9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Hazar: Umumy Maksatlaryň Bähbidine Sebitleýin Hyzmatdaşlyk

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly sebit okuw maslahaty öz işine başlady. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, daşky gurşawy goramak, ummanlary öwrenmek, deňiz hukugy ulgamlarynda halkara bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. 

Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörgelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orun eýeläp, parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkarar etmek, Hazar deňziniň sebitinde giň netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek, Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işine uly goşant goşýar. 

Öz işiniň ugry boýunça Hazar bilen meşgullanýan pudaklarda–nebitgaz pudagynda, gidrometerologiýada, balyk hojalygynda, syýahatçylykda, tebigaty goramakda, deňiz ulaglary babatda, hukuk ulgamynda we beýlekilerde ulgamlaýyn taýýarlyk, bilim bermek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak Hazar giňişliginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk etmeginiň bir görnüşi bolup durýar. “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahatynyň baş maksady hem şunda jemlenýär. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy bilen Halkara ummanlar institutynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda, indi yzly-yzyna dördünji gezek “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär. 

10 günlük okuwyň maksatnamasy ilatyň ýaşaýşynyň ekologiýa we durmuş ugurlarynyň derejesi bilen döwletleriň ykdysady ösüşini sazlaşdyrmaga gönükdirilen alternatiw dünýä ykdysadyýetine geçmäge degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. 

Adamzadyň durnukly ösüşini üpjün etmekde hem-de häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde Ýer ýüzünde ýaşaýşyň sallançagy we onuň has-da rowaçlanmagynyň girewi bolup durýan Dünýä ummanyna esasy orun berilýär. Ýagyş we içimlik suwy, howa, azyk, bejeriş serişdeleri–bularyň ählisi planetamyzyň dörtden üç bölegini tutýan ummanlar hem-de deňizler tarapyndan berilýär we sazlaşdyrylýar. “Ummanyň ýaşyl ykdysadyýeti” durmuşymyzda merkezi orny tutýar – bu Halkara ummanlar institutynyň hormatly prezidenti doktor Awni Behnamyň okuw maslahatyna gatnaşyjylara hödürlän “Adamzadyň umumy mirasynyň konsepsiýasy” atly çykyşynyň esasy pikiri bolup durýar. 

Bellenilişi ýaly, bu konsepsiýa Hazara hem doly derejede degişlidir. Hazar bir tarapdan, akmaýan deňiz-köl, beýleki tarapdan bolsa suw kanallary arkaly Dünýä ummany bilen bagly bolup durýar. Amatly geografiki ýerleşişi, baý nebitgaz, balyk hem-de beýleki tebigy serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini Ýewraziýanyň depginli ösýän senagat, ulag we dynç alyş merkezine öwürdi. Bu ýerde Hazaryň ekologiýa howpsuzlygynyň bitewi hem-de berk ulgamy döretmek babatda ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak şonça-da ähmiýetli ýagdaýa öwrülýär. 

Müňýyllygy ösdürmegiň maksatlary hem-de anyk aýdylanda, Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Bas Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň Sammitinde geçen ýylyň sentýabrynda kabul edilen “2030-nji ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda gün tertibi” okuw maslahatynyň işiniň ilkinji gününiň barşynda jikme-jik garalan meselä öwrüldi. Bu möhüm maksatlaýyn resminama ählumumy maksatlaryň 17-sini hem-de şolar bilen baglanyşykly wezipeleriň 169-syny özünde jemleýär. Olary durmuşa geçirmäge ýakyn 15 ýylda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary gönükdiriler. 

Hususan-da, bular gymmat bolmadyk, ygtybarly hem-de häzirki zaman energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmekdir, ykdysady ösüşe we iş bilen doly üpjün edilmäge, azyk howpsuzlygyna hem-de oba hojalygyny ösdürmäge, senagatlaşdyrmaga we innowasiýalara ýardam etmekdir, şeýle hem suw serişdelerini aýawly peýdalanmakdyr, howanyň üýtgemegine we onuň täsirlerine garşy göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmekdir, ummanlary, deňizleri we olaryň serişdelerini goramakdyr hem-de aýawly peýdalanmakdyr, çölleşmä garşy göreşmekdir, biologik köpdürlüligini gorap saklamakdyr we beýlekilerdir. 

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň täze ählumumy strategiýasyny işläp düzmäge örän işjeň gatnaşandygyny belläp geçmek gerek. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde saýlanyp alnan döwletleriň hataryna girdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik pikirlerine hem-de durmuşyň ähli ulgamlarynda ösüşlere beslenen özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirýän we durmuş-ykdysady babatda täsin galdyrýan üstünlikleri gazanan Türkmen döwletiniň oňyn tejribesine dünýä jemgyýetçiliginiň barha artýan gyzyklanmasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

Okuw maslahatyndaky çykyşlarda BMG-niň Bas Assambleýasynyň, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynyň hem-de beýleki iri maslahatlaryň mejlislerinde Türkmenistanyň Baştutanynyň daşky gurşawy goramak babatda öňe süren halkara başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak, täsin biologik toplumy, hakykatdan-da, bütin adamzadyň gymmatlygy bolup durýan Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyk etmegiň köptaraply iş guralyny döretmek hakynda teklipler bar. 

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň deňiz hukugy babatda Konwensiýasynyň meseleleri boýunça, Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmekde hökümetara we hökümete degişli däl guramalarynyň hem-de Gün tertibi-2030-yň tutýan orunlary barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. 

Okuw maslahatynyň maksatnamasyna “Ummanlaryň baýlygy we Hazar deňziniň ykdysadyýeti”, “Deňizdäki söwda, portlar we deňiz menzilleri”, “Syýahatçylyk we ekosyýahatçylyk”, “Köptaraplaýyn diplomatiýa we gatnaşyk etmegiň endikleri”, “Türkmenistanda Ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamalary”, “Hazar deňziniň nebit we gaz serişdelerini agtarmak we ulanmak babatda halkara hukugynyň peýdalanylyşy “, “Hazar deňzinde gämiçiligiň halkara düzgünleşdirilmegi”, “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny we balyk gorlaryny gorap saklamak üçin halkara hukugynyň, düzümleriň we edaralaryň peýdalanylmagy”, “Deňiz ekoulgamlary we durnukly ösüş” , “Deňiz bioköpdürlüligi”, “Daşky gurşawa täsir edilmelere baha berlişi”, “Kenarýaka zolaklaryň toplumlaýyn dolandyrylyşy”, “Deňiz giňişliginiň meýilleşdirilişi”, “Hazar deňziniň sebiti: söwda-ykdysady we arabaglanyşyk” ýaly meseleler hem-de beýlekiler girizildi. 

BMG-niň ýöriteleşdirilen agentliklerine wekilçilik edýän halkara bilermenleri—ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik toparynyň, Halkara deňiz guramasynyň, BMG-nyň Ösuş maksatnamasynyň, şeýle hem Halkara deňiz guramasynyň howandarlygynda hereket edýän Deňiz hukugy babatda halkara institutynyň hem-de Hazar ekologiýa maksatnamasynyň işgärleri tanyşdyrylyş bilen çykyş ederler. 

Okuw maslahaty 17-nji martda tamamlanar.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Sloweniýa Respublikasyna Resmi Sapary

syrach

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň strategiýasy.

syrach