiniň çäklerinde «Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», we «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Betewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna hem garaldy.
Maslahatda beýleki resminamalaryň hatarynda «Harby we harby-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa degişli Fakultatiw teswirnamany tassyklamak hakynda», «Halkara zähmet guramasynyň Çaga zähmetiniň iň agyr görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakynda Konwensiýasyny tassyklamak hakynda» we «Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Sportda dopinge garşy göreş hakynda halkara konwensiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda birnäçe guramaçylyk meselelerine hem garaldy.
Parlamentiň deputatlary ara alnyp maslahatlaşmaga girizilen kanunçylyk taslamalarynyň ählisiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň döwletimiziň milli bähbitlerini doly derejede nazara alýandygyny hem-de umumylykda kabul edilen halkara kadalarynyň we standartlarynyň berjaý edilmegini üpjün edýändigini belläp, olary biragyzdan makulladylar hem-de şol resminamalaryň kabul edilmegi üçin ses berdiler.
Maslahatyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar Mejlisiň häzirki maslahatynda garalan kanunçylyk namalary döwlet ösüşiniň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda halkymyzy abadançylygyny ýokarlandyrmagyň we Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm