14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
DURMUŞ

Häzirki Zaman Modasynyň Milli Öwüşginleri

Aşgabatda milli geýimleriň nusgalaryny taýýarlaýjylaryň we bezegçileriniň bäsleşigi ilkinji sapar geçiriler. 

Biziň ýurdumyzda her ýylyň iýun aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenip geçilýän Dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň baýramçylygyna bagyşlanyp her ýylda halkara sergisiniň çäklerinde “Çeper eller” ady bilen bäsleşik geçirilýär. 

Bäsleşigiň esasy maksady bolsa – ýüpegi taýýarlamagyň, dokmaçylygy gowy bilýänler, el işleriniň örän inçe syrlaryny bilýän halk senetkär zenanlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän modalary bezegçileriniň döredijilik gözleglerini goldamak we höweslendirmek bolup durýar. 

Türkmen nusga taýýarlaýjylarynyň görkezýän kolleksiýalary nirede görkezilse-de özüniň ýagty, reňklere baý öwüşgini bilen tapawutlanýar. Aşgabatda ýa-da ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlarynda, beýleki kontinentlerde döwrebaplaşdyrylan türkmen milli lybaslary tomaşaçylaryň uly el çarpyşmalaryna mynasyp bolýar, gündogar ertekileriniň gahryman zenanlarynyň hakyky keşbine öwrülýär, lybaslaryň nepisden inçe taýýarlanylmagy, olaryň özboluşlylygy çuňňur medeni-taryhy syrlary öz goýnunda saklaýarlar. 

Bu günki gün dünýäniň modalar öýleriniň ählisi diýen ýaly gündogar äheňine uly üns berýärler. Ýöne Gündogaryň öz ýoly bar. Moda barada aýdylanda bolsa – bu owadanlygyň, sazlaşygyň we usulyň düýbünden aýratyn duýgusydyr.Ilkinji nobatda her-hili halk dessurlarynyň – işewürlik eşiklerinde , gündelik, agşamlyk we toý lybaslarynda beýik dabaralanmalaryň notajyklaryny özünde jemleýän nusgawy lybaslardan başlap ekzotiki taýdan üýtgemegine çenli el işleriniň, halk dessurlarynyň beýanyny özünde jemleýär 

Häzirki zaman modasynda hem gaýtadan dikeldilen folklor temasy örän beýik we dabaraly ýaňlanýar. Häzirki zaman äheňlerine gadymy zaman usullarynyň girizilmegi we däp-dessurlaryň toplumlaýyn alamatlary abraýly halkara görkezişlerine we sergilerine gatnaşýan türkmen nusga taýýarlaýjylarynyň kolleksiýalaryna gaýtalanmajak owadanlygy salýar. Onuň netijesinde bolsa, olara mahsus bolan bezegler modalar dünýäsiniň hünärmenlerine belli boldy: ol milli lybaslaryň milli aýratynlyklaryny we möwsümiň aýdyň etnografiki alamatlaryny has aýdyň beýan edýär. 

Türkmen lybas bezeýjileriniň iň gowy görýän matalarynyň biri hem aýratyn tehnologiýalar boýunça elde dokalýan ketenidir. Müsüriň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň meşhur muzeýlerinde orta asyrlarda Gündogarda diňe bir ajaýyp kümmetleri, iri kitaphanalary, obserwatoriýalary bilen tapawutlanman, eýsem modalaryň kanunçylygynda we estetiki däp-dessurlara, ýokary çeper medeniýeti bilen hem meşhur bolan gadymy türkmen şäheri bolan Merwde (häzirki Mary) taýýarlanan dürli reňkli ýüpek matalarynyň nusgalary saklanýar. Merwde taýýarlanan matalar Gündogaryň we Günbataryň bazarlarynda uly islegden paýdalanypdyr. Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürde ýüpek günorta Türkmenistana Hytaýdan gelip gowşupdyr, ýöne takmynan biziň eýýamymyzdan öňki V-VI asyrlarda Hytaýda ýüpek pilesi monopoliýa bolmagyny bes edipdir. Şol döwürde ýüpekçilik Merwde döräpdir, ondan ýüpek matalar Wizantiýa aralaşypdyr. 

Moda, bu babatda daşa öwrülen berk dessurlar oňa pozitiw ornuny berenok. Türkmen nusga taýýarlaýjylary keteniden agşamky we toý bezegleri üçin hakyky fantastiki kolleksiýalary döredýärler. Nusgalaryň köpüsi elde taýýarlanaylýar, olary gaýtalamak mümkin däl diýen ýalydyr. Elde taýýarlanan nagyşlar köýnekleriň gürrüňsiz bezegi bolup durýar, nagyşlary taýýarlamaga bolsa aýlar, käwagtlar bolsa ýyllap wagt gidýär. 

Bezegçiler milli lybaslary batyrgaý baýlaşdyrmak bilen, ony has funksional we tehnologiki edýärler, köp babatda onuň nusgalyk keşbini saklap galýarlar. Olar diňe bir baý mirasdan alman, eýsem olara döredijilik taýdan çemeleşip, bezegi bolmadyk, ýöne sazlaşyk, erkinlik we özboluşlylygy bolan “gözbaşlara” gaýdyp gelýärler. Bu ýerde näziklik, inçelik emeli taýdan taýýarlanyşa garşy bolup durýar hem-de hakykylyk we tebigylyk ör boýuna galýar. Şeýle lybaslaryň her biri öz taryhy, her bir zenanyň duýgurluk, inçeden yzarlamak düşünjesi barada gürrüň berýär. Milli lybaslarda gadymy däp-dessurlaryň häzirki zaman görnüşleri bilen sazlaşdyrylmagy adatdan daşary netijeleri we baýlaşdyrylan öwüşgünleri berýär. 

Aşgabatda geýimleriň türkmen we daşary ýurt nusga taýýarlaýjylarynyň bezeg işleriniň görkezilmegi indi däbe öwrüldi. Indi türkmen nusga taýýarlaýjylary iň owadan bezeg işleriniň ilkinji milli bäsleşigine gatnaşarlar.

Degişli makalalar

Idrisbaba bilimler mekany.

syrach

Aşgabatda dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIII maslahaty boldy

syrach

Gyş Möwsümine Taýýarlyk

syrach