Watanymyzyň döredijilik we ösüş ýolundaky batly gadamlary.
Tiz wagtdan biz örän uly wakalaryň şaýady bolarys. Noýabr aýynyň aýaklarynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçiriler. BMG-niň howandarlygynda geçirilýän bu ýokary derejeli maslahat Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň dabaraly açylyşyna gabatlanýar.
Türkmenistanyň we Owganystanyň çäklerinden geçýän täze demir ýoly Aziýa—Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginler bilen ösýän döwletlerine çykalga açar. Şeýlelikde, bu geçelge Aziýany we Ýewropany birleşdirýän halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegi bolar. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň hem-de Günorta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň, şol sanda Pars aýlagynyň döwletleriniň arasynda geoykdysady aragatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegine ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde belleýşi ýaly, Ýewraziýa yklymynyň strategik ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz möhüm ulag üstaşyr we logistik merkezi hökmünde ynamly berkarar bolýar. Parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty ýöredýän Bitarap Türkmenistan giň gerimli düzüm taslamalarynyň başyny başlamak we amala aşyrmak bilen, özara bähbitli ykdysady döwletara hem-de sebitara gatnaşyklary berkitmäge uly goşant goşýar.
Mejlisde şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemi jemlendi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,3 göterim, gurluşykda 4,5 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 10,3 göterim, söwdada 14,7 göterim, oba hojalygynda 11,3 göterim hem-de hyzmatlar ulgamynda 9,7 göterim ýokarlandy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi hem artdy. Sarp edilýän harytlaryň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy. Ýurdumyzyň kärhanalarynda aýlyk zähmet haklary 9,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyz boýunça şu ýylyň ýanwar—oktýabr aýlarynyň deslapky jemleri boýunça «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde durmuş maksatly binalaryň 45-siniň, 3142,8 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň, 909,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Şunuň bilen birlikde, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 25-siniň, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 65-siniň, 769,3 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Ykdysadyýetimizi senagat taýdan ösdürmek maksady bilen kabul edilen welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 208-siniň gurluşygy tamamlandy. Täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi netijesinde, 18 müň 294 täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmäge hem mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny hem-de bilim we ylym, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny mundan beýläk hem güýçli depgin bilen ösdürmegi üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe takyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem milli Liderimiz Döwlet býujetini düýpli işlemegiň we Mejlisiň deputatlarynyň kabul etmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ministrlikleri we pudak edaralaryny 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary tassyklanan meýilnama laýyklykda ýokary derejede guramaga we geçirmäge borçly edýän Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 31-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna, milli we sebit ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ýerlerde işleriň ýagdaýyna garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, geçen hepdede döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäklerinde Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu ýerde ýene bir ýyldan-da az wagtdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Aziada—2017-niň guramaçylyk meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki şeýle derejedäki ýaryşlar Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler we olara Aziýa ýurtlaryndan başga-da, Okeaniýa ýurtlary (Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň hem-de Mikroneziýanyň köp sanly ada döwletleri) gatnaşar.
Olimpiýa şäherjiginde milli Liderimiziň garamagyna myhmanlaryň dynç almagy üçin niýetlenen zalyň taslamalary, maketler, ägirt uly sport toplumynyň düzümine girýän hem-de 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionynyň teklip edilýän atlarynyň görnüşleri hödürlendi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada—2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de sportuň öňümizdäki oýunlaryň maksatnamasyna girizilen dürli görnüşleri boýunça synag ýaryşlarynyň geçirilişi barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.
«Aziada—2017» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrar. Çünki şeýle derejedäki wakalar köpugurly halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär, dostlukly hem-de işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitde we dünýäde özara ynanyşmak hem-de düşünişmek ýagdaýynyň ýola goýulmagyna ýardam edýär hem-de milli ykdysadyýetiň, medeniýetiň we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşini höweslendirýär.
Halkara derejeli wakalaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine 1-nji noýabrda bolan iş sapary bar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany RF-iň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirdi. Bu sapar we onuň çäklerinde ýokary derejede geçirilen türkmen-russiýa duşuşygy iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, taraplaryň ikisiniň hem mundan beýläk-de umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny, onuň häzirki ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen ösdürmegiň, ýakyn we uzakmöhletleýin geljek üçin ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri iki döwletiň arasynda, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, birinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde syýasy gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha bermek bilen, söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini, ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ýaly dürli ugurlary öz içine alýan ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.
Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, esasy senagat, ylym-bilim we medeniýet merkezleriniň arasynda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Olaryň hatarynda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri hem-de Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bar.
Döwletleriň ikisi üçin hem strategik ulgam bolan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmeklik ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Biziň ýurtlarymyzyň ikisi hem ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan dünýä derejesindäki energetika döwletleri bolup durýar.
Ulag ulgamynda hem üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, amatly ýerleşýändigini we geosyýasy ýagdaýyny nazara almak bilen, ýurdumyz bu ugurda sebit hem-de sebitara ähmiýetli utgaşykly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýar hem-de yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ulgamdaky halkara başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda kabul eden ýörite Kararnamalarynyň ikisi hem-de noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçiriljekdigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanda hem-de Russiýa Federasiýasynda yzygiderli guralýan medeni çäreler — döredijilik festiwallary, forumlar, sergiler, kino günleri, sungat ussatlarynyň konsertleri, sirk artistleriniň çykyşlary we beýleki çäreler özboluşly dostluk hem-de özara düşünişmek köprüleri bolup durýar. Özara esasda geçirilýän Medeniýet günleri hem bu babatda däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Şu ýylyň awgust aýynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Wladimir şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Bu çäre türkmen-russiýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna, baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge saldamly goşant boldy.
5-nji noýabrda Türkmenistanda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy tarapyndan guralan «Mosfilm» günleriniň açylmagy munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. 9-njy noýabra çenli dowam etjek, Moskwanyň kinostudiýalarynyň nusgawy filmleriniň görkezilmegi diňe bir Aşgabadyň kinoteatrlarynda däl, Türkmenabat we Mary şäherleriniň kinoteatrlarynda hem bolar. Bu döredijilik çäresi kino sungatynyň köp sanly muşdaklary üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen, kinematografiýa ulgamynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ösmegine hem ýardam eder.
Syny dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ulugbek Rozukulowyň duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemek gerek. Saparyň çäklerinde myhmanlar Daşoguz welaýatynda bolup, Bagtyýar Zaman täze obasyna bardylar. Bu obanyň açylyşy şu ýylyň iýun aýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bolupdy. Şonda hormatly Prezidentimiziň hut özi täze göçüp gelenleri tüýs ýürekden gutlapdy. Olaryň arasynda özbek maşgalalary hem bardy. Mundan başga-da, özbek wekiliýeti Sadulla Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde hem boldy. Türkmen myhmansöýerligine hem-de goňşa hormat goýmak däplerine eýerilip, myhmanlar “Türkmenhowaýollary” milli gullugynyň uçarynyň hyzmatyndan peýdalandylar. Olar bu uçarda öz watanlaryna ugradylar. Munuň özi bolsa biziň halklarymyzyň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ýene bir gezek aýdyň ýüze çykmasy boldy.
Zenanlaryň bütinhytaý federasiýasynyň başlygynyň orunbasary hanym Suý Ýuýyň baştutanlygynda Aşgabada gelen Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti Mejlisde we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşinde we ýene-de birnäçe duşuşyklary geçirdi. Zenanlaryň iki ýurduň jemgyýetçilik syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, ynsanperwer ulgamynda halkara aragatnaşyklaryň berkidilmegine degişli meseleler söhbetdeşligiň esasy meseleleri boldy.
Aşgabatda geçen VI Türkmen-german lukmançylyk maslahaty saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Maslahata Germaniýanyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleri, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny işläp taýýarlaýan iri kompaniýalaryň hünärmenleri hem-de GFR-iň dürli şäherlerinden esasy hassahanalaryň meşhur alym-professorlary, şeýle hem ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, şypahana-bejeriş edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibi saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň milli strategiýasynyň möhüm ugurlaryny öz içine aldy. Maslahatda häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň wajyp ugurlaryna, hususan-da, süýji diabetini, çagalarda hem-de ulularda onkologiýa kesellerini bejermekde ulanylýan netijeli usullara we barlaglara hem-de endokrinologiýa we fizioterapiýa ulgamynda toplanan tejribelere aýratyn üns berildi.
Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri gullugyň döredilmeginiň 25 ýyllyk şanly senesini bellediler. Türkmenistanyň Merkezi bankynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygyna gabatlanyp, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysady ulgamyň düzümleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň, Garaşsyzlyk ýyllary içinde bank ulgamynyň ösüşi, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan özgertmeleriň ähmiýeti, sebit we halkara maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk barada çykyşlar edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletimizi ösdürmegiň täze tapgyrynda öňe süren ileri tutulýan esasy wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek wezipeleri bolup, olar adamzadyň ruhy genji- hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmaga hem-de ony mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam edýär. Aşgabatda geçen «Görogly» şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy maslahatyň hem esasyny hut şu maksatlar düzýär. Maslahata dünýäniň 15 döwletinden daşary ýurt ylmy toparlarynyň wekilleri, iri medeni merkezleriň ýolbaşçylary, taryhçylar, Gündogary öwrenijiler, sungaty öwrenijiler, dilçiler hem-de edebiýatşynaslar, kitaphanalaryň we muzeýleriň hünärmenleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň çözgüdi esasynda «Görogly» şadessany Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Pikir alyşmagyň barşynda, medeniýetleriň özara täsiriniň, halk däplerini, döredijiligini öwrenmegiň, maddy däl ruhy mirasy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bilen ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygy bellenildi.
Hepdäniň sport wakalarynyň hatarynda paýtagtymyzda erkin göreş boýunça 2000 — 2002-nji ýylda doglan kadetleriň arasynda geçirilen Aşgabadyň açyk çempionatyny bellemek bolar. Bu ýaryş Türkmenistanyň ähli künjeklerinden pälwanlaryň 400-e golaýyny özünde jemledi. Umumytoparlaýyn hasapda birinji orna paýtagtymyzyň «Olimp» sport mekdebiniň türgenleri mynasyp boldular.
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempiony diýen hormatly ady özünde sakladylar. Aragatnaşyk ministrliginiň topary bir hepde mundan ozal eýelän baýraklary bolan Türkmenistanyň Kubogynyň üstüne milli birinjiligiň altyn medalyny goşmagy hem başardylar. Indi bu topar Aziýa toparlarynyň arasynda geçirilýän ýaryşlarda ähmiýeti boýunça ikinji bolan Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) kubogy ugrundaky ýaryşda 2017-nji ýylda Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk gazandy.
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda 5-6-njy noýabrda basketbol boýunça halkara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa gatnaşmak üçin Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Aşgabada geldiler. Türkmenistan ýer eýelerine berilýän hukuklardan peýdalanyp, ýaryşa erkekleriň we zenanlaryň birnäçe ýygyndy toparyny goşdy. Ýöne, şeýle derejeli ýaryşlarda san taýdan artykmaçlyk ýeňşiň kepili däldir. Türkmen türgenleriniň ahyrky netijede ýeňiş gazanmaklary olaryň aýgytly hem-de maksadaokgunly çykyş edendiklerinden we türgenleşik işleriniň netijeli bolandygyndan, şeýle hem sport bilen meşgullanmak üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilendiginden habar berýär. Şu ýerde stritbol diýlip atlandyrylýan 3×3 basketbolyň 2020-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna girizilmeginiň dalaşgär sport görnüşleriniň arasynda iň bir esasy görnüşdigini belläp geçýäris.
… Türkmenistan iň täze taryhynyň nobatdaky ýene bir sahypasyny agdaryp, ynamly öňe barýar. Geçen hepdäniň wakalary hem muňa aýdyň şaýatlyk edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyna ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirýän giň göwrümli özgertmeleriniň üstünlikli hasyl bolýandygy barada täze setirleri ýazdy.