9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
TEHNOLOGİÝA

Hazardan “Jeýtuna” çenli.

“Dragon Oýl” kompaniýasy 2014-nji ýylda Hazatyň türkmen kenarynda “Çeleken” şertnamalaýyn çäklerde nebitiň bir gije-gündüziň dowamynda çykarylyşyny 85 000 barrele çenli ýetirdi. 

Nebitgazly ýataklar, kompaniýanyň häzirki wagtda alyp barýan gazuw işlerini geçirýän ýerleri, heniz geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda işlenildi. Şonuň üçin hem kompaniýa gazyp almak işlerini hem köne, hem täze guýylaryň köp sanlysyny ulanmak arkaly alyp barýar. “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýa hökmünde 14 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen önümi paýlaşmak barada şertnama (ÖPŞ ) baglaşdy. Bu ýerde 14 ýylyň dowamynda nebitiň gazylyp alynşy bir günüň dowamynda ortaça 2000-nji ýylda 7000 barrelden 2014-nji III çäreginiň ahyryna çenli ýagdaýa görä 80000 barrele çenli ýetdi. ÖPS-iň şertlerine laýyklykda, kompaniýanyň operator hökmünde şertnamalaýyn ýataklarda nebiti we gazy işläp taýýarlamak we gazyp almak barada 25 ýyllyk ygtyýarnamasy bardyr. 

Kenardan “Jeýtun” deňiz nebitgaz ýatagyna çenli “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň nebitçilerine hyzmat edýän tizlikli ýöreýän kater bilen bir sagatlyk ýol bar. Kompaniýa häzirki zaman stasionar platformalaryň kömegi bilen uglewododrod çig malyny gazyp almagy we ulanyş burawyny alyp barýar. 

Biziň hyzmatdaşymyz “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklaryny özleşdirmek üçin ABŞ-niň 3,9 milliard dollaryny goýdy we maýa goýumlaryny artdyrmagy dowam etdirýärler. 2014-2016-njy ýyllarda “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” “Çeleken” şertnamalaýyn çäkleri özleşdirmäge ABŞ-niň 1,5 milliard dollaryny, şol sanda 2014-nji ýylda ABŞ-niň 500 million dollaryny goýmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýa 2015-nji ýyla uglewododrodlaryň gazylyp alynşyny epesli artdyrmagy hem-de nebitiň bir günde çykarylyşyny 100 000 barrele ýetirmegi maksat edinýär. 



Bu çäklerdäki gurluşlaryy özleşdirmäge maýa goýumlary “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasyndan 2000-nji ýyldan gelip başlady. Şu ýyllaryň içinde deňiz ýaýrawynda guýularyň 90-sy burawlandy. Bu ýerde platformalaryň altysy guruldy, ýene-de ikisi gurulýar, bir wagtyň özünde könelen platformalaryň durky täzelenilýär. Nebitçiler häzirki wagtda iki sany täze enjamlar – öz-özi göterýän “Elima” we “Neptun” hem-de deňiz stasionar plarformalarda gurnalan iki sany ýerüsti – «SAKSON» и «NIS» enjamlaryň kömegi bilen burawlaýarlar. Şu aýda bu ýataga ýene-de bir «Caspian Driller» buraw platformasy gelip gowuşdy. Kompaniýa 2014-nji ýylda guýularyň 16-17-ni we 2015-nji ýylda 20-sini burawlamagy göz öňünde tutýar. Buraw işleriniň birbada enjamlaryň bäşisi bilen alnyp barylmagy ýataklaryň özleşdirilişini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. 

Meýilnamada – gazylyp alynýan önümleriň möçberini köpeltmäge maýa goýumlaryny artdyrmak, täze platformalary, uglewododrd çig malyny daşamak ulgamyny gurmak, nebit guýujy terminalyny döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemk, ugurdaş gazy we nebitgaz böleginiň beýleki desgalaryny taýýarlamak boýunça kuwwatlyklary döretmek bellenilýär. 

Kompaniýa tarapyndan gurulan kenar desgalarynyň biri hem nebiti toplumlaýan taýýarlaýan we ony guýýan sehdir. Kompaniýanyň hünärmenleri kuwwatlyklary artdyrmak üçin nebitden emulsiýany we suwy sepatirlemek üçin goşmaça peji, çig nebiti we beýleki önümleri daşamak üçin magistral liniýasyny gurdular hem-de ulanyşa berdiler. Her biri göwrümi 8 müň kubmetr bolan nebiti saklamak üçin niýetlenen uly gaplaryň üçüsi ulanyşa berildi. Golaý wagtda ýene-de her biriniň göwrümi 20000 kub bolan uly gaplaryň üçüsi we göwrümi 40000 kub bolan uly gaplaryň 5-si gurular. Goşmaça nebit saklanylýan ammarlaryň we turba geçirijileriň gurulmagynyň hasabyna “Alaja” hebit guýulýan nokatda bir wagtyň özünde tankerleriň ikisini ýüklemäge mümkinçilik döredi. Bu bolsa kompaniýanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy. 

Ýakynda “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy Hazaryň ýalpaklarynda işleýän “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd” kompaniýasy bilen tehniki howpsuzluk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada memoranduma gol çekdi. Munuň bilen kompaniýa korporatiw jogapkärçiliginiň ýokary derejesini kesgitledi. 

Kompaniýanyň deňizdäki ýataklarynda we kenardaky desgalarynda daşky gurşawyň howpsuzlygyna we goraglylygyna gözegçiligi üpjün edýän hünärmenleriň sany we derejesi epesli artdy. Tehniki howpsuzlygyny, nebitiň deňize guýulmagynyň we suwda bolmagynyň öňüni almagy okatmak boýunça maksatnama işlenilip düzüldi. Soňky ýyllarda adatdan daşary ýagdýlar ýüze çykan ýagdaýynda ewakuasiýa çärelerine taýýarlygy ýokarlandyrmaga mümkünçiligi bolan tizlikli ýöreýän deňiz gämileriniň sany düýpli artdy, çig nebitiň deňze dökülmeginiň öňüni almak boýunça enjamlar satyn alyndy. 

Kompaniýa Hazar deňziniň giňişliklerini goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyny berk berjaý etmek bilen, nebit işlerini ýerine ýetirýär hem-de nol zyňyndy syýasatyna eýerýär. 

Daşky gurşawy goramak hakyndaky maksatnama laýyklykda kompaniýa 2013-nji ýylda galyndy poligonyny ulanmaga berdi. Onda önümçilik işleriniň galyndylary bolan buraw şlamy, gaty we durmuş galyndylary ulanylýar. Bu bolsa Çeleken ýarym adasynda daşky gurşawy ýýetirilýän zyýany epesli azaltdy. 

Häzirki wagtda kompaniýada işleýänleriň 93 göterimi türkmenistanlylardyr. Ýerli işgärleri taýýarlamak maksatnamasy işlenilip taýýarlandy. Onuň çäklerinde kompaniýada işgärleri kämilleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak üçin okuw merkezi işleýär. 

Nebit kompaniýasynyň senagat işi Hazar şäheriniň ýakynynda ýerleşýär. Kompaniýa bu ýerde ýerli häkimiýetler we ilat bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy her ýylda howandarlyk edýän mekdepleriniň we çagalar baglarynyň okuw otaglaryny we kömekçi jaýlaryny tapgyrlaýyn düýpli abatlaýyş işlerini geçirýär. Kompaniýa bu işlerde Türkmenistanyň özüni görkezen gurluşyk kompaniýalaryny çekmek bilen, bu işler üçin epesli maddy serişdeler goýýar. Kompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna şäheriň mekdepleriniň ählisi üçin multimediýa diskleri we gerek bolan kompýuter tehnikasy satyn alyndy. 

“Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň işjeň gatnaşmagynda Hazar şäherinde Saglyk öýüni gurmagyň taslamasy amala aşyryldy. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu lykmanüylyk edarasy her ýylda ýerli ýaşaýjylaryň onlarçasyny kabul etmäge mümkinçiligi bolar. Şäher hassahanasy hem hazirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Hassahananyň dezinfeksiýa bölümi we kenarýaka şäheriniň beýleki saglygy goraýyş desgalary gurulýar we olar gerek bolan enjamlar bilen üpjün ediler. 

Kompaniýa medeni-köpçülikleýin we sport çärelerini geçirmegi guramaga yzygiderli ýardam berýär. Her ýylda Hazar şäher sport komiteti bilen bilelikde woleýbol, basketbol, boks we futbol boýunça “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň Kubogyny almak boýunça açyk birinjiligi geçirilýär. Kompaniýanyň ýardam bermeginde mekdepleriň futbol toparlarynyň möwsümleýin birinjiligi geçirilýär. 

Hazar şäheriniň medeniýet bölüminiň ylalaşygy bilen “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasynyň hünärmenleri ýerli Medeniýet öýüniň durkuny täzelemk we oňa ýanaşyk ýerleri abanlaşdyrmak barada konsepsiýany işläp düzdüler. Bu düýpli taslama boýunça işleri indiki ýylda başlamak göz öňünde tutulýär.

Degişli makalalar

Täze Tehnikalar Nebitçileriň Işiniň Depginini Ýokarlandyrmaga Ýardam Eder

syrach

Türkmen Hemrasy-Häzirki Zaman Telearagatnaşyk Ulgamynyň Ösüşiniň Alamaty

syrach

Onlaýn-Duşuşykda Case New Holland Kompaniýasy Bilen Hyzmatdaşlgyň Ugurlary Ara Alnyp Maslahatlaşyldy