Paýtagtymyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, toparyň ýakyn geljekde öňünde durýan möhüm wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak girizildi.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk we milli hem-de umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara daýanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, garaşsyz bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we ylalaşygyň berkidilmeginiň, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň bähbidine Hazarýaka döwletleriniň neitijeli gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny ugur edinýär. Şeýle hem ýurdumyz geljek nesiller üçin tebigy serişdeleri goramak we olary ösdürmek baradaky möhüm bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýär.
Hazar meselesi boýunça guralýan gepleşiklere işjeň gatnaşmak bilen,Türkmenistan milli derejede Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak boýunça ägirt uly işleri alyp barýar. Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hökümetara toparynyň netijeli işi muňa şaýatlyk edýär. Bu topap degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň Hazaryň türkmen kenarynda alyp barýan işlerini utgaşdyrmak, şeýle hem Hazar deňzi boýunça Milli hereketiň meýilnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi. Meýilnamada daşky gurşawyň senagat desgalary tarapyndan hapalanmagynyň öňüni almaga we ony aradan aýyrmaga, Hazaryň biologik köpdürlüligini saklamaga we biologik serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna hem-de önümçiligine gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.
Biziň ýurdumyz daşky gurşawy goramak babatda öňdäki orunlary eýeleýär we bar bolan ekologiýa meselelerini goňşy ýurtlar, Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlar, şeýle hem abraýly halkara guramalary, ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýygjam aragatnaşykda çözmäge hem-de olaryň öňünii almaga täze çemeleşmeleri öňe sürýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça kabul edilen möhüm halkara resminamalary, şol sanda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy, Hazar deňziniň gidrometerologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy we Hazar deňziniň suw serişdelerini saklamak hem-de ony netijeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygy görkezmek bolar.
Halkara bilermenleriniň kesgitlemegine görä, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan has amatly hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňde görüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny ekologiýa taýdan pugtalandyrmak, umumy ykrar edilen kadalary we hukuk ülňülerini nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň halkymyzyň ähli .babatda bagtyýar we abadan durmuş derejesiniň möhüm bölegi hökmünde döwlet derejesinde ykrar edilen ekologiýa ugry bilen berk baglanyşyklydyr.
Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan beýleki Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde Hazaryň ekologiýa maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdy. Bu maksatnamanyň çäklerinde 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) işlenip taýýarlanyldy we oňa gol çekildi. Ol Hazar deňzinde tebigaty goramak işiniň hukuk esaslarynyň binýadyny emele getirdi. Bu konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda ähli Hazarýaka döwletleriniň parlamentleriniň tassyklamagy bilen güýje girdi we şol döwürden bäri şol gün resmi ýagdaýda Hazaryň Halkara güni diýlip yglan edildi. BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky Maksatnamasynyň başlangyjy boýunça bu sene ähli Hazarýaka ýurtlary tarapyndan giňden bellenilýär.
Şol gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän çäreler döwletimiziň köpugurly ekolgiýa syýasatynyň giňden wagyz edilmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we giňeldilmegine, ekologiýa ulgamynyň, iri suw howdanynyň biologik köpdürlüliginiň we baýlyklarynyň saklanmagynyň hem-de ygtybarly goralmagynyň bähbidine tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilýär.
Ýeri gelende aýtsak, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar üçin ajaýyp şypahana merkezine öwrülýär. Onda ynsan bilen tebigatyň sazlaşykly gatnaşyklary, kenar ýakasynda döredilýän döwrerbap dynç alyş düzüminiň tebigy aýratynlyklar bilen utgaşmagy emele gelýär. Bu ýerde kaşaň myhmanhanalar, şypahana düzümleri, dynç alyş merkezleri ekologiýa howpsuzlygy boýunça halkara ülňülerine laýyk derejede bina edilýär.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň deňiz ulag düzüminiň ösdürilmegi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäginiň giňeldilmegi bilen Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem gojaman Hazaryň bioköpdürlüligini goramak hem-de saklamak boýunça geljekki çäreler toplumyny kesgitlediler.