16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Hazaryň Hukuk Derejesini Kesgitlemek Boýunça Iş Toparynyň Mejlisi

Paýtagtymyzda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň nobatdaky 43-nji mejlisi açyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, uzak möhletleýin döwletara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki işleriň çäklerinde geçirilýän bäştaraplaýyn duşuşygy guramak wezipesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň üstüne ýüklenildi. 

Mejlisiň birinji gününiň barşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary esasy meseleler boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem öz döwletleriniň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň aýry-aýry düzgünleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler. Bu resminama Hazarda dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryň hukuk kadalaryny berkitmäge gönükdirilendir. 

Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan umumy deňziň halkara – hukuk derejesini kesgitlemek boýunça ylalaşylan, özara kabul ederlikli çözgüdi işläp taýýarlamagyň möhümdigine düşünmek bilen, geljekde hem öz hyzmatdaşlary bilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň gutarnykly görnüşini işjeň gözläp tapmagy maksat edinýär. Bu konwensiýa Hazar deňzinde halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk çäklerini kesgitlejek binýatlyk resminama bolup hyzmat eder. 

Şu ýylyň 22-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde, hususan-da, Türkmenistanyň Hazar sebitinde parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy saklamagyň tarapdary bolmak bilen, kenarýaka goňşy döwletler bilen milli bähbitleri nazara almagyň hem-de Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak we aýawly saklamak boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde umumy tagallalary birleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady. 

Geçirilen işleriň möhümdigini bellemek bilen, iş toparynyň agzalary bilelikde ara alyp maslahatlaşmagyň Hazarýaka döwletlerine öz garaýyşlaryny ýakynlaşdyrmaga hem-de anyk netijeleri gazanmaga mümkinçilik berendigini nygtadylar. 

Wagtyň görkezişi ýaly, ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyklar sebitiň ýurtlarynyň arasynda hil taýdan täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edip, möhüm halkara-hukuk resminamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek üçin örän netijeli meýdança öwrüldi. Olar dünýäde iň uly içerki suw giňişliginiň hukuk derejesi babatda ylalaşyga ýakynlaşdyrdy. 

Mysal üçin, 2014-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň dördünji duşuşygynda möhüm resminamalar – Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk, şeýle hem Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk hem-de Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk kabul edildi. Olaryň birinjisi seýrek duş gelýän balyklary, ozaly bilen, bekre balyklaryny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleri bilelikde amala aşyrmak üçin hukuk binýadyny döretdi. 

Şeýle hem Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň hem-de Hazar deňziniň eýe bolan ägirt uly tebigy – serişde, energetika, senagat, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn amala aşyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ol Ýewraziýanyň okgunly ösýän geosyýasy we ykdysady merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz sebiti durnukly ösdürmek maksadynda milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden beýan eden möhüm başlangyçlary, şol sanda Hazaryň hemişelik hereket edýän Ykdysady forumyny döretmek hem-de strategik taýdan möhüm ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda teklip bilen çykyş etdi. 

Kenarýaka ýurtlaryň ulag ulgamlarynyň özara goşulyşmagynyň, sebit we dünýä derejelerinde multimodal ýük daşamalaryny utgaşdyrmagy üpjün etmegiň möhümdigini nazara almak bilen, Türkmenistan Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de Hazar sebit ulag-logistik merkezini döretmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamagy maksada laýyk diýip hasaplaýar. 

Şunda Hazar meselesi boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň oňa gatnaşýanlaryň hemmesiniň bähbitlerini nazara almak bilen geçirilmegi, şol gepleşikleriň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanmagy hem-de diňe şeýle şertlerde umumy çözgütleri we ylalaşyklary gazanmak mümkinçiligi Bitarap Türkmenistanyň nukdaýnazarynyň esasyny düzýär. Ine, şonuň üçin hem biziň ýurdumyz Hazar boýunça esasy bäştaraplaýyn resminamany işläp taýýarlamaga onuň dostluk we ylalaşyk deňzi diýen derejesini berkitmek babatda strategik wezipä çemeleşmek hökmünde garaýar. 

Mejlisiň gün tertibine meseleleriň bir topary, ilkinji nobatda, Hazaryň biologik serişdelerini goramak we aýawly saklamak bilen bagly meseleler girizildi. Bu meseleler häzir kenarýaka döwletleriň hemmesinde aýratyn ynjalyksyzlyk döredýär. 

Mejlise gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary ösdürmegi we giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, yzygiderli geňeşmeleri dowam etmegiň möhümdigini bellediler. 

Şeýlelikde, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň nukdaýnazarlaryny ýakynlaşdyrmak boýunça täze möhüm ädime öwrülen duşuşyk taraplaryň binýatlyk resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy çaltlandyrmagy maksat edinýändigini nobatdaky gezek tassyklady. Hazary parahatçylygyň we abadançylygyň zolagyna öwürmek meseleleri kenarýaka ýurtlaryň hemmesiniň özygtyýarlylygyny we milli bähbitlerini hormatlamak ýörelgelerinde çözmegiň aýdyň mysaly şol resminamanyň kesgiteýji häsiýetnamasy bolup durýar. Hazarýaka ýurtlaryň halklaryny bolsa dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we ygtybarly hyzmatdaşlygyň köpasyrlyk gatnaşyklary birleşdirýär. 

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň mejlisi öz işini dowam eder.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Ulag we Energetika Diplomatiýasy Atly Maslahat Geçirildi.

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

syrach