6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Hazaryň Kenarýakasynda VII Halkara Gaz Kongresi Öz Işine Başlady

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde VII Halkara gaz kongresi hem-de onuň bilen bagly guralýan halkara sergisi açyldy. Energetika pudagynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen bu iri forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we söwda-senagat edarasy gurady.

Türkmenistanyň energetika strategiýasynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek hem-de eksport ugurlary boýunça “mawy ýangyjyň” uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmek babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşygy işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, alternatiw ugurlaryň durmuşa geçirilmegi häzir diňe bir bähbitli täjirçilik taslama bolmagyndan has giň ähmiýete eýe bolýar. Dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine islegleriň yzygiderli artýan häzirki şertlerinde hut energetika ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, eksport ugurlaryň çäklerine täze ýurtlaryň we sebitleriň goşulmagy dünýä ykdysadyýetine-de, ählumumy energetika howpsuzlygyna-da zerur bolan durnuklylygy bermäge ukyplydyr.

Türkmen Lideriniň häzirki zaman dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna bolan şeýle garaýşynyň ynamlylygy ýurdumyzda indi ýedinji gezek geçirilýän bu Halkara kongrese gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi bilen hem tassyklanýar. Ine, şu ýyl foruma dünýäniň 40-a ýakyn ýurdundan 400-e golaý adam —  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler hem-de iri nebitgaz kompaniýalaryň, innowasion merkezleriň, maliýe we taslama institutlaryň wekilleri, bilermenler, Amerika, Ýewropa hem-de Aziýa ýurtlaryndan ýörite hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriň we ylmy-barlag institutlaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň, abraýly halkara guramalaryň baştutanlary, daşary ýutlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Munuň özi ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tebigy gazyň ägirt uly gorlary halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanylan Türkmenistanyň abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Tebigy gaz—bu energiýa serişdeleriň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, ekologiýa taýdan arassa ýangyçdyr, şeýle hem organiki sintez üçin ajaýyp çig maldyr. Dünýä bazarynyň ýagdaýlary nazara alnyp, ýangyjyň bu görnüşine bolan gyzyklanma ýyl-ýyldan artýar. 

Şu gün günüň birinji ýarymynda halkara gatnaşyklary, hyzmatdaşlyk hem-de öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin häzirki zaman meýdançasy bolan Kongresler merkezinde Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresiniň öň ýanyndaky halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň hem-de ýurdumyzyň pudaklaýyn kärhanalarynyň we birleşikleriniň ýolbaşçylary, bilermenleri hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

13-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu sergini geçirmegiň maksady daşary ýurtly myhmanlary esasy çig mallar, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklary hem-de ony ösdürmegiň geljegi bilen içgin tanyşdyrmakdan ybaratdyr. 

Daşary ýurtly gatnaşyjylar känleri işlemek, gazy hem-de gaz kondensatyny çykarmak, arassalamak we gaýtadan işlemek, suwuklandyrylan gazy öndürmek hem-de “mawy ýangyjy” içerki we daşarky sarp edijilere ibermek babatda öz işläp taýýarlamalaryny hem-de gazananlaryny görkezdiler. 

Sergide ýurdumyzyň konsernleri we nebitgaz senagatynyň iri kärhanalary önümçilik, maýa goýum, täjirçilik ugurlary hem-de öz işleriniň durmuş-ykdysady taraplary boýunça dürli diwarlyk görkezdiler.

Soňra Halkara gaz kongresiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Hindistandan, Eýrandan we beýleki döwletlerden uly wekiliýet gatnaşdy. Türkmen tarapyndan foruma Hökümetiň, Nebit we gaz ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, pudaklaýyn döwlet konsernleriň hem-de institutlaryň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşýar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara kongrese we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly höwes bilen diňlediler. Gutlagda döwletimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça iri maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu halkara Gaz kongresiniň we çärä bagyşlanyp geçirilýän serginiň ähmiýetiniň örän uludygy bellenilýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy nygtalýar. Gaz pudagyny ösdürmek, şeýle hem nebithimiýa we gazhimiýa önümçiligini ýola goýmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ugurlarda özara bähbitli sebit we dünýä derejesindäki halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmäge, dünýäde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünär ugurly ministrlikleriniň, dünýäniň birnäçe nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary Halkara gaz kongresiniň işiniň başyny başlady. 

Forumyň birinji gününiň esasy meseleleri tebigy gaz bazaryna syn bermek we dünýäniň gaz pudagynda Türkmenistanyň tutýan orny, eksport bazarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ygtybarly hem-de durnukly üstaşyr geçirmek, känleri gözläp tapmagyň we işläp taýýarlamagyň innowasion usullary, gazy gaýtadan işleýän senagat ýaly meseleler boldy. 

Maslahatyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy, göni daşary ýurt maýa goýumlary, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny peýdalanmak, uglewodorod gorlaryny oýlanyşykly işlemek ýaly häzirki wagtyň wajyp meseleleri hem giňden beýan edildi.  

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan türkmen tebigy gazynyň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmakdan hem-de energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmagyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmekden ugur alýar, bu bolsa öz gezeginde döwrüň has uly wezipesiniň – ählumumy energetika howpsuzlygynyň çözülmegini üpjün eder. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umuman, ýangyç-energetika syýasatyny, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ibermek ulgamynda hereketleriniň yzygiderliligini hem-de döwletimiziň hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşygynda ugur alýan ýörelgelerini kesgitleýän esasy ýagdaýdyr.     

Energiýa serişdeleriniň geçirijiler arkaly iberilmegi – munuň özi iri halkara işewürliginiň görnüşleriniň biri bolup, oňa isleg hemişe durnukly ýokarydyr we düzgün bolşy ýaly, teklipler artýar. Bu ýagdaýy ýönekeý düşündirmek bolar: ählumumy ykdysadyýet energetika çig malynyň, ilkinji nobatda, geljekde dünýä ykdysadyýetiniň esasy “ýangyjy” bolmagynda galýan uglewodorodyň barha köp möçberlerine mätäç bolar. Şu şertlerde ýangyç çig malyny esasy öndürijileriň, şol sanda Türkmenistanyň eksport kuwwatyny ösdürmäge, olary üstaşyr geçirmegiň hem-da sarp edijilere ýetirmegiň ýaýbaň, häzirki zaman we netijeli düzümini döretmäge gyzyklanmagy hem dogrudyr. 

Bar bolan serişde binýadyna, öz geografik taýdan ýerleşişiniň aýratynlyklaryna baglylykda, öndüriji ýurtlar ibermegiň täze bazarlaryny we elbetde, olara tarap iň gysga we amatly ugurlary işjeň gözleýärler. Munuň özi hemme nukdaýnazardan çig mal öndüriji, öz milli bähbitlerini ileri tutmaga-da, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge işjeň ýardam bermäge-de jogapkärli çemeleşýän türkmen döwletiniň örän dogry ýörelgesidir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Tähranda geçirilen maslahatynda nygtaýşy ýaly, halkara energetika ulgamyna täze sebitleri we bazarlary çekmek dünýäde senagat önümçiligine, söwdany ösdürmäge, maýa goýumlarynyň artmagyna goşmaça kuwwatly itergi berer, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer, bu bolsa sebitleriň we döwletleriň syýasy ýagdaýlarynyň durnuklaşmagyna örän oňat täsir eder. 

Hut şeýle çemeleşme hem-de Türkmenistanyň uglewodorod çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň örän baý energetika döwleti hökmünde umumy ykrar edilen derejesi ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryna hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýokary gyzyklanmasyny şertlendirýär. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamda amala aşyrylýan iri taslamalaryň biri “Galkynyş” ägirt uly gaz känini senagat taýdan özleşdirmekdir.  

“Türkmengaz” döwlet konserniniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyran “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan enjamlaşdyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde bir ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy bina edildi.

Bu ýatagy özleşdirmegiň ikinji we üçünji tapgyrlaryna-da badalga berildi. Şolarda hem gazy arassalaýjy desgalaryň täze toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Hemme işler tamamlanandan soň,  arassalanylýan tebigy gazyň jemi möçberi 93 milliard kub metre barabar bolar. Toplumyň tehnologiýa desgalary bolsa her ýylda kükürdiň birnäçe million tonnasyny we kondensatyň ýüzlerçe müň tonnasyny işläp çykarmaga mümkinçilik berer. 

Bu käni özleşdirmek boýunça uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylýandygy sebäpli-de örän wajypdyr. “Galkynyş” gaz käni bu gaz geçirijiniň esasy çig mal çeşmesi bolar. Gaz ýatagyň bu toplumyndan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserni 30-a golaý gaz we gaz kondensat ýataklaryny işläp taýýarlaýar. Olaryň hatarynda “Döwletabat” we “Şatlyk”, iri gaz ýataklary bolan “Malaý”, “Kerpiçli”, “Gazlydepe”, “Bagaja”, “Ýelguýy” hem-de beýlekiler bar. Ulanylýan guýularyň gaznasy 1000 birlige barabardyr.

Tebigy gazyň düzüminde bar bolan serişdeleri, ýagny, metany, etany hem-de beýlekileri çalt satylýan önümleri almak bilen himiki taýdan gaýtadan işlemek çykyşlaryň aýratyn meselesi boldy. Tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologiki yzygiderliliginiň döredilmegi örän uly netije berýär: gazy himiki taýdan gaýtadan işlemegiň çuňlaşdyrylmagyna görä, alynýan himiki önümleriň bahasynyň çalt ýokarlanmagy bolup geçýär. Türkmen ykdysadyýetiniň bu senagat ulgamynda önümçiligi güýçlendirmegiň wajypdygy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ençeme gezek, şol sanda Türkmenistanyň Ýaşulular Maslahatynda-da aýtdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazy himiki taýdan düýpli gaýtadan işlemek boýunça işler örän depginli alnyp barylýar—Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürjek zawodlar hem-de Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetik benzin öndürjek zawod gurulýar. Ýakyn geljekde gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça ýene-de birnäçe taslamalary durmuşa geçirmäge başlamak meýilleşdirilýär, bu bolsa ýurdumyzyň çalt ösýän gazhimiýa pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga itergi berýär. 

Bilermenleriň çaklamalaryna görä, tebigy gaz we gazhimiýa dünýä ykdysadyýetinde hem-de XXI asyryň energetikasynda geçen ýüzýyllykda nebitiň we nebithimiýanyň tutan orny ýaly orna eýe bolar. 

Käbir çykyşlar önümçilige häzirki zaman tehnikalaryny, gaz pudagynda dünýä ylmynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýokary netijeli, doly awtomatlaşdyrylan hem-de telemehanizirlenen tehnologiki enjamlaryň giňden peýdalanylmagyna bagyşlandy.  

Forumyň gün tertibine ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň müdirliginiň düzüminde ýakynda geçirilen özgertmelere, “Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegine, iri taslamalara, şol sanda Hazar deňzindäki taslamalara degişli meseleler girizildi. 

Umuman, kongresiň işiniň birinji gününiň çäklerinde dünýäniň ählumumy energetika bazarynda, hususan-da, Aziýa sebitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatynyň barha artýan orny bellenildi. Foruma gatnaşyjylar,  sebitiň ösdürilmegi üçin hereket edýän Hytaýa, Eýrana tarap gaz geçirijileriň möhüm halkara ähmiýetini, gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan turba geçirijisiniň, şonuň ýaly-da, Ýewropa ugruna tarap taslamalary hasaba alanyňdaky işleriň möhümligini nygtadylar.

Ertir VII Halkara gaz kongresi we oňa bagyşlanan pudaklaýyn sergi öz işini dowam eder.

Degişli makalalar

Köneürgenjiň Pagta Egriji Fabriginiň Önümleriniň 80 Göterimi Daşary Ýurtlara Ugradylýar

turkmenhabargullugy

(TENDER) Türkmennebit Demirgazyk Goturdepe Ýatagynda Guýulary Gurmak Boýunça Halkara Bäsleşigini Yglan Etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýurdumyzy 2019-2025-nji Ýyllarda Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmek Boýunça Maksatnamasy

turkmenhabargullugy