“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi durnukly ösüş we dolandyryş” atly maslahat öz işini tamamlady. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guraldy.
Ozal habar berlişi ýaly, bu maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri DIM-niň, nebitgaz toplumynyň, gidrometeorologiýa, balyk hojalygy, syýahatçylyk, tebigaty goramak, deňiz ulaglary, adalat we beýleki birnäçe düzümleriň işgärleri gatnaşdylar. On günlük okuw maslahatyny BMG-niň ýöriteleşdirilen agentliklerinde– UNESKO-nyň Hökümetara okeangrafiýa toparynda (IOC UNESCO), Halkara deňiz guramasynda (IMO), BMG-niň Ösüş maksatnamasynda, Halkara deňiz guramasynyň howandarlygynda hereket edýän Halkara deňiz hukugy institutynda we Hazar ekologiýa maksatnamasynda iş tejribesini toplan ýurdumyzyň we daşary döwletleriň bilermenleri alyp bardylar.
Okuw tapgyrynyň diňleýjileri Adamzadyň umumy mirasynyň Dünýä ummanynyň konsepsiýasy, BMG-niň deňiz hukugy boýunça konwensiýasy, BMG-niň Sammitinde kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda gün tertibiniň” global maksatlary we wezipeleri, Halkara ummanlar institutynyň hem-de Global ekologiýa gaznasynyň işleri bilen tanyşdylar. Maslahatyň maksatnamasyna girizilen esasy meseleleriň arasynda Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ykdysadyýeti, deňiz söwdasyny, port düzümini, syýahatçylygy, gämiçiligi, balykçylygy ösdürmegiň ugurlary bar.
Bulardan başga-da, adamyň hojalyk işiniň daşky gurşawa täsirine baha bermegiň häzirki zaman usullary, kenarýaka zolaklaryny toplumlaýyn dolandyrmak, deňiz giňişligini meýilleşdirmek ýaly meseleler, şeýle hem tebigaty goramak, kartografiýa, geodeziýa, gidrografiýa, meteorologiýa, senagat we raýat gurluşygy hem-de beýleki ulgamlaryň dürli ugurlarynda peýdalanylýan tehnologiýalar öwrenildi. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny hem-de balyk gorlaryny goramak maksadynda nebit we gaz serişdelerini gözlemekde hem-de ulanmakda, gämiçiligi düzgünleşdirmekde ulanylýan halkara hukuk kadalarynyň synlary bilen tanyşdyryldy. Okuwlar amaly ýumuşlary ýerine ýetirmek bilen utgaşdyryldy.
Maslahatyň işiniň barşynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Ol kenarýaka döwletleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge we netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny döretmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda, Tähranda, Bakuda we Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi. Şol duşuşyklaryň her biri Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary has-da ilerletmekde ähmiýetli tapgyr boldy. Bu ugurda gazanylan ösüş sebitiň ýurtlarynyň Hazar deňzini dostluk we ylalaşyk deňzine öwürmäge ymtylmasynda agzybirdigine hem-de birek-birege ynanyşmagyň esasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär.
Maslahatda dünýäniň tebigy merjeni hasaplanýan Hazaryň ekologiýasyna uly üns berildi. Hazar sebiti Ýewraziýanyň möhüm ykdysady we energetika merkezleriniň birine öwrülýär, onuň ekologiýa howpsuzlygynyň bir bitewi hem-de mäkäm ulgamyny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýeti ýokarlanýar. Möhüm meseleleriň arasynda tebigaty oýlanyşykly peýdalanmak, biologik köpdürlüligi hem-de deňiz arassalygyny, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň wekilleriniň mesgenlerini gorap saklamak, biologik serişdeleri artdyrmak, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boldy. Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň ekologiýa maksatnamasyny işjeňleşdirmegiň maksada laýykdygy bellenildi. Ol öz döwründe Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň, şeýle hem abraýly halkara hyzmatdaş guramalaryň Global ekologiýa gaznasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň , BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň we Bütindünýä bankynyň tagallalaryny birleşdirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramagyň öň hatarlarynda çykyş edip, bar bolan we mümkin bolan ekologiýa meselelerini Hazarýaka döwletleri, iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda çözmäge bolan täze çemeleşmeleri teklip edýändigi aýratyn nygtaldy. Biziň ýurdumyzda Hazar meseleleri boýunça pudagara topary netijeli işleýär, onuň düzümine Daşary işler ministrliginiň, Nebitgaz senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Daşky guraşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň hem-de beýleki edaralaryň wekilleri girýär.
Häzirki wagtda halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan örän arassa bolup durýar. Munuň özi degişli ugurda işleriň yzygiderli we maksada laýyk geçirilmegi bilen düşündirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň taslamasy munuň aýdyň mysaly bolup, ol sebitiň dynç alyş kuwwatyny ulanmaga, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürmäge gönükdirilendir. Deňiz dynç alyş zolagyny ösdürmegiň geljegi we düzümi bilen tanyşdyrmak maksadynda maslahata gatnaşyjylar üçin gezelenç guraldy, olar Türkmenbaşy şäherine hem-de “Hazar” döwlet goraghanasyna baryp gördüler. Halkara deňiz portunyň gurluşygy bilen bir wagtda deňiz aýlagynda emeli adany döretmek taslamasy uly gyzyklanma döretdi. Meýdany 170 gektar bolan bu ada gyzylinjigiň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň hem-de beýleki guşlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan ýerine öwrüler. Syýahat edenler olary deňiz aýlagynyň gurşawynda synlamaga mümkinçilik aldylar.
Oňa gatnaşanlar maslahatyň işiniň netijelerini jemläp, okuw maslahatynyň uly amaly ähmiýeti barada gürrüň etdiler, maslahat olaryň ykdysadyýet, ekologiýa, durnukly ösüş, halkara hukugy babatda bilimlerini artdyrdy. Hususan-da, degişli ministrlikleriň we edaralaryň hünärmenleri alan maglumatlaryny Hazarda işleriň dürli görnüşlerini düzgünleşdirýän täze döwletara ylalaşyklarynyň, şol sanda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň (Tähran konwensiýasy) üstüni ýetirjek resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamakda ulanmagy maksat edinýärler.
Okuwlaryň diňleýjilerine güwänamalary gowşurmak dabarasynda çykyş eden maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hazarda halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin çäksiz hoşallyk bildirip, her ýyl geçirilýän çäräniň ýokary derejede guralandygyny bellediler. Onuň barşynda sebitiň durnukly ösüşiniň möhüm wezipeleri we meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ýere ýygnananlar iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilermenleriň, alymlaryň, döwlet düzümleriniň gatnaşyklarynyň täze görnüşlerini ýola goýmak maksadynda şunuň ýaly çäreleri geçirmegi dowam etmek barada bir pikire geldiler.