Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça degişli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Sebitiň ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda eýeleýän orny we ähmiýeti, sanly ykdysadyýet hem-de aýratyn ykdysady zolaklar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy. Şeýle hem gün tertibine bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri baradaky mesele girizildi.
Duşuşykda dünýä geoykdysady üýtgemeleriň häzirki tapgyrynda sebitleriň hyzmatdaşlygynyň guralynyň diňe bir ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň guraly hökmünde däl-de, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde möhüm şert bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamy özüniň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, ählumumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän iri taslamalaryň başyny başlaýar.
Häzirki zaman şertlerinde hökümetleriň, ugurdaş ykdysady edaralaryň hem-de Hazarda işlemäge gyzyklanma bildirýän işewür düzümleriň arasynda göni gatnaşyklar üçin ýörite meýdançany döretmek zerurlygy ýüze çykýar.
Bu babatda şu günler Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde dürli görnüşde geçirilýän duşuşyklar, şol sanda şu gezekki çäre täsirli ädim boldy, onuň jemleri her bir tarapyň milli bähbitlerini hasaba almak bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, sebitiň durnukly ykdysady ösüşi üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaga ýardam berer.
Daşary ýurtly wekiliýetleriň baştutanlary wekilçilikli forumyň ýokary derejede guralandygy üçin, türkmen Liderine çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, bu ulgamda Hazarýaka döwletleriň oňyn hyzmatdaşlygynyň belent maksatlara ýetmegiň bähbidine tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilendigini nygtadylar. Häzirki döwürde geosyýasy we geoykdysady ölçegleriň ählumumy ulgamynda Hazaryň orny we ähmiýeti barha ýokarlanýar. Sebitde doly derejeli hyzmatdaşlygyň okgunly giňeldilmegi bäş ýurduň ählisiniň hem syýasy ugruna doly laýyk gelýär.
«Bilelikdäki ösüş arkaly durnuklylyk» çemeleşmesi hyzmatdaşlaryň netijeli görnüşi hökmünde saýlanyp alyndy, ol her bir Hazarýaka döwletiň ykdysady zerurlyklaryny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralýan forumyň öz wagtynda geçirilýändigi bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, makrosebit goşulyşmagy üçin ykdysadyýetleriň bilelikde utgaşmagy häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda 2018-nji ýylyň awgust aýynda V Hazar sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň möhümdigine üns çekildi. Hazarda ykdysady ösüşi üpjün etmek ugrunda strategiki möhüm ähmiýetli bolan bu halkara şertnamanyň ähmiýeti dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur bolan hukuk şertlerini döretmekden ybarat bolup durýar.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin garaýyşlaryň ýakynlygyny tapmaga ýardam eder. Tutuşlygyna alnanda, sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri durnukly ösüşiň ýokary depginlerini saklap galmak hem-de olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy üçin ygtybarly binýada eýedir.
Içerki we daşarky bazarlarda bäsleşigiň barha güýçlenýän häzirki şertlerinde Hazarýaka döwletleriň uly senagat we maýa goýum mümkinçilikleri möhüm wezipeleri çözmek üçin hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmelidir. Netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde wekiliýetleriň baştutanlary ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, Hazarýaka sebiti deňhukuklylyk we uzak möhletleýin esasda toplumlaýyn hyzmatdaşlyk giňişligine öwürmek, bu ýerde amatly maýa goýum ýagdaýyny kemala getirmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmäge özara gyzyklanmany kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar bular barada aýtmak bilen, bilelikdäki döwletara maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek baradaky pikiri öňe sürdüler.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda maýa goýumlar ulgamynda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň biziň döwletimiziň köpugurly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny üpjün edýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan düýpli özgertmeler syýasatynyň üstünliklere beslenmegi netijesinde oňyn görkezijilere eýe bolýan milli ykdysadyýetimize daşary ýurtly maýadarlaryň iri möçberli serişdeleri gönükdirmäge taýýardygy ýurdumyza uly abraýa we mümkinçiliklere eýe bolan ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ýokary ynamyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki kärhanalary döretmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda ýörite, erkin ykdysady zolaklary (EYZ) kemala getirmek we ösdürmek meselelerinde tejribeleriň alşylmagyna aýratyn üns berildi, häzirki wagtda şeýle zolaklar dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. EYZ-laryň döredilmeginiň milli ykdysadyýetleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrjakdygyny, Hazarýaka döwletleriň eksport mümkinçiliklerini giňeltjekdigini hem-de ahyrky netijede ýurtlaryň gülläp ösmegine we halklaryň abadançylygyna hyzmat etjekdigini çykyş edenler bellediler.
Şunda ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri ýatlatmak ýerlikli bolar. Mysal üçin, döwlet Baştutanymyzyň ýörite Karary bilen degişli Konsepsiýa tassyklanyldy, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi içerki sarp ediş bazarynyň harytlar bilen doly üpjün edilmegine, ilat üçin iş orunlarynyň döredilmegine, býujete daşary ýurt pullarynyň gelip gowuşýan möçberleriniň artdyrylmagyna, şeýle hem tehnologiýalaryň we häzirki zaman dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberleriniň ýokarlanmagyna ýardam eder.
Sanly ykdysadyýet ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi, ol sebitiň ähli ýurtlarynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde öňe sürülýär. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman dünýäsini maglumatlar tehnologiýalary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl, bu tehnologiýalar dürli ulgamlaryň işiniň görnüşlerini özgertdi we ýeňletdi, täze bazar mümkinçiliklerini açdy.
Sanly düzümleriň peýda bolmagy, kompýuter tehnologiýalarynyň ösdürilmegi maglumatlar ulgamlarynda uly mümkinçilikleri döredýär, olaryň jemgyýetiň ykdysady durmuşyna ornaşdyrylmagy bolsa sanly ykdysadyýetiň binýadyny kemala getirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda mundan beýläkki hereketleriň bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşyldy, munuň özi Hazarýaka döwletleriň işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam berer.
Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasynyň kabul edilendigini bellemek gerek, onda bu Konsepsiýanyň amala aşyrylmagynyň usullary we gurallary, garaşylýan netijeler anyk kesgitlenýär. Bu maksatnamalaýyn resminamanyň esasy ugurlarynyň biri ähli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmakdan, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar bar bolan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem söwda-ykdysady meseleler boýunça kanunçylyk namalaryny, standartlary, kadalary we statistika maglumatlary alyşmagyň maksada laýyklygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şertnamalaýyn binýady pugtalandyrmak barada teklip aýdyldy.
Wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek gün tertibiniň meseleleriniň biridir, munuň özi geljekde sebitiň ykdysady ösüşine oňyn täsir eder.
Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen topragynda Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki çäreleriň geçirilmeginiň barşynda türkmen topragynda bildirilen mähirli myhmansöýerlik, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň bähbidine ähli asylly başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny ýene-de bir gezek beýan etdiler.
Ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, bu çäre has giň ölçeglerde ykdysady diplomatiýanyň ösdürilmegine hem-de söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berer, sebitiň ägirt uly serişdeler, ykdysady we ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin täze giňişlikleri açar.